Sepleriň elýeterliligi

“Yimpaş Holding” söwda merkeziniň ýumrulmak ähtimallygy barada beýanat etmedi


Aşgabatdaky “Yimpaş” söwda merkezi.

Aşgabatdaky “Yimpaş” söwda merkezi.

Aşgabatda türk işewürleri tarapyndan bina edilen “Yimpaş” söwda merkeziniň ýapyljakdygy hem-de bu merkeziň we onuň gapdalyndaky “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine geçjekdigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosyna “Yimpaş” söwda merkeziniň ýa-da “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň durumy bilen baglanyşykly peýda bolan maglumatlar barada degişli türkmen resmilerinden maglumat almak başartmady.

Emma Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada kommentariýa almak üçin Türkiýedäki “Yimpaş holding” merkezi bilen hem habarlaşdy. Bu holdingiň öz adyny aýtmakdan saklanan jogapkär türk resmisi bu mesele dogrusynda media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada özleriniň kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini aýtdy.

“Bu mesele boýunça beýanat bermeýäris”

“Biz bu mesele boýunça hiç hili beýanat, maglumat bermeýäris. Biziň bu barada kompaniýa derejesinde kabul eden kararymyz bar. Biz hiç hili maglumat bermeýäris” diýip, Türkiýedäki “Yimpaş holdingiň” jogapkär resmisi aýtdy.

Şol bir wagtda, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri hem 30-njy noýabrda çap eden maglumatynda “Yimpaş” söwda merkeziniň we “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň binalarynyň ýumruljakdygy barada habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlaryň anygyna ýetmek üçin, 1-nji dekabrda Aşgabatdaky “Yimpaş” söwda merkeziniň ýokary derejeli ýerli iki resmisi bilen söhbetdeş boldy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu iki resminiň aýtmagyna görä, bu maglumatlaryň peýda bolmagy mundan ýigrimi ýyl ozal “Yimpaş” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly.

“Yimpaş” söwda merkezi we “Yimpaş Täjirçilik” merkezi geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalaryna gurlup başlananda, bu merkezler türk kompaniýasynyň ýurduň daşyndan getiren inwestisiýasy, ýagny öz pulunyň hasabyna salyndy. Şeýlelikde, onuň gurluşygy üçin Türkmenistan hökümetinden hiç hili maliýe çykdajysy edilmedi diýip, “Ýimpaşyň” ýerli iki resmi aýdýar.

“Şertnama 2017-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar”

Olaryň sözlerine görä, şol döwür “Ýimpaş” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň Nebit-gat toplumynyň araçy bolmagynda ýörite şertnama baglaşylýar. Şol şertnamada-da, salynjak binalaryň umumy bahasy, olaryň näme maksat üçin ulanyljakdygy hem-de “Ýimpaş” kompaniýasynyň “Ýimpaş” söwda merkezini we “Yimpaş Täjirçilik” merkezini salmak üçin eden çykdajylarynyň üzlüşmeli möhleti kesgitlenilýär.

“Şol şertnama, ýagny “Yimpaş” kompaniýasynyň Türkmenistanda guran binalary üçin Türkmenistan döwletinden algysy 2017-nji ýylyň maý aýynda doly tamam bolýar. Ýagny bu kompaniýa öz eden çykdajylaryny doly yzyna gaýtaryp alýar. Şondan soň hem, öňki baglaşylan şertnamanyň ýuridiki, ýagny hukuk güýji ýitip, “Yimpaş” söwda merkeziniň we “Yimpaş Täjirçilik” merkeziniň jaýlary Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine geçýär. Şondan soň, aksiýalaryň - kontrol, ýagny eýeçilik bölegi - 51%-den köpräk bölegi Türkmenistan hökümetiniň eýeçiligine geçip, olar doly Türkmenistan döwleti tarapyndan dolandyrylyp başlanmaly. Bu ýerde hiç hili hukuk, düzgün bozmalar ýok. Bu 20 ýyl ozal baglaşylan şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly” diýip, “Ýimpaşyň” ýokary derejeli bir resmisi aýtdy.

Ýöne ol, eger “Yimpaş” kompaniýasy isleg bildirse, onda “Yimpaş” söwda merkezinde ýa-da “Yimpaş Täjirçilik” merkezinde indiki ýyllarda amal ediljek işlere aksioner, ýagny paýdarlar jemgyýetiniň bir agzasy hökmünde gatnaşyp biljekdigini hem belledi.

Gysyşlar we gözegçilikleri

Galyberse-de, “Ýimpaşyň” resmileri şu ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, häkimiýetler tarapyndan şu söwda merkezi we onuň işgärleri babatynda yzarlanmalaryň belli bir derejede ýüze çykýandygyny hem sözleriniň üstüne goşdular.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň 18-ne bu söwda merkezine türkmen häkimiýetler tarapyndan edilýän gözegçilikleriň we çäklendirmeleriň barha güýçlenýändigi barada Azatlyk Radiosy ilkinji bolup habar beripdi.

Türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Yimpaş” söwda merkezine edilýän gysyşlar Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen baglanyşykly edaralaryň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20 000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18 000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşip, onda Türk Howa Ýollary, Ýewropanyň banky, Germaniýanyň Kommerzbanky we Ýaponiýanyň Itoçu şereketleri bilen bir hatarda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG