Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: Ilat häkimiýetleriň 'turba talaňçylygyndan' zeýrenýär


Ýaşaýyş jaýynyň golaýynda oturdylan gaz ölçeýji gurallar.

Ýaşaýyş jaýynyň golaýynda oturdylan gaz ölçeýji gurallar.

Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýjylardan öz öýlerinde gaz ölçeýji gurallary oturtmaklyk talap edilýär. Munuň bilen baglylykda, käbir türkmenistanlylaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Andalyp daýhan birleşiginiň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýaşaýjysy öz obasynda gaz ölçeýji gurallary oturtmak çäresiniň indi bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýändigini aýdýar.

72 ýaşly pensioner Üzümgül daýza ýaşaýjylaryň munuň bilen baglylykda käbir bökdençlikleri başdan geçirýändigini, gaz ölçeýji gurallary tebigy gaz bilen birikdirmek üçin, zerur bolan gaz geçiriji turbalary ýaşaýjylaryň özleriniň satyn almaly bolýandygyny belleýär.

Üstesine-de, bu turbalary diňe ýerli resmilerden satyn almaly. Onam resmiler ýaşaýjylara bazardaky bahasyndan iki esse gymmada satýarlar. Ony wagtynda satyn almadyk ýaşaýjylara bolsa, her bir nokat üçin 150 manat möçberinde pul jerimesini salýarlar diýip, Üzümgül daýza gürrüň berýär.

“Ýaşaýjylara öz gaz geçiriji turbalaryny satmak üçin”

“Bize gaz ölçeýji gurallary oturtdylar. Şol wagtda [ýaşaýjylar] turbalary alyp ýetişip bilmediler, tebigy gaz turbalaryny hem gaz ölçeýji gurallara birikdirilmedi. Şol sebäpli daýhanlara jerime salyp, ençeme pullaryny aldylar. Turbany özümiz satyn almaly. ‘Özlerimizde bar, ine, satyn alyň’ diýýärler. Onuň bahasy iki esse [gymmat], bazarda bolsa arzan” diýip, Üzümgül daýza aýdýar.

Şeýle-de, ol ýerli resmileriň “ýaşaýjylara öz gaz geçiriji turbalaryny satmak üçin” gaz ölçeýji gurallary köçeden geçýän turbanyň golaýyndaky ýaşaýyş jaý girelgesinde ýerleşdirmän, uzakdaky nokatdan çekendigine ünsi çekýär.

“Maşyndaky turbalaryny geçirjek bolup, iki-üç esse bahasyna satjak bolup, [gaz geçiriji turbany] biziň öýümiziň girelgesindäki nokatdan çekmän, çetdäki aşhananyň nokadyndan geçirdiler. Hemmesi üçin gaz goýberýän nokatdan çeken bolsalar biziň üçin ýeňillik bolardy. Hawa, turbalaryny satmak üçin şeýtdiler” diýip, Üzümgül daýza aýdýar.

Jerimäni töläp bilmeýänler näme etmeli?

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda ýaşaýjylaryň aglabasy gün-güzeranynyň pesligi sebäpli özlerine salnan pul jerimesini töläp bilmän, ýerli resmileriň haýbatlaryna sezewar bolýar: “[Jerimäni] tölänler hem bar, tölemediklerem. Tölemeseňiz, üstüňize milisiýany alyp geleris diýip, gorkuzyp gitdiler. Indi näme etmeli? Pensionerler diňe pensiýasy bilen hojalygyny aýlaýar. Pensiýasyz hojalyklaram bar. Olary göreniňde gynanýarsyň, gaty kyn”.

Ýeri gelende aýtsak, Azatlyk Radiosyna Daşogzuň Andalyp daýhan birleşigindäki bu meseleler barada degişli resmilerden maglumat almak başartmady.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilata gazyň, suwuň we elektrik togunyň belli bir möçberi mugt berilýär. 2014-nji ýylyň başyndan bäri ýaşaýyş we edara jaýlarynda gaz, suw ölçeýji gurallaryny oturtmak çäresi giň gerimde dowam edýär.

Şol bir wagtda, ýurtda ilata mugt berilýän hyzmatlaryň ýatyrylmagy dogrusynda hem çagyryşlar, teklipler aýdylýar. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynda ilata mugt berilýän hyzmatlary, şol sanda gazy tölegli etmek teklip edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň degişli resmilerine bu meselä garamagy tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG