Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köçelerinde “gutarmaýan gazuw işleri”


Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda iş geçirýän tehnika we işçiler.
Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda iş geçirýän tehnika we işçiler.

Paýtagtyň giňeldilen, täzeden abatlaşdyrylyp, asfalt düşelen köçelerinde şu günler tehnikanyň kömegi bilen ýaňadan gazuw işleri geçirilýär.

Şäheriň Andalyp, Oguzhan, Atamyrat Nyýazow atlandyrylýan iň gatnawly köçelerinde indi bir hepde bäri ýörite tehnikanyň kömegi bilen, uly ýollaryň gyrasynyň gazylýandygyny görse bolýar. Işçileriň aýtmaklaryna görä, uly ýollaryň gyrasyndan geçirilen lagym turbalary ýagyn ýagmagy bilen dykylyp, hapa suwlary çekip bilmeýär.

Aslynda ol turbalar hapa suw liniýalary, ýagyn suwlary üçin niýetlenipdir. Ýöne gurlup, ulanyşa berlendigine heniz bir ýyl hem bolmadyk ol turbalar eýýäm dykylyp, ýagyn suwlaryny-da çekip bilmeýärler.

Şeýle lagym turbalary şäheriň iň gatnawly köçeleriniň rekonstruksiýa edilen wagtynda köçeleriň iki gapdalynda, her 30-40 metr aralykdan, kä ýerlerde bolsa 20-25 metr aralykdan goýlupdyr.

Aşgabatly ýaşaýjy, 65 ýaşly pensioner Durdymyrat aga her gezek şähere çykanynda, üstünden heniz ýyl geçmedik abatlanan ýollaryň täzeden gazylyp durmagyna, gynanç bilen garaýandygyny aýdýar.

“Uly ýoluň gyralarynda, çatryklarda maşynlaryň üznüksiz hereketiniň arasynda, ýöriteleşdirilen tehnikalar işläp, öten-geçen sürüjilere-de, çatryklardan geçýän pyýadalara-da, duralgalarda duran ýolagçylara-da ýaramaz täsirini ýetirýär.

Mäkäm betonlary döwýän tehnikanyň üznüksiz takyrdysy golaý-goltumdaky ýaşaýyş jaýlarynda hem eşidilýär, ýoldan geçip barýan adamlar hem tarryldynyň gapdalyndan basymrak geçenlerini kem görmän, ädimlerini ýygjamladyp başlaýarlar.

Emma duralgalarda awtobusa garaşyp durýan ýolagçylar welin, tä öz münjek awtoulaglary gelýänçä, tehnikanyň güýçli sesine çydam edip durmaly bolýarlar.

Bu edilýän işlere seredeniňde, şäherde gözegçiligiň ýokdugyna, ýaňyja gurlan ýollaryň ber-bibat edilip durandygyna nebsiň agryýar. Emelsiz emeldarlaryň öz işine jogapkärsizligi sebäpli, döwletiň serişdesiniň ýele sowrulýandygyna nebsiň agraýar” diýip, Durdymyrat aga janygýar.

Gazuw işleri bilen meşgul bolýan işgärleriň işine syn salsaň, lagym turbalarynyň geçýän ugrunda bar bolan guýularyň üstündäki demir gözenekler aýrylyp, turbalaryň içine dolan palçykdyr ot-çöplerden elýeter ýerleri arassalanýar we demir gözenekler täzeden goýlup, onuň daş-töweregi täzeden betonlanýar.

Lagym turbalaryndan çykarylan hapalar haltalara salnyp, ýol ugrunda goýulýar. Olaryň birnäçe günläp aýrylman duran ýerlerini hem görse bolýar. Işçileriň turbalary arassalap, olary ýene-de ozalky ýagdaýyna getirip goýmaklary öten-geçen adamlarda sorag döredýär.

Bir gyşy başdan geçiren turbalar eýýäm dykylyp duran bolsa, ony her gyşda ýa ýazyň ýagynly günlerinde şeýdip, daş-töweregi bilen betonlap, soňra-da döwüp arassalap durjak bolsalar, munyň öten-geçen ýolagçylarda näçe ýaramaz täsir döretjegi belli.

“Mekdepden çykýan ýaşajyk okuwçylaryň hem bu çukurlaryň gapdalyndan geçip duranlary kän. Çagalar bolsa şular ýaly zatlara bilesigelijilik bilen garaýarlar. Olaryň bu çukurlara gaçyp, bir ýerlerini agyrtmaklary hem ähtimal. Gazylýan çukurlaryň birnäçe günläp, bejerilmeýänleri hem bar.

Ýol gyrasynda maşynyňy saklajak bolsaň, öňüňde her ädimde çukur bilen beton bölekleri dur. Ýollaryň şular ýaly gurlup-döwlüp duran wagty asla ýadymyza düşenokdy. Soňky ýyllarda bu başdansowma edilýän işler adaty bir zat bolup barýar” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

Soňky bir ýylyň dowamynda rekonstruksiýa edilen Andalyp, Oguzhan, Nyýazow köçeleriniň ýan ýollarynyň hem talaba laýyk gurulman, täzeden sökülýän ýerleriniň kändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG