Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: ‘Central Hospital’ türk keselhanasy ýapyldy


Aşgabatdaky “Central Hospital” türk keselhanasy.

Aşgabatdaky “Central Hospital” türk keselhanasy nämälim wagta çenli ýapyldy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu keselhananyň ýolbaşçylary öz işgärlerini 4-nji aprelden başlap, 1 aýlyk tölegsiz zähmet rugsadyna ugratdy.

“Keselhananyň ýolbaşçylary işgärlerden häzirlikçe täze iş gözlemezligi we garaşmagy soradylar, ýöne olaryň işleriniň dowam edip-etmejekdigi dogrusynda hiç bir zat wada bermediler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi keselhananyň jogapkär resmilerine salgylanyp gürrüň berdi.

4-nji aprelde öýlänler agzalýan keselhana baryp gören bu sebitiň käbir ýaşaýjylary Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Central Hospitalyň” doly ýapylandygyny we içinde hiç kimiň ýokdugyny, hatda onuň awtoduralgasyna girmäge-de rugsat berilmeýändigini aýtdylar.

“‘Central Hospitalda’ girip, şäheriň beýleki bölegine, ylaýta-da, Mir-2 bölegine geçip bolýardy. Indi şol ýollara-da ýörite demir germewler goýlupdyr. Üstesinede, onuň ‘Central Hospital’ diýlip ýazylan ýazgysy hem aýrylypdyr. Soňky üç gün bäri analiz almak, keseli anyklamak hem bes edilipdir” diýip, bu sebitde ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýapylmagynyň sebäpleri

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, lukmanlardan, şepagat uýalaryndan we beýleki işgärlerden ybarat ortaça 60 adamy iş bilen üpjün edýän bu keselhana 1999-njy ýylyň mart aýynda, türk işewürleri tarapyndan açylypdy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda bu keselhananyň türk kompaniýasynyň eýeçiligindedigini hem-de onuň baş lukmanynyň we direktorynyň türkdügini aýdýarlar. Maliýe mümkinçiligi bolan türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu keselhanadaky lukmanlaryň arasynda türk we azerbaýjanly spesialistler hem bar.

Azatlyk Radiosyna türkmen häkimiýetlerinden we “Central Hospital” hassahanasyndan keselhananyň ýapylmagy we onuň sebäpleri barada maglumat almak başartmady.

Emma Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, keselhananyň ýapylmagyna onuň iş lisenziýasynyň möhletiniň tamamlanmagy we munuň türkmen häkimiýetleri tarapyndan uzaldylmazlygy sebäp boldy.

“Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi türk keselhanasynyň 2016-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanan lisenziýasynyň möhletini henize çenli uzaltman gelýär. Türkmen häkimiýetleri munuň sebäpleri barada maglumat bermeýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi keselhananyň jogapkär işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Türk işewürlerine degişli kompaniýalar

Häzirki wagtda keselhananyň soňky ykbaly, onuň doly ýapylyp-ýapylmajakdygy barada anyk maglumat ýok. Emma keselhana öz işini doly bes etse, onda bu soňky döwürde türkmen häkimiýetleri tarapyndan nyşana alnan türk işewürlerine degişli ilkinji edara bolmaz.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan “Ýimpaş” söwda merkezine we “Ýimpaş täjirçilik merkezine” edilen basyşlardan soň, bu edaranyň ikisi hem 17-nji dekabrda doly ýapyldy.

Şonda düýbi Türkiýede ýerleşýän “Ýimpaş holding” merkeziniň öz adyny aýtmakdan saklanan jogapkär türk resmisi bu mesele dogrusynda media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada özleriniň kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG