Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär': HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary


Halkara pul gaznasynyň Waşingtondaky baş binasyndaky logosy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Halkara pul gaznasynyň Waşingtondaky baş binasyndaky logosy. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Halkara pul gaznasy 2023-nji ýylda Türkmenistanda Jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş derejesiniň 2 %-e deň bolandygyny aýdýar. Türkmen hökümeti bu görkezijiniň degişli döwürde 6,3 %-e barabar bolandygyny yglan etdi. Synçylar hökümetiň resmi statistikalaryny sorag astyna alýarlar.

Halkara pul gaznasynyň missiýasy ýurtdaky makro ykdysady ösüşlere we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, şeýle hem ykdysady töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 27-nji mart – 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda bolup, ýokary derejeli hökümet resmileri, işewür toparlaryň, maliýe ulgamlarynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen duşuşdy.

Missiýa saparyň yz ýany çap eden beýanatynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2,3%-e barabar boljakdygyny çaklady. Şeýle-de, pul gaznasynyň sanlaryna görä, Türkmenistanda inflýasiýanyň 8 göterime çykmagyna garaşylýar.

Halkara pul gaznasynyň ekspertleri Türkmenistana walýutanyň resmi hümmetine gaýtadan seretmegi we düýpli üýtgetmegi maslahat berýär. Missiýanyň beýanatyna görä, Türkmenistanda walýutanyň [resmi we resmi däl] hümmetini birleşdirmeklik ykdysady ýoýulmalary we dolandyryş gowşaklyklaryny azaldar. Şeýle-de, maliýe guramasynyň ekspertleri Türkmenistanda halkara geçirimler boýunça bar bolan walýuta çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyny hem maslahat berýärler.

Gaznanyň missiýasy Türkmenistanda döwletiň ykdysadyýete administratiw gözegçiliginiň azaldylmagyny maslahat berýär. Şol bir wagtda, ykdysady statistikalaryň hiliniň, elýeterliliginiň hem-de ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy aýdyňlygyň hem-de ygtybarlylygyň artdyrylmagyna ýardam berer.

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýyndaky çykyşlarynyň birinde Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2023-nji ýylda 6,3%-e deň bolandygyny yglan etdi. Halkara pul gaznasynyň Jemi içerki önüm boýunça 2023-nji ýyl üçin çap eden sanlary türkmen häkimiýetleriniň hödürleýän sanlaryndan üç esse çemesi az bolup, bu ýagdaý synçylarda sorag döredýär.

Aşgabatly syýasatşynas Kümüş Baýriýewa Halkara pul gaznasynyň soňky beýanaty boýunça beren seljermelerinde türkmen statistikasynyň “diňe propaganda maksatlaryna hyzmat edýändigini” aýtdy.

“Manadyň dollara bolan gatnaşygynda resmi we hakyky nyrhlaryň bolmagy türkmen ykdysadyýetiniň ‘gaýtadan gaýrata galmagyna’ ýol bermeýär” diýip, aşgabatly syýasatşynas aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurt walýutasynyň resmi däl alyş-çalyş nyrhynyň bolmagy ýurtda walýutanyň erkin söwdasynyň ýokdugyny aňladýar we bu ýagdaý hususan-da kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady işjeňligini bökdeýär.

Ýöne synçynyň ynanjyna görä, türkmen ykdysadyýetiniň iri “oýunçylary” konwertasiýa mümkinçiliklerini tapýarlar, bu ýagdaý bolsa hususy telekeçiligi, hakyky bäsdeşligi ysmaz edýär.

Ol ýurda import edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň walýutanyň “gara bazar” bahasyndan, aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň bolsa resmi kursdan hasaplanylýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa ilatyň satyn alyjylyk ukybyny pese gaçyrýandygyny gürrüň berdi.

Şeýlelikde, ilatyň girdejileri resmi kursda görkezilýär, ýöne ilatyň bazar sebedi walýutanyň gara bazar bahasy boýunça kesgitlenýär.

“Häkimiýetler zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny [bolmalysyndan] 5,5 esse çemesi az töleýär” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat hökmünde saklap gelýär. Ýöne walýutanyň gara bazarynda dollar resmi kursdan 5,5 esse çemesi has gymmat satylýar.

Meselem, 3 müň manat çemesi aýlyk alýan raýatyň zähmet haky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 857 dollara, walýutanyň gara bazar bahasy boýunça takmynan 140 dollara barabar bolýar.

“Hatda orta möçberlerdäki zähmet haklary bilen oňşup bolmaýandygyna göz ýetirmek üçin, bölek satuwdaky we bazarlardaky bahalara seretmek ýeterlik bolar, pensiýalar barada gürrüň hem ýok, olar bilen diňe “total ykdysadyýet” şertlerinde oňşup bolar” diýip, Kümüş Baýriýewa aýtdy.

Halkara pul gaznasynyň bilermenleri beýleki teklipnamalar bilen bir hatarda döwlet maliýe dolandyryş reformalarynyň hem-de döwlet eýeçiligindäki kärhanalar boýunça reformalaryň gijä goýulmazdan ýerine ýetirilmegini maslahat berdi.

Halkara pul gaznasynyň beýanatyna görä, bu çäreler 2014-nji ýylda kabul edilen Býujet kodeksiniň talaplarynyň berjaý edilmegini hem öz içine alýar. Bu kodeks, beýleki käbir özgertmeler bilen bir hatarda, ýeke-täk gazna hasabynyň esaslandyrylmagyny, maliýe hasabatlylygynyň we aýdyňlygyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG