Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky owgan ministri Türkmenistany ‘Talybana’ ýardam bermekde aýyplaýar


Owganystanyň öňki Suw we energetika boýunça ministri Muhammet Ysmaýyl
Owganystanyň öňki Suw we energetika boýunça ministri Muhammet Ysmaýyl

Owganystanyň öňki Suw we energetika boýunça ministri Muhammet Ysmaýyl Türkmenistanyň "Talyban" toparyna hemaýat edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň "Talyban" söweşijilerini ok-ýarag we harby enjam bilen üpjün edýändigini bildirip, Ysmaýyl Han şeýle diýdi.

– Bize gowşan maglumata görä, Türkmenistan talyban bilen gatnaşyk saklaýar. "Talyban" söweşijilerine Türkmenistandan ok-ýarag we harby enjamlar iberilýär. Şu ýagdaýy men Türkmenistanyň Daşary işler ministrine-de aňlatdym. Öz ýurdunyň talyban jeňçilerini goldamazlygyny ministrden talap etdim. Şoňa garamazdan, serhet ýakada hereket edýän "Talyban" söweşijilerini Türkmenistan ok-ýagar bilen üpjün edýär. Bu barada bizde anyk raport bar. Türkmenistanyň talyban bilen hyzmatdaşlyk edýändigini eşitdim – diýip, Muhammet Ysmaýyl aýdýar.

Onuň Türkmenistana bildiren aýyplamasyny Günbatar Owganystanyň ýerli resmileri ýalana çykarýarlar. Hyrat welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Jelany Perhat ýerli häkimiýetiň terrorçylara garşy göreş alyp barýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň "Talyban" toparyny goldaýandygy baradaky habary ret etdi.

Muhammet Ysmaýylyň aýyplamalaryny Türkmenistanyň Hyrat welaýatyndaky konsulhanasy hem ret etdi. Muhammet Ysmaýylyň aýdýan sözlerinde esas ýokdugyny metbugata ýollan beýannamasynda konsulhana bildirdi.

Golaýda Türkmenistan Günbatar Owganystanyň özi bilen serhetdeş regionlarynda ýaşaýan ilata ynsanperwer kömek etdi. Gyş aýlarynda kösenen halkyň mallaryna ot-iým ýardamyny berdi.

Şeýle ýardamyň özlerinde-de ýetendigini Badgyz welaýatynyň Marçak atly sebitinde ýaşaýan türkmenleriň wekili Abdyl Jepbar ahun Azatlyk Radiosyna aýtdy.

– Türkmenistan ot-iým berip, bize gaty kömek etdiler. Ondan halkymyz minnetdarlyk bildirýärler. Mekdebe kitapdyr, galam we her hili iýer-iýmiş, egin-eşik kömek etdiler. Gyş gaty geleni sebäpli köp kömek etdiler. Azyk iýmiti-de bar, çörek diýidi, köke diýdi, şolar ýaly zatlary serhetden bäri geçirip berdiler. Esasy goragçylara habar beren ekenler, olaryň üsti bilen biz eşitdik, şol ýerde kömekleri aldyk.

XS
SM
MD
LG