Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Türkiýe bilen gatnaşygy bolanlar berk soraga çekilýär


Aşgabadyň halkara aeroprty.

Türkmenistanda Türkiýe bilen gatnaşygy bolanlara edilýän gysyşlaryň barha güýçlenendigi aýdylýar. Dekabr aýyndan bäri Türkiýede bolýanlaryň yzy berk barlanýar. Türkmenistanyň organ işgärleri Türkiýede işläp gaýdan migrantlary berk gözegçilik astynda tutýar. Dogan-garyndaşy ýa-da tanyş-bilşi henizem Türkiýede bolanlary soraga çekýärler.

Birnäçe ýyllap Türkiýede zähmet migranty bolup, golaýda Türkmenistana dolanan, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygy islän bir türkmen raýatynyň Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatynda şeýle gysyşlaryň dekabr aýyndan başlap hasam artandygyny bildirýär.

Onuň sözüne görä, Türkiýede işläp yzyna dolanýan migrantlara edilýän psihologiki we fiziki basyşlar hut Aşgabadyň aeroportynda başlaýar. Türkiýeden yzyna dolanan migrantlar ençe sagatlap aeroportda soraga çekilýär. Olardan Türkiýede haýsy ýerlerde we nähili şertlerde işläp we ýaşandygy, ol ýerde näçe pul gazanandygy, ol pullary näme edendigi, nähili syýasy we dini toparlar bilen gatnaşygynyň bolandygy, ekstremist toparlaryň hataryna çekmäge hem başga ýurtlarda din üçin söweşe gitmäge çagyryş edenleriň bolup bolmandygy, namaz we Gurhan okap okamaýandygy, haýsy sosial ulgamlary ulanýandygy, Azatlyk Radiosyny diňläp-diňlemeýändigi, Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlardaky materiallaryna galdyrylýan teswirlere gatnaşyp gatnaşmandygy, mundan beýläk nähili planlarynyň bardygy ýaly maglumatlar soralýar.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren şol ýerli çeşme Aşgabadyň aeropordynda Türkiýeden dolanan zenanlara bolsa ol ýerdäki döwlet işgärleriniň agza alyp bolmajak kemsidiji hem paýyş sözler aýdýandygyny gürrüň berýär.

Ol ýerli organ işgärleriniň Türkiýede işleýän tanyş-bilişleri barada hem jikme-jik maglumat almak üçin, özüne yzygiderli basyş edýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, organ işgärleriniň edýän şeýle basyşlarynyň diňe öýüne dolanan migrantlar bilen çäklenmän, şol sanda maşgalasynda Türkiýede işleýän adam bolan hojalyklara garşy hem giň gerimli ýagdaýda dowam edýändigini nygtaýar. Ýerli organ işgärleri Türkiýede işleýänleriň maşgala agzalaryndan, dogan-garyndaşlaryndan ýa-da tanyş-bilişlerinden olaryň telefon belgilerini, olaryň nirede we nähili şertlerde işleýändigini, näçe gazanç edip, şol gazançdan özlerine näçe pul iberýändigini, olar bilen nähili aragatnaşyk saklanýandygyny we olaryň sosial ulgamlardaky aragatnaşyk maglumatlaryny soraýarlar.

Köne pasportyny çalşyp, golaýda Türkmenistandan Türkiýedäki maşgalasynyň ýanyna dolanyp gelen, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan we howpsuzlyk sebäpli efirde adyna Maýa diýilmegini soran bir zenan hem ýaňky maglumatlaryň dolulygyna dogrydygyny tassyklaýar. Maýa özüne aeroportdaky we ýaşaýan ýerindäki organ işgärleriniň: "Gelneje, näme bärde erkek ýokmy, näme üçin türke durmuşa çykdyň? Bärde gül ýaly öz türkmen oglanlarymyzam köp-ä? Näme türkmeni biabraý edip ýörsüňiz?” diýen ýaly gödek sözler aýdandygyny ýatlaýar. Maýa şeýle sebäplerden türkmen migrantlaryň Türkmenistana baryp-gaýtmagy kän göwnäp barmaýandygyny öňe sürýär.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna şeýle temada köpsanly maglumat gelip gowuşýar we bu ugurda pikiri soralan Türkiýede işläp ýören türkmenistanly migrantlaryň aglabasy hem şeýle ýagdaýy tassyklaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG