Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Importy dollara we telekeçilere girizilen çäklendirmeler 'bökdeýär'


Aşgabadyň "Ors bazarynda" söwda edýän ýaşuly

Aşgabadyň "Ors bazarynda" söwda edýän ýaşuly

Türkmenistanda önümçiligiň batly depginde ösmegi ýurduň importa bolan garaşlylygyny pese gaçyryp, eksportyň göwrümini artdyrdy diýip, türkmen döwlet habarlar gullugy ýazýar. Emma käbir ýerli synçylar ýurtda importyň pese gaçmagyny dollaryň söwdasyna we telekeçilere girizilen çäklendirmeler bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, ýurduň importy 2016-njy ýylda 2015-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 6,2 prosent peseldi. Umumy söwda dolanyşygy bolsa, 10 prosent ýokarlandy.

“Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümçilikleriň ösüşi ýurdumyza getirilýän käbir önümleriň görnüşleriniň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berdi” diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanylýan maglumatda, ýurtda eksportyň ösüşiniň dürli pudaklara esaslanýandygyna üns çekilse-de, bu görkezijilere tebigy gazyň söwdasynyň hem degişlidigi ýa-da däldigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Harytlara talap bar, emma...

Mundan başga-da, türkmen mediasynyň habarynda daşary ýurtlardan sarp ediş harytlarynyň, azyk önümleriniň, mebel önümleriniň getirilişiniň 20% azalandygy bellenilýär.

Emma Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda importyň pese gaçyp, eksportyň artmagynyň dollaryň söwdasyna we telekeçilere girizilen çäklendirmeler bilen baglydygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýurtda daşary ýurt harytlaryna bolan talap dowam edýär, emma bu harytlary getirmek düzgünleri bolsa barha kynlaşýar.

“Türkmenistanda ýurduň özünde öndürilýän harytlaryň ýurduň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýandygy sebäpli importyň pese gaçandygyny aýdyp bilmeris. Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde belli bir derejede işlere amal edilýär. Ýöne şolar ýurduň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutardan ýa az derejede, eger şol derejede öndürilýänem bolsa, onda onuň hili pes derejede. Adamlaram bahasy gymmat bolsa-da, gowy zady, ýagny import edilen önümleri aljak bolýarlar. Ýöne soňky döwürde dollaryň söwdasyna, telekçilere, olaryň puly konwertasiýa etmegine girizilen çäklendirmeler importyň mukdaryny azaltdy diýip bileris” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Çäklendirmeler

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, amerikan dollarynyň nagt satuwy doly ýatyrylyp, şondan soň onuň söwdasyna-da ençeme çäklendirmeler girizildi. Munuň netijesinde, ýurtda resmi taýdan 1 dollar 3,50 manat möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň gara bazardaky nyrhy 7 manada çenli ýokarlandy. Bu bolsa, biznesi daşary ýurt walýutasyna bagly bolan telekeçilere ýaramaz täsir ýetirdi.

Mundanam başga, telekeçileriň walýuta operasiýalaryna, şol sanda pul birlikleriniň awtomatiki konwertasiýasyna ençeme tapgyr çäklendirme girizildi.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda hususy telekeçileriň öz bank hasaplaryndaky pullaryny ýerli manada nagtlaşdyryp bilýän mukdaryna çäklendirme girizildi. "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň berýän maglumatyna görä, mundan beýläk telekeçiler öz hasaplaryndan her aýda diňe 3 müň 500 manady (resmi kursa görä 1000 $) alyp bilerler. Mundan owal bu görkeziji 35 müň manada (10000 $) çenli ýetýärdi.

Türkmenistanda indi bir ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň özünde öndürilýän harytlaryň ýurduň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutmalydygy, bu babatda ägirt uly işleriň edilýändigi barada ýokary derejede gürrüň edilýär. Emma ýerli synçylar bu “gürrüňleriň gürrüňligine galýandygyny, hakyky reallyklaryň bolsa düýbünden başgadygyny” aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG