Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” türkmen gazyny togtadandan soň, Özbegistan bilen şertnama baglaşdy


“Gazprom” özbek gazyny 2003-nji ýyldan bäri satyn alyp gelýär.
“Gazprom” özbek gazyny 2003-nji ýyldan bäri satyn alyp gelýär.

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy Özbegistan bilen gaz söwdasy boýunça ilkinji gezek orta möhletleýin ylalaşygy baglaşar. Munuň netijesinde, Russiýanyň türkmen gazyny 2016-njy ýylda togtatmagyndan soň, ýaňadandan satyn alyp başlamak mümkinçilikleriniň çäklenýändigine üns çekilýär.

Çarşenbe güni “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller özbek prezidenti Şawkat Mirziýaýew bilen geçiren duşuşygyndan soň: “Şu gün biz Özbegistandan gazy almak boýunça ilkinji gezek orta möhletleýin, bäş ýyllyk şertnamanay baglaşmak barada ylalaşdyk” diýip maglumat berdi.

“Gazprom” özbek gazyny 2003-nji ýyldan bäri satyn alyp gelse-de, bu diňe bir ýyllyk şertnamalaryň çäginde amala aşyrylýardy. Adatça, “Gazprom” özbek gazyny Gazagystanyň günorta sebitlerine akdyrandan soň, ‘swap’ ylalaşygyna laýyklykda, Gazagystan öz gorlaryndan Russiýa gazyny akdyryp gelipdi.

Şol bir wagtda, rus metbugatynda çap bolan maglumatlardan çen tutulsa, Russiýanyň Özbegistandan alýan gazynyň möçberi ýyldan-ýyla azalmak bilen bolupdyr. 2013-nji ýylda Russiýa 9,4 milliard m3 özbek gazy akdyrylan bolsa, 2016-njy ýylda bu 6,2 millard m3, 2017-nji ýylda hem 5 milliard m3 deň bolupdyr.

“Gazpromyň” Özbegistan bilen ýokarda agzalan gaz söwdasy ylalaşygyny baglaşmagy, rus nebit-gaz kärhanasynyň geçen ýylyň ýanwarynda Türkmenistandan gazy almagyny doly togtatmagyna gabat geldi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan Russiýa satýan gazynyň bahasynyň tölenmeýändigini aýdyp, “Gazprom” kompaniýasyny “tölege ukypsyz”, “ynamdar däl hyzmatdaş” diýip yglan edipdi. Iki tarapyň bir-birini aýyplamagy netijesinde, bu iş halkara arbitraž suduna baryp ýetipdi.

2016-njy ýylyň aýagynda “Gazprom” bu dawanyň halkara derejesinde garalmagyny 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli yza tesdirendiklerini we bu kararyň geljekki hyzmatdaşlyk üçin öz aralarynda kabul ederlikli çözgüt tapmak maksady bilen baglydygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň we ozalky ýyllarda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Russiýanyň arasyndaky gaz söwdasynyň möçberi 2009-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurdy baglaşdyrýan “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamadan soň çürt-kesik azaldy. 2008-nji ýylda 70 milliard kubometr gaz öndüren Türkmenistan 47 milliard m3 gazy Russiýa akdyrypdy. “Gazprom” 2009-njy ýylda Türkmenistandan diňe 10-11 milliard kubometr gazy satyn aldy we 2015-nji ýylda satyn alan türkmen gazynyň möçberini 4 milliard kubometre çenli çäklendirdi.

Galyberse-de, “Gazpromyň” özbek tarapy bilen gaz baradaky ylalaşygy baglaşmagynyň öňüsyrasynda “Gazpromyň” Türkmenistan bilen “gepleşiklerindäki problemalar goňşy Özbegistandan gaz satyn almak baradaky ylalaşygy uzaltmaga itergi berýär” diýlip maglumat berlipdi.

Şol bir wagtda, şu ýylyň başyndan bäri Eýrana-da türkmen gazynyň akdyrylmagy bes edildi. Azatlyk Radiosynyň ozal habar berşi ýaly, resmi Aşgabat iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, Eýrana gazy akdyrmagyny kesipdi. Muňa jogap edip, Tähran bu meseläni halkara arbitraž suduna çykarjakdygy bilen haýbat atypdy.

Häzirki ýagdaýlarda türkmen gazynyň ýeke-täk bir müşderisi – Hytaý galdy. Emma Türkmenistan Hytaý tarapynyň özara gaz turbasynyň gurluşygyna pul ýatyrandygy sebäpli, bu ýurda tebigy gazyny arzan bahadan satýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Eýran bilen özara hasaplaşygynyň belli bölegi haryt arkaly amala aşyrylýar.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri türkmen gazynyň Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlap, 10 milliard dollara durjakdygy çaklanylýan proýektiň çykdajylarynyň 85%-ni öz üstüne aldy.

Emma, energiýa bilermenleri TOPH proýektiniň amala aşmagyna maliýe meseleleri bilen birlikde, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň hem böwet bolup durýandygyny nygtaýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, bilermenler energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň peselmegi, şeýle-de türkmen gazynyň üç hyrydaryndan ikisiniň çekilmegi netijesinde, gaz söwdasyna bil baglaýan Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejisiniň kemçiligini we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG