Sepleriň elýeterliligi

Aşgabady ‘abadanlaşdyrmak’ üçin kabel, telefon liniýalar kesildi


Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda mermere meňzeş alfagon plita bilen örtülýän jaýyň gapdalyndan geçip barýan adam.

Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda mermere meňzeş alfagon plita bilen örtülýän jaýyň gapdalyndan geçip barýan adam.

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän ondan gowrak köp gatly jaýyň kabel telewideniýeleri we telefon liniýalary kesildi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, Parahat-1 etrapçasynda jemi 200-den gowrak maşgalanyň kabel telewideniýesiniň we telefon liniýalarynyň kesilmegine bu sebitde alnyp barylýan “abadanlaşdyryş işleri” sebäp boldy.

Bilşimiz ýaly, Aşgabatda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, bu sebitdäki dört we bäş gatly jaýlaryň daşyna mermere meňzeş alfagon plitalaryny oturtmak çäresi güýçli depginde dowam edýär.

On günden bäri şol ýerde ýerleşýän jaýlardaky eýwanlar, split sistemalar, kir serilýän we beýleki ýüpler sökülip aýrylýar. Jaýlara täze plastik penjireler oturdylýar.

Jaýlary “betnyşan görkezýär”

Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, Parahat-1 etrapçasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 1,2,3,4 we 5-nji belgili jaýlaryndaky kabel telewideniýeleriň we telefon liniýalarynyň kesilmeginiň sebäbi, öňki liniýalary indi jaýyň içinden geçirmek planlary bilen baglanyşykly.

“Mundan iki ýyl çemesi öň biziň jaýlarymyza alfagon plitalary oturdylanda, arka tarap şaýolundan görünmeýär’ diýlip, onuň diňe öň tarapyna alfagon plitalaryny oturtdylar, biziň kabel telewideniýelerimizi we telefon liniýalarymyzy hem jaýyň arkasyndan çekdiler. Indem jaýyň arka taraplaryna-da alfagon plita oturtmaly etdiler, “kabel we telefon liniýalar jaýlary betnyşan görkezýär” diýip, olary kesip, indem olary jaýyň içinden çekjek diýdiler” diýip, Parahat-1 etrapçasynyň 4-nji jaýynyň ýaşaýjysy 47 ýaşyndaky Geldimyrat (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Häzirki wagt bu jaýlardaky kabel telewideniýeleriň we telefon liniýalarynyň kesilmegi sebäpli onlarça maşgala ýerli we daşary ýurt telekanallaryna tomaşa edip bilmeýär. Şeýle-de, bu hyzmatlaryň gaýtadan haçan işläp başlajakdygy nämälimdigine galýar.

Şuňa meňzeş ýagdaýlary Türkmenbaşy şaýolundan seredeniňde, ikinji we üçünji hatarda ýerleşýän Parahat-1 etrapçasynyň 6,7,8,9,10,11 we 12-nji jaýlarynyň ýaşaýjylary hem başdan geçirýärler.

Bu sebitiň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, mundan birnäçe ýyl ozal, Aşgabat şäherindäki köp gatly jaýlar çanak antennalaryndan “arassalananda”, olar penjireleriň öňünden sökülip, jaýlaryň üçegine geçirilipdir.

100-den gowrak maşgala

Häzirki wagtda Aşgabat şäher häkimliginiň we Jemagat kommunal hojalygy ministrliginiň talaby esasynda bu jaýlardaky çanak antennalar hem doly sökülip aýryldy we onuň deregine IPTW liniýalaryny ýa-da kabel telewideniýesini çekmek göz öňünde tutulýar.

“Bize Aziýa oýunlaryna geljek myhmanlar dikuçar bilen şäheri aýlansa, jaýlaryň ýokarsyndaky çanak antennalar şäheriň görküne zeper ýetirer diýdiler. Biz çanak antennalaryň sökülmegine garşy däl. Ýöne bu barada bize öňünden duýdurmadylar ýa-da öňünden kabel liniýalaryny çekmediler. Häzir bolsa 100-den gowrak maşgala telewideniýä tomaşa edip bilenok” diýip, Parahat-1 etrapçasynyň 8-nji jaýynyň ýaşaýjysy 56 ýaşyndaky Bagtygül daýza (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň jaýlaryny kabel telewideniýesi bilen üpjün edýän “TürkmenTelekomyň” käbir jogapkär resmisiniň aýtmagyna görä, çanak antennasy sökülen jaýlara kabel liniýasyny çekmek işleri azyndan 20 gün dowam eder.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Aşgabatda geçirilmegi planlaşdyrylýan Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde näçe möçberde maliýe serişdesiniň harçlanandygy barada ilat köpçüligine anyk maglumat bermeýärler.

Emma Aziýa oýunlaryna gabatlap, Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ýörite olimpiýa şäherçesi we 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan halkara aeroporty açyldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG