Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF: 2017-nji ýylda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi 6,5% bolar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Halkara Walýuta Fondy (HWF) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 2017-nji we 2018-nji ýyllarda, degişlilikde, 6,5% we 6,3%-e deň boljakdygyny çaklaýar. Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylda bu görkeziji 6,2%-e deň bolupdy.

Bu beýanat Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň geçen aý Aşgabatda bolup, türkmen hökümetine döwlet çykdajylaryny azaltmak maslahatyny bermekleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Şol pursat, HWF-iň ekspertleri 2017-nji ýyl üçin IV madda missiýasynyň jemleri boýunça – aglaba energiýa serişdeleriniň eksportyna bil baglaýan – türkmen ykdysadyýetiniň daşarky faktorlar, şol sanda gazyň pes bahalary we söwda hyzmatdaşlarynyň pes ösüş depginleri bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny çaklapdylar.

Bu aralykda, Aziýanyň Ösüş banky hem türkmen ykdysadyýetiniň ösüş görkezijileri boýunça öz sanlaryny çap edip, onda Türkmenistandaky ösüşiň 2017-nji ýylda 6,5%-e, 2018-nji ýylda hem 7,0%-e çenli dagy ýetjekdigini öňe sürdi.

Maglumatda halkara energiýa bahalaryndaky garaşylýandygy aýdylan dikelmäniň netijesinde, ýurduň girdejileriniň artmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

“2016-njy ýylda ösüş 6,2% töwereginde boldy. Inflýasiýanyň derejesi birneme peselse-de, artan hyzmat importy we uglewodorod serişdeleriniň eksportynyň kemelmegi netijesinde, häzirki hasap defisiti has giňedi. Ösüşiň 2017-nji ýylda 6,5% bolmagyna, 2018-nji ýylda hem 7,0% çykmagyna; şeýle-de inflýasiýanyň az-kem ýokarlanmagyna we uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň gowulanmagy netijesinde has pes hasap defisitiniň bolmagyna garaşylýar. Ösüşi diwerisifikasiýalaşdyrmak üçin hususy pudagyň ösdürilmegi möhümdir” diýip, Aziýanyň Ösüş bankynyň mälim edendigi aýdylýar.

Halkara guramalarynyň hasabatlary bilen birlikde, türkmen häkimiýetleriniň özleri hem hökümet maslahatlarynda ýurduň ykdysadyýetiniň dowamly özgerip, ösýändigini gaýta-gaýta tekrarlaýarlar.

Emma Azatlyk Radiosyna ýurtdan gowuşýan – döwlet mediasyndakydan tapawutlylykdaky – maglumatlara görä, bir tarapdan edaralarda aýlyk haklary gijikdirilip, iş ştatlary kemeldilýän bolsa, beýleki tarapdan-da bazardaky harytlaryň bahalary dowamly artýar.

Galyberse-de, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Halkara walýuta fondunyň türkmen hökümetine döwlet çykdajylaryny azaltmak maslahatyny bermegi bilen birlikde, Aşgabat ýurtda golf meýdançalaryny, Kaspide emeli adany gurmak planlaryny-da yglan edipdi.

Mundan öň Türkmenistanda sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk üçin, bäş milliard dollar gowrak serişdä durýan Olimpia şäherçesiniň we beýleki sport desgalarynyň gurlandygy, bu desgalar we Aşgabady abadanlaşdyrmak bilen baglylykda müňlerçe adamyň jaýynyň ýykylandygy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG