Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ahal-teke atlaryny UNESCO-nyň sanawyna goşdurmakçy


Türkmenistan ahal-teke atlaryny UNESCO-nyň sanawyna goşdurmakçy.

Türkmenistan ahal-teke atlaryny Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky teklip bilen UNESCO ýüz tutmagy planlaşdyrýar.

“Türkmen döwlet habarlar” gullugynyň 11-nji martdaky maglumatynda “döwlet baştutany UNESCO arza berip, ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak boýunça teklibi öňe sürdi” diýilýär.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda arassa ganly ahal-teke atlarynyň katalogyny döretmegi hem tabşyrdy. Bu kataloga atlaryň gazanan üstünlikleri, gelip çykyşy we beýleki maglumatlary giriziler.

Prezidentiň sözlerine görä, bu katalog degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrylar we ol halkara derejesinde ykrar ediler. Şondan soň oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar diýip, türkmen prezidenti aýdýar.

Resmi maglumatda ahal-teke atynyň Türkmenistanyň esasy simwolyna öwrülendigi hem-de onuň keşbiniň döwlet gerbinde we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda hem şekillendirilendigi bellenilýär.

Türkmenistan ahal-teke atlarynyň goraghanasy 'hasaplanylar'

Görnükli türkmen atşynasy, türkmen häkimiýetleriniň ýanamalary zerarly daşary ýurtda ýaşaýan Geldi Kärizow Türkmenistanyň ahal-teke bedewlerini UNESCO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky planlarynyň gowudygyny, ýöne bu inisiatiwanyň ilki bilen “Ýanardag” halkara ekspertler merkezi tarapyndan teklip edilendigini aýdýar.

“Bu teklip gowy, laýyk teklip. Ýöne bu teklip ilki bilen “Ýanardag” atly halkara ekspertler merkezi tarapyndan teklip edildi. Biz mundan alty aý ozal petisiýany ýazyp, atlaryň hemmesiniň ganynyň arassalygyny barlamaly we ony Bütindünýä mirasy diýip ykrar etmegi sorapdyk” diýip, türkmen atşynasy Geldi Kärizow aýtdy.

Ol ahal-teke atlarynyň tohumynyň beýleki atlaryň tohumy bilen garyşdyrylýandygyny belläp, olar UNESCO-nyň sanawyna goşulsa, onda oňa halkara derejesinde üns beriljekdigini we öwreniljekdigini nygtady.

“Sowet Soýuzy döwründe muny [ahal-teke atlaryny] iňlis [atlary bilen] garyşdyrma diýen kesel geldi. Eger-de UNESCO-da Bütindünýä Mirasy diýlip kabul edilse, onda Türkmenistan ahal-teke atlarynyň goraghanasy hökmünde hasap edilmeli. Başga hiç hili tohum getirilmeli däl. Ine, şol tarapdan ol gowy zat” diýip, atşynas Kärizow belledi.

Türkmenistan halkara atçylyk assosiasiýalarynyň goldawyna 'mätäç'

Ýöne ol türkmen häkimiýetleri şeýle teklip bilen ýüzlenseler-de, halkara atçylyk assosiasiýalary muňa goldaw bermese, onuň amala aşmajakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Halkara assosiasiýalar bilen, diýeli “WATO” halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasy hem-de “Ýanardag” atly ahal-teke atlarynyň halkara ekspertler merkezi bar. Şol bilen bilelikde şu mesele çözülip, “hawa, hemme zat dogry, barlanypdyr, indi bizem şonuň kabul edilmeginiň tarapdary diýmese, oňa [teklibe] halkara derejesinde garalmaz, hiç kim kabulam etmez” diýip, Kärizow belledi.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, dünýä derejesinde ahal-teke atlary boýunça iş alyp barýan esasy edaralaryň biri Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag instituty soňky 30 ýylyň dowamynda, Türkmenistanda tohum arassalygy ylmy barlaglar esasynda tassyklanan ahal-teke atlaryň sanynyň 96,8% derejesinden 11% -e çenli azalandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG