Sepleriň elýeterliligi

Güýç gurluşlarynyň ähli ýolbaçysy öňki wezipelerinde galdyryldy


Aşgabat, harby aýallar

Aşgabat, harby aýallar

Türkmenistanyň prezident saýlawyndan soň dargadylan hökümetiniň harby we kanun goraýjy ýolbaşçylarynyň hemmesi täze hökümete girizildi, ýagny öňki wezipelerine gaýtadan bellenildi.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni, 23-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, «Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryny» wezipä belledi.

Prezidentiň kararyna laýyklykda, general-polkownik Ýaýlym Berdiýew goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine bellendi. Ol goranmak ministri we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekrtary wezipelerinde 2015-nji ýylyň okýatbryndan bäri işleýär.

General-maýor Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellendi, ol bu wezipä ozal 2016-njy ýylyň martynda bellenipdi.

Polkownik Döwrangeldi Baýramow milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenildi. Ol bu wezipä ilkinji gezek 2016-njy ýylyň martynda bellenildi. Ýöne ýerli synçylar onuň täze hökümetde hem ornunda galmagyna garaşmaýardylar, sebäbi ol geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda prezidentiň berk we ýöne käýinçlerini alypdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2016-njy ýylyň 16-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde Baýramowyň«wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän pudagynda tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadandygy» aýdylypdy. Şol bir wagtda bu iki käýinjiň arkasynda anyk nämeleriň ýatandygy aýdylmaýar.

Polisiýanyň general-maýory, 2009-njy ýylyň maýyndan bäri içeri işler ministri bolup işleýän Isgender Mulikow hem öňki wezipesinde galdyryldy.

Ýogsa Mulikow hem geçmişde, «talabalaýyk ýolbaşçylyk etmändigi, işgärleri saýlap-seçip almak işlerini göwnejaý guramandygy... üçin»berk käýinç hem-de wezipeden boşadylmak duýduryşyny alypdy. Ýöne ol bu wezipe birnäçe ýyl içinde bellenen üçünji ministr bolupdy.

Ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi, 2013-nji ýylyň awgustyndan bäri Baş prokuror bolup işleýän Amanmyrat Hallyýew hem öňki ornunda galdyryldy.

Prezident Ýokary suduň başlygy Begenç Çaryýewe hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy. Ol bu wezipede 2013-nji ýyldan bäri işleýär.

Polkownik Mämmethan Çakyýew Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine – 2016-njy ýylyň martyndan bäri işleýär, polkownik Meýlis Nobatow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine – 2015-nji ýylyň awgustyndan bäri işleýär, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmyrat Muhammedow adalat ministri wezipesine – 2013-nji ýylyň awgustyndan bäri işleýär - bellenildi.

«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakyndaky» kanuna laýyklykda, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylary, baş prokuror we Ýokary suduň başlygy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bolýarlar.

Soňky ýigrimi ýylda Türkmenistanyň güýç gurluşlarynyň öňki ýolbaşçylarynyň ençemesi dürli jenaýatlarda aýyplanyp, at-derejeden we emläklerinden mahrum edilip, türmä basyldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG