Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arkadag şäherinde we Aşgabatda täze gurulýan binalaryň hili neneň?


Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda soňky döwürde gurlan binalaryň hili pes diýip, gurluşyk ugrundan bilermenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar. Bilermenler Türkiýede bolan soňky ýer titremede binalaryň ýumrulmagyna olaryň ençemesiniň hil taýdan talaba laýyk bolmanlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary seýsmiki taýdan howply ýerde ýerleşýän türkmen paýtagtynda we onuň töwereginde täze gurulýan iri desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Paýtagtda gurulýan Aşgabat-siti toplumynda we Ahal welaýatynyň administratiw merkezi Arkadag säherinde gurlan binalaryň hili pes diýip gurluşyk ugrundan bilermenleriň birnäçesi aýdýar.

"Arkadag şäheri hil taýdan şeýle bir dereje we proyektleri oýlanşyksyz gurlan. Birnäçe gurluşyk firmalarynyň arhitektorlarynyň aýtmagyna görä, Ahal merkezi 5 ballyk ýer titremesine çydamaýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän arhitektoryň, habarçymyz bilen adynyň agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Arkadag şäheriniň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçilik köp. Üstesine binalaryň gurluşygynyň berjaý edilişiniň hili örän pes.

"Arhitektura çyzgysy pes we oýlanşyksyz edilen. Binalaryň gurluşygyndaky serişdeler hem hatda türk firmalarynyň guran binalary bilen deňeşdirlende 50% az. Binalaryň bindýady üçin ulanylan demir armaturalar gereginden az, binat üçin gazylan çukurlaryň çuňlugy 3 metrden geçmeýär. Seýsmiki taýdan howly zonada azyndan 15 metrlik ýer gazylyp, berk we 10x10 ölçegli armatura örülmeli. Sementiň markasy 1000-den pes bolmaly däl. Deňeşdirme üçin türk firmalary binýat üçin ýörite sementi Eýrandan getirerdi. Türkmenistanda öndürlen sementiň hatda 500 nomerli görnüşi hakykatda hil taýdan 200-nji markadan geçmeýär. Ýurtda öndürlen demir armaturalaryň hili hem şeýle" diýip, habarçymyz arhitektoryň aýdanlaryny sitirleýär.

Gurluşyk boýunça bilermenleriň ýene biri Arkadag şäherinde gurlan binalar üçin ulanylan demir armaturlaryň hem hiliniň bolmalysyndan pesdigini belleýär. Şeýle-de, bilermen gurluşyklaryň gidişinde esasy beton guýma işleriniň 2021-nji ýylyň dekabr we 2022-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlaryna gabat geçirlendigini belläp, şondan howanyň ençeme gezek noldan aşak bolandygyny, emma sement bilen bagly işleriň howanyň +7° gradusdan aşak geçirilmeginiň gadagandygyny aýtdy. Hili pes sementiň howanyň +15° +20°-dan pes bolanda talaba laýyk gatamaýandygyny bilermen belledi.

Şeýle-de bolsa, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan gurluşyk ugrundan spesialistleriň sözlerine görä, Arkadag şäherinde demir, beton işleri, kerpiç örüm, suwag işleri gyş aýlarynda gabat gelipdir.

Şol bir wagtda-da, ýakyn wagtda açyljagy resmi taýdan yglan edilen täze şäher henizem gurluşyk tapgyrynda galýar. Dekabrda obýektleriň diňe birinji tapgyrynyň tamamlandygy aýdyldy. 3-nji dekabrda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan şähere hut özi baryp gördi we gurluşygyň alnyp barylyşy bilen tanyşdy.

Gurluşykçylar häzire çenli ýollary agyr asfalt bilen tekizlemek işleriniň hem geçirilmändigini aýdýrlar.

Habarçymyz bilen gürleşen arhitektor binalaryň daşyny mermer bilen örtmek meselesine hem ünsi çekýär. Ol mermer bezegiň binanyň seýsmiki çydamlylygyny peseldýär diýýär: "Sebäbi, binanyň diňe bir gapdalyny mermer bilen örtýärler. Bina 9 gat bolsa, beton diwaryň ýüzüne 15 santimetr çuňlukda 10 müň sany demir bolt kakylýar bu bolsa agramyndan başga, diwary deşmegiň netijesinde beton owranmagyna getirýär. Soňra mermer daşlarynyň ençeme tonna agramy hem bina uly agram salýar. Aşgabatda we Ahalda ak mermerli köpgatly jaýlaryň özi hem seýsmiki howpa goşant goşýar" diýip, arhitektor aýdýar.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak karary 2019-njy ýylda Türkmenistandaky iň agyr ykdysady krizis wagtynda yglan edildi. 2022-nji dekabr aýynda oňa Arkadag adynyň dakylandygy yglan edildi. Türkmen häkimiýetleri täze şähere aýratyn ähmiýet berýärler. Prezidentiň karary bilen Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaraly harby parad geçiriler. Emma şäheriň haçan açyljagy entek yglan edilmedi.

Resmi habarlarda Arkadag şäherine sarp edilen puluň mukdary agzalmaýar. Şeýle-de bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda ýurtda 37 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini birnäçe gezek aýtdy. Bu, iki sany iri proýektiň - Arkadag şäheriniň we Aşgabat-siti şäherçesiniň gurluşygynyň alnyp barylýan döwrüne gabat geldi.

2020-nji ýylyň dekabrynda yglan edilen Aşgabat-siti proýektine görä, toplumyň bir bölegi hökmünde 12-35 gat beýikligi 200-den gowrak belent binanyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň başynda "Aşgabat-sitiniň" guruljak ýerinde topragyň durnuksyzlygyna hem bilermenler, hem-de şol wagtda prezident wezipesinde bolan Gurbanguly Berdimuhamedow üns beripdi.

Häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozalky ýyllardaky inisiatiwalary bilen durmuşa geçirilýän milliardlarça dollarlyk gurluşyklar Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegini garyplyga salan ykdysady krizisiň agyrlaşýan döwrüne gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG