Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabat: Bir ýyl öň abatlanan ýollar hatardan çykdy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Balkanabat şäherinde 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda abatlanan ýollaryň we köçeleriň eýýäm hatardan çykyp başlandygy barada Azatlyk Radiosyna habarlar gelip gowuşýar.

Aýdylmagyna görä, bu köçeler abatlananda, olara düşelen asfaltyň hiliniň pesligi sebäpli ýollarda uly çöketlikler emele geldi. Bu çöketliklerde-de ýagyş ýagan mahaly üýşýän läbik palçyklaryň hem pyýadalara, hem-de awtoulagly ýolagçylara oňaýsyzlyklary döredýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu barada geçen hepdäniň ahyrynda Balkan welaýatyna sapar eden aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Balkanabat: Bir ýyl öň abatlanan ýollar hatardan çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00

Gepiň gerdişine görä aýtsak, türkmen media serişdeleri Aşgabat-Türkmenbaşy aralygynda ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak barada gepleşikleriň geçirilýändigini habar berýärler. Aýdylmagyna görä, şeýle proýekt ýurtda ilkinji gezek amala aşyrylar.

Türkmen hökümetiniň geçirýän bu gepleşikleri, ýakynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabat bilen Balkan welaýatyny birikdirýän asfalt ýoluň mundan iki ýyl öň açylan böleginiň häzir hatardan çykyp başlandygy barada habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG