Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Aşgabada ‘pul üçin barýar’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka. Minsk, 2010 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka. Minsk, 2010 ý.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka üç günlük resmi sapar bilen Türkmenistana barýar.

Belarus prezidentiniň metbugat-edarasynyň berýän maglumatyna görä, 29-31-nji mart aralygyndaky saparynyň ikinji gününde iki prezidentiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirilip, olaryň dowamynda esasy üns söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna gönükdiriler.

Şeýle-de, saparyň dowamynda prezidentleriň Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

31-nji martda bolsa Lukanşenka bilen G. Berdimuhamedow belarus tarapyndan bina edilen “Garlyk” dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyna baryp, onuň işine badalga berjekdikleri mälim edilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Lebap welaýatynda “Garlyk” kombinatyny gurmak baradaky netije 2009-njy ýylda prezident Lukaşenkanyň Aşgabada eden saparynyň dowamynda ylalaşylyp, onuň gurluşygyna 2010-njy ýylda başlanypdy.

Umumy bahasy 1 milliard dollara barabar bolan bu kombinaty 2015-nji ýylda doly tabşyrmak planlaşdyrylan bolsa-da, onuň gurluşygy 1,5 ýyl yza çekdirildi. Bu wagt içinde, proýektiň durmuşa geçirilişi dogrusynda iki tarap hem biri-birini aýyplap, nägileliklerini bildiripdiler. Türkmenistan gurluşyk möhletini yza çekmekde Belarusy aýyplan bolsa, Minsk Aşgabady hasaplaşygy wagtynda berjaý etmezlikde günäledi.

Bu aralykda, ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmäge ukyply kombinatyň potratçysy bolup çykyş edýän “Belgorhimprom” paýdarlar jemgyýeti edilen işler üçin, öz hasabyna eýýäm 700 million dollaryň geçirilendigini mälim etdi.

Maglumat üçin aýdylsa, dünýä boýunça kaliý dökünleriniň esasy bäş döwlet öndüriji saýylýar, 1998-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Kanada, Germaniýa, Russiýa, Belarus we Ysraýyldyr. Bu dökünleriň esasy sarp edijileri bolsa, 1999-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ABŞ, Hytaý, Braziliýa we Hindistan bolup dur.

Resmi media bu kombinatyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan üçin daşarky bazara ‘ýol açylýandygy’ tekrarlansa-da, gürrüňi gidýän dökünleriň haýsy ugur boýunça eksport ediljekdigi barada anyk hiç zat aýdylmaýar.

Şol bir wagtda, prezident Lukaşenkanyň Türkmenistana edýän sapary Belarusyň özünde hökümete garşy protestleriň geçirilýän döwrüne gabat geldi. Belarusy ýakyndan yzarlaýan russiýaly syýasy bilermen, Moskwadaky “Ekonomikanyň uly mekdebi” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň dekanynyň orunbasary Andreý Suzdalsew belarus lideriniň Aşgabada edýän saparynyň has köp Lukaşenkanyň özi üçin gerekdigini aýdýar.

“Lukaşenka ol ýere [Türkmenistana] iki mesele boýunça barýar. Ilki bilen, oňa arzan türkmen gazy gerek. Gazy transport etmek – bu ikinji mesele; häzir Lukaşenka bu barada ylalaşjak bolýar. Ikinjiden, ol pul üçin barýar. Häzir ýurtdaky [Belarusdaky] kyn ykdysady ýagdaýlaryň fonunda, ol Türkmenistandan pul dilejek bolýar” diýip, Andreý Suzdalsew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýola goýuldy.

2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 112,8 million dollara deň boldy. Bu görkeziji 2006-njy ýylda 14,5 million dollara deňdi. Belarus Türkmenistana esasan ýük ulaglaryny, ýörite maksatlar üçin awtoulaglary, traktorlary, dermanlary we oba hojalyk önümlerini eksport edýär.

Häzirki wagt Belarusda 9 müň töweregi türkmen talyby bilim alyp, olaryň bir bölegi ýokarda agzalan “Garlyk” kombinatynda işlemek üçin taýýarlanýar.

XS
SM
MD
LG