Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmagy kynlaşdyrýar


Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän plastik kartlar

Türkmenistanda plastik kartlardan ýurduň daşynda peýdalanmak düzgünlerine täze çäklendirmeler girizildi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň daşary ýurtlara iş sapary ýa-da söwda-satyk üçin gidýän türkmenistanlylara salgylanyp aýtmagyna görä, indi bir aýdan gowrak wagt bäri plastik kart ulanyjylara daşary ýurt walýutasyny nagtlaşdyrmak barha kynlaşýar.

Täze girizilen çäklendirmelere laýyklykda, daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany plastik karty äkidip bilýär. Şeýle-de, olardan Aşgabadyň aeroportunda bilet we pasport barlaglaryndan geçensoň, öz ýany bilen äkidýän plastik kartyny Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak talap edilýär.

Aýdylmagyna görä, diňe şondan soň raýatlar daşary ýurtlarda öz plastik kartlaryndan peýdalanyp, ondan nagt dollar alyp bilýärler. Hasaba alynmadyk plastik kartlary bolsa, daşary ýurtlaryň bankomatlarynda ulanyp bolmaýar.

Dollary nagtlaşdyrmagyň ýeke-täk ýoly

Mundan öň, Türkmenistandan daşary ýurtlara sapar edýän raýatlar öz ýanlary bilen islendik mukdardaky plastik kartlary alyp gidip, şol kartlardaky pullary, ýagny dollary daşary ýurtlardaky bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärdiler. Şeýle-de, olary aeroportdaky Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak hem talap edilmeýärdi.

Söwdagärleriň käbirleriniň aýtmagyna görä, bu daşary ýurtlara söwda-satyk üçin gidýän adamalara hem-de ýurt raýatlaryna örän amatlydy. Sebäbi mundan öň, käbir adamlar özüniň manat geçirilen plastik kartlaryny daşary ýurtlara gatnaýan dogan-garyndaşlaryna berip, ondaky puly dollarda nagtlaşdyryp getirmegi soraýardylar. Bu bolsa ýurtda dollaryň resmi ýagdaýda satylmaýan wagtynda, raýatlaryň özüne gerek mukdardaky dollary edinmeginiň ýeke-täk ýoludy.

Häzirki wagt Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň resmileri we media serişdeleri täze girizilen çäklendirmeler we onuň sebäpleri barada, halk köpçüligine anyk düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler. Emma bu Türkmenistanda plastik kartlardan ýurduň daşynda peýdalanmak düzgünlerine girizilen çäklendirmeleriň ilkinjisi däl.

Öňki çäklendirmeler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 6-njy fewralda ýaýradan nyrhlar baradaky bildirişinde, plastik kart ulanyjylaryň bir gije-gündiziň dowamynda nagt pul serişdesini almagyna täze çäk girizilipdi.

Bu çäklendirmäniň netijesinde, “Business”, “Electron/Maestro” we “Classic/Standart” tariflerine eýe bolan plastik kart ulanyjylary bir gije-gündiziň dowamynda 250 amerikan dollaryny, “Gold” tarifine eýe bolan plastik kart ulanyjylary bolsa 300 dollary nagtlaşdyryp bilýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adynyň atlandyrylmazlygyny soran türkmen biznesmeniniň aýtmagyna görä, bu çäk öň 1000 amerikan dollaryna barabardy.

Şol bir wagtda, ozal VISA ýa MasterCard kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyrylan puluň 1,75%-i tutulyp galan bolsa, bu 3%-e çenli artdyrylypdy.

Mundanam başga, paýtagtda býujet işgärleriniň plastik kartlaryna geçirilen pullaryň nagtlaşdyryp bolýan möçberine hem çäklendirmeler girizilipdi. Döwlet işgärleri bir gije-gündiziň dowamynda öz zähmet hakynyň diňe 1000 manadyny nagtlaşdyryp bilýärler.

Ýurduň beýleki welaýatlarynda bolsa, hökümetden aýlyk alyp işleýänleriň plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bilýän pulunyň möçberi mundan hem çäkli bolup, Daşoguzda 100 manada, Balkanyň şäherdir etraplarynda 300 manada deň.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG