Sepleriň elýeterliligi

ABŞ resmisi: Nepesgulyýewiň meselesini gozgaýarys


Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýew.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýew.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Türkmenistany söz azatlygy boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Daniel Rosenblum bu barada geljek hepde geçirilmegi planlaşdyrylýan C5+1 toparyň ýyllyk ýygnagynyň öňüsyrasynda, Waşingtondan žurnalistler bilen telefon arkaly geçiren metbugat ýygnagynda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Biz Türkmenistany söz azatlygy boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmäge, media azatlygyna we žurnalistlere erkin işlemäge rugsat bermäge çagyrýarys” diýip, Rosenblum 28-nji iýulda beren maglumatynda belledi.

C5+1 toparyň ýygnagyna Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen bir hatarda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri hem gatnaşar.

“Meseläni yzarlaýarys”

Penşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda ABŞ resmisi Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly barada gozgalan soraga hem jogap berip, bu meseläni yzarlaýandyklaryny mälim etdi.

“Biz žurnalist Nepesgulyýewiň ýagdaýy barada aladalanýarys we bu meseläni türkmen häkimiýetleri bilen geçirýän gepleşiklerimizde gozgaýarys” diýip, Rosenblum aýtdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussaglykda saklanylýan žurnalisti Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” şäherinde tussag edilipdi. 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen sud diňlenişiginden öň, Nepesgulyýew doly üzňelikde saklanyp, ol hatda garyndaşlaryna hem görkezilmändi.

Berdimuhamedowyň adyna hat

Nepesgulyýew “bikanun neşe serişdelerini saklamak” diýen aýyplama esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar, şeýle-de Nepesgulyýewiň ýakyn garyndaşlary bu aýyplamalary onuň žurnalistlik işi bilen baglanyşdyryp, ondan ar alnandygyny belläp, ençeme tapgyr beýanat hem ýaýradypdylar.

Şeýle-de, ýakynda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň ýedi agzasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýewi türmeden boşatmaga çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG