Sepleriň elýeterliligi

Gadymy ýigrenje garşy göreşiň ýollary maslahatlaşyldy


Orsýetiň Wladiwostok şäherindäki ýaşaýyş jaýyna ýazylan antisemitist şygar we nasistik nyşan.

Orsýetiň Wladiwostok şäherindäki ýaşaýyş jaýyna ýazylan antisemitist şygar we nasistik nyşan.

Häzirki döwürde ýewreýlere garşy duşmançylyk öň Holokostyň bolandygynyň iňkär edilmegi ýa-da onuň netijeleriniň peseldilip görkezilmegi ýaly ýagdaýlarda ýüze çykýar. Munuň bilen bir hatarda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Ysraýyl döwletini ýok etmek üçin ikinji Holokosty söz berip gelýär.

Ýewreýleriň tragiki taryhy tejribesi we ýewreýlere garşy duşmançylyk bilen bagly kynçylyklar bu ugurda göreşýänleriň tagallalaryny kemeltmeýär. Hut şu sebäpli onlarça hukuk goraýjylar, taryhçylar we hökümet wekilleri geçen hepde Pragada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan çagyrylan “Antisemitizme garşy gepleşikleriň üsti bilen göreş” atly konferensiýa ýygnandylar. Bu konferensiýa Çehiýanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

“Nasistik Germaniýadan üstün çykylmagyna 66 ýyl geçenden soňra, häzir ýewreýlere garşy duşmançylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz juda oňaýsyz ýagdaýdyr” diýip, konferensiýanyň açylşynda Çehiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýiri Şnaýder çykyş etdi. Şnaýder häzirki wagtda semitlere garşy duşmançylygy “täze gutulardaky köne zäher” diýip häsiýetlendirdi.

Soňky ýyllar...

Ýewreýlere garşy stereotipleriň gadymy bolmagy bilen, häzir bu ugurdaky çydamsyzlyk täze tehnologiýalaryň üsti bilen ýaýradylyp başlandy. “Çydamsyzlyk entek hiç-haçan häzirkisi ýaly global derejede bolmandy” diýip, ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary edarasynyň başlygy Ýanez Lenarçiç belledi.

Ýewreýlere garşy duşmançylyk meselesiniň halkara derejede ýaýrandygyna garamazdan, konferensiýada ÝHHG-niň çägine girýän region barada söhbet edildi. Antisemitizme gözegçilik etmek we oňa garşy göreşmek boýunça Birleşen Ştatlaryň ýörite gözegçisi Hannah Rosentalyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda antisemitizm wakalary Ýewropada has köp ýüze çykýar. Mysal üçin, maliýe krizisinden soň geçirilen pikir soralyşygyň netijesine görä, Ýewropada adamlaryň ortaça 40 prosenti ýewreýleriň "biznesde çenden aşa uly güýji bar" diýen pikirde.

"Ýewropanyň milletçilik we ýewreýlere garşy duşmançylyk bilen baglylykda erbet taryhy bar. Şeýle-de biz häzir milletçiligiň täze tolkunlarynyň emele gelip başlandygyna şaýat bolýarys. Bu-da öz gezeginde, ýewreýlere garşy duşmançylygyň täzeden döräp başlandygyny görkezýär” diýip, Hannah Rosental nygtady.

Ysraýyl


Häzirki wagtda ýewreýlere garşy duşmançylygyň esasy nyşany Ysraýyl bolup durýar. Ysraýyl nasistik matlaply ýazgarmalara duçar bolýar. Bu ýazgarmalar esasan hem arap we musulman döwletlerinde ýüz berýär.

Ýakyn Gündogar konflikti hem özboluşly dawany, “towuk öň döräpmi ýa ýumurtga” soragyny emele getirdi: Ysraýyl hökümetiniň alyp barýan syýasaty ýewreýlere garşy duşmançylyk duýgurlaryny güýçlendirýärmi ýa-da öňdenem bu duýgulary bolanlar özleriniň çydamsyzlygyny ýewreý döwleti bolan Ysraýyla garşy gönükdirýärlermi?

Londonda ýerleşýän, ýewreýlere garşy duşmançylyk bilen bagly jenaýatlara gözegçilik edýän “Jemgyýet howpsuzlygyna ynam” guramasynyň metbugat wekili Mark Gardneriniň bellemegine görä, haçanda Ysraýyl harby operasiýalary geçirende, Britaniýada antisemetizm hüjümleri ýüz berýär.

Elbetde, hiç bir hökümet syýasaty ýa-da kanuny çäreler ýewreýlere garşy öňden gelýän duşmançylyk duýgularyny düýpden ýok edip bilmez. Munuň bilen baglylykda, polşaly žurnalist Konstanty Gebert bu ugurda hüşgärligiň möhümdigini nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG