Sepleriň elýeterliligi

Nebit-gaz işgärleri iş orunlarynyň azaldylmagyndan aladalanýar


Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit platformunda işleýän işçiler.

Şu günler “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky edarasynyň işgärleri iş orunlarynyň gysgaldylmagyndan we käbir iş ýerleriniň ýarym stawka geçirilmeginden alada edýärler.

Bu konserniň Balkanabatdaky Ýörite gurluşyk-gurnama trestiniň käbir işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, aladalanmalaryň döremegine şeýle maglumatlaryň ýaýramagy sebäp boldy.

“Bu barada ‘Türkmennebit’ konserniň ýokary derejeli resmileri anyk jogap bermeýärler. Ýöne iş orunlarynyň gysgaldyljakdygyny bu edarada jogapkär wezipeleri eýeleýän resmiler – dogan-garyndaşlarymyz aýdýarlar. Resmi derejede aýdylmasa-da, 50 çemesi iş ornunyň kemeldiljekdigini, käbir işgärleriň iş gününiň ýarym stawka geçiriljekdigini ynamdar adamlar aýdýarlar” diýip, agzalýan trestiň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, işgärler bu gürrüňleriň anygyna ýetmek üçin, Balkanabatdaky Ýörite gurluşyk-gurnama trestiň başlygyndan maglumat almaga çalyşdylar, emma olaryň bu synanyşyklary başa barmady.

“Wagty gelende göreris...”

“Trestiň başlygy biz ‘wagty gelende göreris. Eger ýokardan şeýle talap gelse, onda biz şol talaby ýerine ýetirmeli bolarys’ diýip jogap berdi” diýip, işçi aýtdy.

Gürrüňi edilýän trestde geçiriji turbalar üçin çukur gazmak, olary kebşirlemek we traktor sürmek ýaly işler bilen meşgullanýan işçileriň aýtmagyna görä, şeýle gürrüňler ilkibada şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda ýaýrady.

Şondan soň, işgärleriň onlarçasy köpçülikleýin häsiýetde ýagdaýdan çykalga tapmak üçin, şu ýylyň fewral aýynyň 6-na – prezident saýlawlaryndan 6 gün öň – Balkan welaýat häkimliginiň öňünde ýygnanyp, özleri bilen Balkan welaýat häkiminiň duşuşmagyny haýyş edipdir.

“Balkan welaýat häkimi edaranyň daşyna çykyp biziň bilen duşuşdy we beýle ýagdaýlaryň bolmajakdygyny, iş orunlarynyň boldugyndan saklanjakdygyny, olaryň ýarym stawka geçirilmejekdigini aýtdy. Şonda welaýat polisiýasynyň işgärleri hem ol ýere geldiler. Ýöne hiç hili ýakymsyz ýagdaý bolmandy, arz edişlik asuda ýagdaýda geçdi” diýip, agzalýan ýygnanyşyga gatnaşan işçileriň biri gürrüň berdi.

Şonda iş orunlarynyň kemeldiljekdigi baradaky gürrüňler birbada köşeşen bolsa-da, häzirki wagt iş orunlaryny ýitirmek howpy bilen gaýtadan ýüzbe-ýüz bolýan işçileriň ykbalynyň nähili boljakdygy nämälim bolmagyna galýar.

Diňe ýazmaça ýüz tutulanda ‘jogap berler’

Azatlyk Radiosyna bu barada Balkanabatdaky Ýörite gurluşyk-gurnama trestinden maglumat almak başartmady. Aşgabatdaky “Türkmennebit” döwlet konserniniň kadrlar bölüminiň işgärleri hem, bu mesele boýunça takyk jogap bermekden saklanyp, ähli meseleler boýunça diňe ýazmaça ýüz tutulanda degişli jogabyň beriljekdigini aýtdylar.

Ýatladyp geçsek, soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda nebit-gaz pudagynda zähmet çekýän işçileriň, spesialistleriň iş orunlarynyň kemeldilmegi ýa-da iş tertibiniň doly stawkadan ýarym stawka geçirilmegi dowam edýär.

Geçen ýylyň iýul aýynda “Türkmengeologiýa” gazuw-burawlaýyş edaralaryna, şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümleriň ýapylmagy netijesinde iş ştatlarynyň kemeldilendigi habar berlipdi.

Bu pudagyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir işgäri wezipesinde galdyrylan käbir işgärleriň hem iş tertibiniň ýarym stawka geçirilendigini we munuň netijesinde ozalky berilýän aýlyk zähmet haklarynyň iki esse azaldylandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky bu soňky özgertmeler energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň ýiti derejede peselmeginiň çäginde bolup geçýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG