Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Pakistanda gepleşik geçirýär


Yslamabat. YHG sammitine gatnaşýan liderleriň portretleri
Yslamabat. YHG sammitine gatnaşýan liderleriň portretleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XIII sammitinde çykyş edip, soňky ýyllarda YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsir ýetirýändigini belledi.

Bu türkmen lideriniň gaýtadan, üçünji möhlete prezident saýlanandan soň daşary ýurda edýän ilkinji sapary bolup, onuň dowamynda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Azat Ýewropa, Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikirine görä, türkmen lideriniň Pakistanyň premýer-ministri bilen geçirjek gepleşiklerinde esasan TOPH barada gürrüň ediler.

«Pakistan TOPH geçirijisiniň özüne düşýän gurluşygyny şu aýda, martda başlajagyny aýdypdy, Türkmenistan bolsa öz paýynyň gurluşygyna biraz öň başlady. Bu geçirijiniň gurluşygyna dört ýurduň gatnaşýandygyna garamazdan, hakykatda diňe Türkmenistan we Pakistan özlerine düşýän paýy gurýandyklaryny agzaýarlar we Berdimuhamedow Şarif bilen esasan şu mesele hakynda gürleşse gerek» diýip, ekspert pikir edýär.

Şeýle-de, Panniýeriň pikirine görä,Pakistanyň Owganystana uly täsiri bolansoň, türkmen lideri TOPH geçirijisiniň tutuş Owganystanyň içinden we Pakistanyň gowgaly böleginden çekiljek ugrunyň boýunda howpsuzlygy üpjün etmek üçin Yslamabadyň näme edýändigini bilmek islär.

Pakistan ýerli taýpalar we toparlar bilen nähilem bolsa bir ylalaşyk baglaşmakda,regiondaky beýleki ýurtlara garanda, gowy orunda durýar we Berdimuhamedow TOPH-yň hakykatda işläp başlamagy üçin Şarifden geçiriji gurujylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek barada nähilidir wada, söz almaga çalşar diýip, Panniýer Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ekspertiň pikirine görä, bu Berdimuhamedow bilenŞarifiň gepleşikleriniň esasy temasy bolar. Emma TOPH proektiniň howpsuzlykdan başga ýene bir kynçylygy – maliýe meselesi hem bar we soňky wagtlarda Aşgabadyň öz boýun alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi sebäpli geçirijiniň ulanmaga beriljek wagtynyň bir ýyl yza süýşýändigi hakynda habarlar çykdy.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, «Türkmengaz» döwlet konserni bu proektiň operatory bolup durýar we türkmen häkimiýetleri onuň harajatlarynyň 85 prosent çemesini öz boýunlaryna aldylar.

Brýus Panniýer munuň, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, häzirki ýagdaýda türkmen hökümetiniň güýç ýeterinden has kän puldugyny aýdýar.

«Biz Türkmenistanyň bu proektiň 85 prosentini çekmek wadasyny berendigini, emma şonuň bilen bir wagtda oňa daşardan maýa ýatyrjak partnýorlaryhem yhlas bilen gözleýändigini bilýäris» diýip, ekspert aýdýar.

Ýöne muňa garamazdan, Panniýeriň pikirine görä, Owganystandaky we Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky howpsuzlyk ýagdaýlary TOPH proýektine daşardan maýa ýatyrjak adamlar üçin uly päsgelçilik bolup durýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy regional döwletara ykdysady gurluş bolup, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi we Türkmenistan oňa 1992-nji ýylda agza boldy.

XS
SM
MD
LG