Sepleriň elýeterliligi

Balkan: Aýlyklar iki aý bäri berilmeýär


Türkmen manady.

Türkmen manady.

Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ähli işgärleriň diýen ýaly aýlyk haklary indi ençeme wagt bäri, azyndan iki aý gijikdirilip berilýär. Bu ýagdaý esasan welaýatyň magaryf ulgamynda, saglygy saklaýyş pudagynda we önümçilik kärhanalarynda işleýänlere degişli.

Bu welaýatyň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerindäki we Bereket, Serdar, Etrek etraplaryndaky käbir mekdep mugallymlarynyň, çagalar bagynyň terbiýeçileriniň we keselhana işgärleriniň aýtmaklaryna görä, olara iýun we awgust aýlarynyň aýlyk haklary heniz hem berilmändir.

Ýakynda ýurduň Günbatar welaýatynda saparda bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, işgärler sentýabr aýynyň aýlyk haklarynyň hem haçan beriljekdigi barada alada galýarlar.

“Aýlyklar entek berilmändir. ‘Sentýabr aýynyň tamamlanmagyna-da sanly gün galdy. Şu iki aralykda olam berilmez. Oktýabr aýynda, bolmanynda, awgust aýynyň aýlygy berilse-de, biz razy’ diýip, aýlygyny alyp bilmeýän adamlar juda zeýrenýärler” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Banklarda nagt pul ‘ýok’

Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlere aýlyk haklarynyň wagtynda berilmezliginiň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär. Emma käbir edara resmileriniň işgärlere dil üsti bilen beren düşündirişlerine görä, bu ýagdaý ýurduň banklarynda nagt puluň ýoklugy bilen baglanyşykly.

“Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, mekdepleriň müdirleri ‘biz bankdan pul alyp bilemizok. Ýogsam biz banka tabelleri, resminamalary öz wagtynda geçirýäris. Bankdan siziň aýlyk-günlükleriňiz plastik kartlaryňyza geçirilmeli. Ine, şol kartlara-da geçirilenok. Bizde günä ýok, bizem yzygiderli habar tutýarys’ diýip jogap berýärler. Ýöne olaryň aýtmagyna görä, bankyň işgärlerem, ýokarda oturan döwlet guramalaram ‘Sabyr ediň! Pul ýok, nagt pul tapylan wagty

hökman aýlyklary töläris’ diýip jogap berýärler” diýip, iýul, awgust aýynyň aýlyk hakyny alyp bilmeýän balkanabatly 44 ýaşyndaky Maral mugallym gürrüň berýär.

Işgärler başga gazanç çeşmelerini gözleýär

Maral mugallym ýaly aýlyk haklaryny alyp bilmeýän başga-da ençeme döwlet işgäriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaý, dollaryň “gara bazarynyň” möwjeýän we bazarlarda harytlaryň barha gymmatlaýan döwründe, olaryň maşgala býujetine has-da ýaramaz täsir ýetirýär. Netijede, käbir döwlet işgärleri başga gazanç çeşmelerini gözleýärler, diýip adynyň efirde agzalmazlygyny soran nebit-gaz pudagynyň işgäri balkanabatly Mergen aýdýar.

“Meniň gapymda maşynym bolany sebäpli, işden soň awtoulagymy täksi hökmünde ulanyp, şäherde gazanç edýärin. Käbir tanyşlarym wagtynda aýlygyny alyp bilmän, obadaky mal-garalaryndan satdylar. Şeýdip, her kim belli bir wagt aralygy üçin, gün-güzeran aýlajak bolýar. Soňy bilen näme boljagyny hiç kim bilmeýär” diýip, indi iki aýyň aýlyk hakyny alyp bilmeýän Mergen gürrüň berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, indi ençeme aý bäri Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna esasan hem Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky işgärleriň aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigi bilen baglanyşykly dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, makalada agzalan meseleler boýunça Azatlyk Radiosyna Balkan welaýatynyň degişli resmilerinden maglumat almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG