Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleriniň Daşoguzdaky ‘sakgal urşy’


Türkmen häkimiýetleriniň Daşoguzdaky ‘sakgal urşy’
Türkmen häkimiýetleriniň Daşoguzdaky ‘sakgal urşy’

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleriniň namaz okaýan ýa-da sakgal goýberýän ýaşlary tutup, olara garşy dürli çäreleri görýändigi aýdylýar.

Ýurduň demirgazyk welaýatynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk radiosyna beren maglumatyna görä, häzirki wagt Türkmenistanda sakgaly sähel ösgün, emma ýaşy uly bolmadyk adamlar “komitetçikler” (Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri) tarapyndan tutulyp alnyp gidilýär.

“Men şu wagt sakgalymy günde syrýaryn. Türkmenistanda ýüzüň sähelçe garalan bolsa, ýagny 3-4 gün sakgalyňy syrmadyk bolsaň, onda Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýa-da ‘komitetçikler’ tussag edýärler. Hiç hili sebäp düşündirmän alyp gidýärler” diýip, daşoguzly 25 ýaşlaryndaky Rahym (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

“Indi sakgal goýbereniňi görmäli”

Ýeri gelende bellesek, resmi metbugatda Türkmenistanda ýaşuly ýaşyna ýetmedik adamlaryň sakgal ösdürmegini çäklendirýän kanunyň ýa-da kararyň bardygy baradaky maglumat göze ilmeýär.

Muňa garamazdan, resmiler tarapyndan tussag edilen 50 ýaşyna ýetmedik adamlara dürli soraglaryň berilýändigi we olaryň sakgalynyň mejbury syrdyrylýandygy aýdylýar.

“Ýakynda welaýatyň polisiýa edarasynyň işgärleri sakgal goýberen bir tanyş oglanymy çagyryp, oňa “Näme üçin sakgal goýberýäň?”, “Sen wahabistmi?”, “Namaz okaýarsyňmy” ýaly soraglary beripdirler. Soňra-da sakgalyny syrypdyrlar. Ondan soň, eline arak çüýşesini berip, ony stakana guýup, içmegi buýrupdyrlar. Ol buýrugy ýerine ýetirmeli bolupdyr. Soň oňa doňuz etini iýdirip: “Indi sakgal goýbereniňi görmäli” diýip goýberipdirler” diýip, 30 ýaşyna golaýlan Begmyrat (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berýär.

“Hemmeler ‘aňsat’ sypmaýar”

Ýöne ýaşlaryň ählisi bu oglan ýaly “aňsat” sypmaýar, sebäbi türkmen resmileriniň beren soraglaryna “göwnejaý” jogap bermedik we olaryň talaplaryny ýerine ýetirmedik türkmenistanlylara garşy has ýaramaz çäreler görülýär diýip, Begmyrat belleýär.

“Namaz okaýan ýa-da sakgal goýberýän käbir adamlar ‘komitetçikleriň’ talap edişi ýaly, sakgalyny syrmasa, arak içmese, doňuz etini iýmese, onda olary urup-ýenjip, zor bilen sakgalyny syrýarlar. Olaryň käbirini bolsa sud etmezden tussag edýärler, 7-8 ýyl iş kesýärler. Şu wagt obamyzdan şeýle ýagdaý bilen baglanyşykly iki adam basyldy. Olaryň ykbaly barada hiç kim hiç zat bilmeýär, dogan-garyndaşlaryna- da maglumat berilmeýär” diýip, Begmyrat nygtaýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda sakgal goýberýän ýaş türkmenistanlylaryň dürli kynçylyklara duş gelýändigi barada Azatlyk radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gowuşýar.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, türkmen resmilerine sakgal goýberýän ýaş türkmenistanlylar babatynda nähilidir bir gadagançylygyň girizilendigini ýa girizilmändigini ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip boldy.

XS
SM
MD
LG