Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Käbir haj zyýaratçylaryna emeli bökdençlikler döredilýär"


Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde wiza almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.
Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde wiza almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Türkmenistanyň prezidenti 188 sany zyýaratçynyň Saud Arabystanyna gitmegine rugsat berdi, diýip türkmen mediasy habar berdi.

Türkmenistanly zyýaratçylaryň 5-26-njy sentýabrda Saud Arabystanyna etjek haj zyýaraty döwletiň hasabatyna we “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistan 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri ýylda Mekgä 188 sany zyýaratçysyny iberýär. Saud Arabystanynyň zyýarata barýanlaryň sany boýunça Türkmenistan üçin göz öňünde tutan kwotasy birnäçe müň adamdan ybarat.

Eýse, ýurtda öz hasabyna haj zyýaratyna gitmek isleýänler üçin nähili mümkinçilikler bar?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglary Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

"Käbir haj zyýaratçylaryna emeli bökdençlikler döredilýär"
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:13 0:00

XS
SM
MD
LG