Sepleriň elýeterliligi

KHŞG Aşgabady howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna çagyrýar


Aşgabat, awtobusly barýan esgerler

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) agza döwletlere halkara terrorçylygy we dini ekstremizm bilen baglylykda Merkezi Aziýa hem-de Owganystan tarapyndan abanýan howp barada 50 sahypalyk hasabat çap edip, Türkmenistany we Özbegistany öňki sowet respublikalarynyň bäşisinden düzülen harby-syýasy topar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna, Russiýa Federasiýasy bilen bilelikde,Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan girýär, emma Türkmenistan oňa girmeýär, Özbegistan bolsa ony terk etdi.

Täze hasabatyň awtorlary Türkmenistan bilen Özbegistany KHŞG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ýagny onuň çäginde goňşy Owganystandaky ýaragly toparlardan abanýan howp-hatarlary azaltmak mehanizmelerinden peýdalanmaga çagyrýarlar.

Elbetde, rus metbugatynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystandaky hökümete garşy güýçler, «Talyban» we «Yslam döwleti» toparlaryndan abanýan howp, regionyň ýurtlarynyň umumy howpsuzlyk tagallalaryny güýçlendirmegi barada mundan öň hem dürli pikirler aýdyldy.

Emma resmi Aşgabat, belki-de, bitaraplyk durumy bilen baglylykda, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan hem, Şanhaý hyzmatdaşlyk garamasyndan hem çeke durýar diýip bilinýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert we syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Türkmenistana goňşy Owganystandaky ýaragly toparlardan abanýan howp hakykatdanam çynlakaý diýip hasaplaýar we türkmen goşunynyň bu howpa özbaşyna garşy durup bilmejekdigini aýdýar.

Ekspert bu pikirini Owganystandaky ýaragly toparlaryň köp ýyl bäri hökümet goşunlaryna, şol sanda terrorçylyga garşy bilelikde göreşýän halkara koalisiýasyna garşy durup gelýändigi bilen delillendirýär.

«Türkmen goşuny söweşmedi, onuň söweş tejribesi ýok, partizançylyk hereketlerini alyp barýantoparlara garşy göreşmek bolsa, döwlet goşun bölümlerine gary söweşenden has kyn» diýip, Aždar Gurdow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol söweş hereketleriniň , 1990-njy ýyllaryň ortasynda bolşy ýaly, ýene öňki Sowet respublikalarynyň golaýyna, şol sanda Türkmenistanyň serhedine golaýlaşandygyny belleýär.

Şol bir wagtda, Aždar Gurdow türkmen goşunynyň esger sany babatda, ýaraglanyşyk babatynda ýagdaýynyň erbet bolmazlygynyň hem ahmaldygyny aýdýar. Ýöne ol uruşlarda köplenç az sanly toparlaryň hem ýeňiş gazanýandygyny, kimiň köp söweş tejribesi, öz ýeňşine köp ynamybolsa, şonuň hem ýeňýändigini, bu meselede Türkmenistanyň hemme zadynyň ýerbe-er däldigini belleýär.

Syýasaty öwreniji Türkmenistanyň bu ýagdaýda howpsuzlyk kömegi üçin Merkezi Aziýada iki sany gurama -Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna we Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna ýüz tutup biljekdigini ýa-da bu guramalaryň özleriniň Aşgabada kömek teklip etmeginiň ahmaldygyny aýdýar.

Türkmenistan, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna girmeýşi ýaly, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna hem agza däl. Emma muňa garamazdan, gürrüňi edilýän täze hasabatyň awtorlary KHŞG-nyň “Ýewraziýanyň gorag saýawanydygyny” aýdýarlar we onuň sebitdäki ýagdaýlar ýitileşen halatynda “düýpli rol” oýnap biljekdigini tassyklaýarlar.

Aždar Gurdowyň bu meseledäki pikiri bilen Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýene bir ekspert, Arkadiý Dubnow hem ylalaşýar. Ol «Kommersant» bilen söhbetdeşlikde «YD söwejileriniň Owganystanyň demirgazyk regionlaryna barha kän toplanmagy hakykatdanam howsala döredýär” diýdi.

Şol bir wagtda-da Dubnow KHŞG-nyň hasabaty Moskwanyň owgan meseleleri baradaky syýasaty bilen ugurdaş eşidilýär diýip hasaplaýar.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň gyssagly hereket etmek üçin döredilen goşun bölümleri, koalision güýçleri, harby bazalary, gury ýerden we asmandan hereket edip biljek harby tehnikalary bar we ol ok-ýaragly habar topar bolup durýar. Emma resmi Aşgabat oňyn bitaraplyk durumy sebäpli, harbi bileleşiklere goşulmaýar.

Aždar Gurdow, KHŞG-dan tapawutlylykda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň öz goşun bölümleriniň ýokdugyny we onuň terrora garşy gurama bolup durýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda ol, eger-de Owganystan tarapdan howp abansa we Aşgabat ýüz tutsa, onuň bu guramalara agzadygyna ýa däldigine garmazdan, Türkmenistana şeýle kömegiň edilip bilinjekdigini, muňa bitaraplyk durumunyň hiç bir ýuridiki päsgelçilik bermeýändigini aýdýar.

Sebäbi Aşgabadyň bitaraplygy diňe ýaragly toparlara goşulmazlyga we öz territoriýasynda uzak wagtlyk başga ýurtlaryň goşunlaryny ýerleşdirmezlige borçly edýär, emma oňa edilen kömek gysga wagtlyk bolar diýip, Gurdow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG