Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lebapda azyk harytlary gymmatlaýar


Türkmenabadyň bazarlarynyň birinde et satyn alýan zenanlar.

Türkmenabadyň bazarlarynyň birinde et satyn alýan zenanlar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda, azyk harytlary bir aý gowrak wagtdan bäri gymmatlap gelýär. Bu gymmatlama dollaryň ‘gara bazardaky’ bahasynyň galmagy bilen baglanyşykly diýýärler. Ýöne ýagdaý diňe daşary ýurtlaryndan gelýän harytlara däl, ýurdyň içinde öndürilýän azyk harytlaryna-da täsirini ýetirýär.

Hususan-da, gündelik sarp edilýän harytlar bolan makaron önümleri öň üç manat töwereginde bolsa, häzirki wagtda onuň bahasy dört manada golaýlady. Tüwiler öň üç manat bolsa, häzir ol hem 4 manadyň töwereginde, hili ýokary tüwüler öň 5 manatdan satylan bolsa, häzir ony 6 manatdan ýokarda bahalaýarlar.

Ýöne welin bu agzalan harytlar bilen deňeşdireniňde, şekeriň nyrhy öňküsinden üç esse gymmatlady. Häzirki wagtda bir kilogram şeker 8-9 manat aralygynda satylýar, onuň öňki bahasy bolsa üç-dört manatdan geçmeýärdi. Şekeriň bahasynyň galmagy bilen düzüminde şeker goşulýan süýji -köke ýaly konditer önümleriniň ählisi gymmatlady.

– Günaşa dükana barýan, dükana girenimde gündelik alýan harytlarymy aljak bolanymda, onuň bahasynyň gymmatlaýandygyny görýän hem eşidýän. Bahalar her gün üýtgäp dur – diýip, türkmenabatly 60 ýaşlaryndaky Bahadur aga aýdýar.

“Yzygiderli gymmatlaşygyň sebäpleri näme bilen bagly bolup bilýär?” diýlen soragymyzyň jogaby häzirki wagtda türkmenabatlylaryň arasynda iň köp gyzyklanma bildirýän bolsa gerek.

Bahalaryň ýokarlanmagy bilen bagly soragyň jogabyna gyzyklanma adamlaryň ertirki gününe bolan aladalaryny artdyrýar.

– Meniň aýlygym 700 manat aralygynda, onuň tutulýany bolsa 60 manatdan geçýär. Elime alýanym 640 manat töwereginde, ony üç çaga bilen nämä ýetirinjegimi bilemok. Aýlyk 10% galýar diýse, harytlar 50% gymmatlaýar – diýip, Türkmenabadyň 36 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Ikram aýdýar.

Ikram işli we aýlyk gazanjy bolan adam, emma hiç hili gazanjy ýok we häzirki wagtda günlükçi bolup işläp gününi görýänler üçin, azyk harytlaryň gymmatlamagy has ýiti duýulýar.

– Men günüme 10-15 manat gazanyp bilsem begenýärin. Ýöne azyk harytlarynyň bahalarynyň galmagy welin ýagdaýy kynlaşdyrýar. Biz dükandan ýazdyryp alýardyk, ýöne indi dükan eýeleri alan zadyňy tiz-tizden tölemegi talap edýärler, olaram puluny ýetirinip bilenoklar – diýip, türkmenabatly ildeşimiz Kemaledin aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda käbir azyk önümleri tapdyrmaýar, ýagny gyt haryda öwrülip barýar. Hususan-da, şeker tapdyrmaýar, ahal ýaglary hem seýrekläp barýar. Olar hususy dükanlarynda tapdyrsa-da, indi öňküler ýaly bol hem arzan bahasyndan däl.

Bize harytlaryň bahasynyň galmagy baradaky sebäpler hakda, resmilerden anyk bir zatlar eşitmek başartmady. Käbirleri muny aýlyklaryň ýokarlanjakdygy bilen düşündirseler, käbirleri özümizde öndürilýän önümleriň içki bazary doly we bökdençsiz üpjün edip bilmeýändigi bilen düşündirýärler.

“Öň bu gytçylygyň öwezini daşardan getirilýän önüm bilen doldurýan bolsalar, häzirki wagtda daşary ýurt söwdasynyň haýallamagy bilen içki önümiň bahalary hem artyp başlady” diýip, türkmenabatly telekeçi Bezirgen aýdýar.

Bahalaryň gymmatlamagy barada, onuň sebäpleri hakda resmi mediada hiç hili maglumat berilmeýär. Gaýtam resmi mediadaky maglumatlardan çen tutsaň, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün edýän ençeme kärhanalar bolup, bularyň hemmesiniň bazary birkemsiz doly üpjün edýändigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG