Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we belarus liderleri Garlyk kombinatyny açdy


Lebap, Garlyk kombinarty, TDH-nyň fotosuraty

Türkmen mediasy Garlykda işe girizilen dag-baýlaşdyryjy toplumyň içerki we daşary ýurt sarp edijileri üçin niýetlenen ilkinji önümleriniň ýük maşynlaryna we otlulara ýüklenendigini habar berýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän kombinat şu gün, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarusyň sapara gelen prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda açyldy.

Bu kombinat, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek planynyň bir bölegi bolup, Hytaýa we Hindistana ýylda 1.2 million tonna dökün ibermegi nazarda tutýar.

Ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý dökünlerini öndürmeli senagat merkeziniň düýbi türkmen hem belarus liderleriniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň iýun aýynda tutulyp, onuň ulanylmaga berilmeli möhleti birnäçe gezek yza süýşürildi we taraplar bu gijikmede bir-birini aýyplady.

Prezident Lukaşenko Türkmenistana saparyndan öň Garlykda kaliý dökünlerini öndürmek mümkinçiliginiň baryp Sowet Soýuzy döwründe hem öwrenilendigini, emma ol işiň başyna barmagy başarmandyklaryny nazara alyp, «Biz ahyry bu önümçiligi özleşdirdik» diýdi. «...bu bütin dünýä biziň islendik käni açyp biljekdigimizi we ol ýerden diňe kaliý däl, islendik peýdaly magdany gazyp almakusuly bilen çykarmagy başarjakdygymyzy görkezýän alamat» diýip,Lukaşenko aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, bu belarus kompaniýalary tarapyndan daşary ýurtda gurlan iň iri desga bolup, ol dolulygyna türkmen döwletiniň maliýeleşdirmeginde, 1 milliard dollar möçberindäki serişdä guruldy.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä,iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty Türkmenistany eksport edilýän kaliý dökünlerini öndürmekde dünýä derejesinde öňdäki hatarlara çykarýar.

Belarus prezidentiniň Türkmenistana saparynyň ilkinji gününde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça 11 dokumente gol çekildi diýip, BelTA habar gullugy ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Belarus hususan-da bilim, ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi nazarda tutýar.

Belarus mundan öňem türkmen studentleriniň köp okaýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar we Aşgabadyň Minskden adamsyz uçarlary satyn alýandygy barada hem habarlar çykypdy. Şeýle-de taraplar syýahatçylyk we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi planlaşdyrýarlar.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýukow öz wezipeleriniň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmekden ybaratdygyny aýdýar. BelTa habar gullugynyň ilçiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, geçen ýyl Belarusyň Türkmenistana eksport eden önümleriniň bahasy $112 milliondan aşypdyr.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistan Belarusdan diňe oba hojalyk tehnikasyny we olaryň böleklerini, zerur şaýlaryny, ýer işläp-bejerilýän abzallary, elektrik geçirijileri, gurluşyk materiallaryny , ýöriteleşdirilen maşynlary däl, eýsem derman, süýt-gaty könümlerini (peýnir we ýogurt) hem eksport edýär.

Geçen ýyl Belarusyň Türkmenistana eksport eden hyzmatlarynyň bahasy 160 million dollar bolan bolsa, bilim pudagyndaky hyzmaty bir ýylda 20 million dollar bolupdyr.

Belarus ilçisi «Bu iki ýurt gurluşyk, saglygy saklaýyş, syýahatçylyk, biznes we IT pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldip biler» diýýär.

2013-nji ýylda, Belarus Türkmenistana Garlykda ulanyljak enjamlary satanda, «biziň bu ýurda edýän eksportymyz iň ýokary derejä - $320 milliona ýetdi» diýip, Tabanýukow BelTA habar gullugyna aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanda Belarusda ýasalan elewatorlara bolan talabyň ýokarydygyny, şu ýyl olaryň 600 çemesiniň eksport ediljekdigini belledi. Mundanam başga, belarus tarapy Türkmenistana Merkezi Aziýadaky daýanjy, Eýran, Türkiýe, Pakistan, Owganystan we Hytaý bazarlaryna aralaşmak mümkinçiligi hökmünde garaýar.

Ministlrer kabinetiniň mejlislerinde türkmen prezidenti hem eksport edilýän we importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegini yzygiderli talap edýär, emma türkmen metbugatyndan Aşgabadyň Belarusa eksporty barada ýeterlik maglumat tapyp bolmady.

TDH Garlykdaky kaliý hloridini öndürýän kombinatyň türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň öňüni çekýändigini belleýär. Şeýle-de Aşgabat Minsk bilen ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, Belarusa iberilýän dokma we ýeňil senagat önümleriniň möçberini artdyrmak isleýär.

TDH prezident Berdimuhamedowyň «belarusly hyzmatdaşlara şu mümkinçilik barada oýlanmagy teklip edendigini» habar berýär.

Şol bir wagtda, biraz öň belarus metbugatynda çykan habarlara görä, bu ýurtda okan, şol sanda soň alan hünärini Garlykda ulanmaly türkmen studentleriniň arasynda yzyna, watanyna dolanmak islemeýänler-de, jenaýatçylyga baş goşýanlar-da tapylýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistan bilen Belarus 30-njy martdajenaýatçylyga garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygyna hem gol çekdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG