Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Döwür, döwürdeşler hem döwrüň syýasaty

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow, 1991-nji ýyl.
22.12.2009

Dogrusyny aýtsak, ýurt özbaşdak ýaşap başlandan soň türkmenleriň syýasata goşuljak bolşy ömürboýy gulply sandykda ýaşan adamy sandykdan çykaraga-da, «bar, uruş» diýip, eline gylyç tutdurylan ýaly boldy. Haýsy ýol bilen gitmeli, nämeden başlamaly, bilmediler.

Syýasy sowat edinmezden, syýasata baş goşmagyň ýalňyşlyklara eltýändigine köp kişiler düşünmediler. Köp kişiler ýurt ýolbaşçysyna agzyňa gelenini sögmek syýasatdyr öýtdüler, ýurt ýolbaşçysyna sögüp bileni syýasatçydyr öýtdüler.

Şeýle bolmazça-da däldi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmenleri syýasata goşulmany haçan görüpdir?! Olary 1920-nji-1930-njy ýyllarda sowet hökümetiniň garşysyna aýaga galan güýçli syýasatçylar bilen deňäp boljak däldi. Ýigriminji-otuzynjy ýyllaryň syýasatçylary göreşiň, urşuň, gan döküşikligiň içinde bişen syýasatçylardy. Sowet hökümeti 1937-1938-nji ýyllarda olaryň baryny ýok edipdi, atypdy, türmelere basypdy.

Başgaçarak hereket edilen bolsa...

Müň dokuz ýüz togsan birinji ýylda - Türkmenistanyň özbaşdak ýaşamaga başlan döwründe syýasata baş goşmaga synanyşanlaryň ählisi sowet hökümetiniň ýapyk düzgüninde ýaşap kemala gelenlerdi. Üstesine-de, sowet hökümeti olary hut ejesi naharlaýan çagajyk mysaly aýnadyp kemala getiripdi. Okadypdy, iş beripdi. Alym boljaklary alym edipdi, şahyr boljaklary şahyr edipdi. Syýasata baş goşmaga welin, rugsat bermändi.

Syýasat küýsänleriň barynyň dişi ikinji jahan urşundan öň döwlüpdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasata baş goşjak bolanlaryň barysy uruş ýyllarynda hem-de uruşdan soňky ýyllarda doglanlardy. Olara «Ykdysady syýasat», «Ylmy kommunizm syýasaty» boýunça ýokary okuw jaýlarynda ders berlen-de bolsa, hakyky syýasat hakda hiç hili düşünje berilmändi. Diňe Leniniň alyp baran göreşi, sowet hökümetiniň göreşleri hakda öwredilipdi, olar dünýä belli syýasatçylar ýaly adamlaryň başdan geçirmelerinden bihabardy.

Bir sapar Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow Ylymlar akademiýasynda özünden nägile adamlaryň ýygnagyna gatnaşypdy. Şonda ol birnäçe nägile adamlaryň adyny tutup: «Köşge geliň, men size iş bereýin, bile işleşeliň» diýipdi. Ýaňy syýasata baş goşan kişiler çakylygy kabul etmän: «Biz seniň ýaly adam bilen işleşmeris. Sen iň gowusy, işiňden git. Bize sen gerek däl» diýşip, gygyryşyp, özlerini görkezipdiler. Soň bolsa, özlerini KNB-niň işgärlerine kowaladyp, türmä düşeni türmä düşdi, daşary ýurda gaçany daşary ýurda gaçdy.

Ine, şu ýerde gykylyk etmek syýasatça degişli däl. Şol adamlar şol wagt Nyýazowyň ýanyna işe barmalydylar. Onuň bilen işleşmelidiler. Oňa ýürek bilen hyzmat edip, bir ýandan bolsa özleri bilen pikirdeş adamlary töwereklerine, hökümet edaralaryna işe ýerleşdirmäge kömek etmelidiler. Hatda deputatlyga saýlanmaga-da kömek etmelidiler. Şeýdip köpelmelidiler. Olar bolsa gykylyk edip, dargap gitdiler. Sen bir uly syýasy güýç ýa-da partiýa bolan bolsaň, onda ýumruk galdyryp gykylyklaşsaň-da bolardy.

Indi göz ýetirildimikä?

Ýaňy garaşsyzlyk alnan ýyllarda syýasata goşuljak bolanlar bir ýylda, iki ýylda syýasatçy-da bolup bolmaýanlygyna, syýasy partiýa-da döredip bolmaýanlygyna şu günler göz ýetiren bolsalar gerek. Dünýä syýasatçylarynyň durmuşyndan ýazylan kitaplara nazar aýlanyňda olaryň syýasatyň ugrunda bütin ömrüni sarp edýändigine göz ýetirýärsiň.

Şol zatlara göz ýetirilmezlik ýüregi göreş hyjuwyndan doly köp ýigitleriň nähak ýerden ölüme, ýeňlişe, maýyplyga duçar bolmagyna getirdi. 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda köçä çykanlaryň betbagtçylyklarynyň öwezini näme bilen dolup bolar?! Sen bäş ýüz sany bol, ýa-da müň, barybir, eli ýaragsyz adamlaryň goşuny, polisiýasy, KNB-si bolan kişini ýeňmejegi köre hasa. Ýa-da şol bäş ýüz adamyň ýoldan ýöräp, köçelerde ýurt ýolbaşçysyna agzyna gelen zady sögüp geçmesi syýasy göreş däl. Ýolbaşçy ornuna baran kişi saňa aňsatlyk bilen ornuny bermeýär. «Bar, git! Sen bize gerek däl!» diýen sözden gorkup, haýsy ýurduň ýolbaşçysy ornuny başgalara beripdir?!

Sen ýolbaşçynyň edýän işiniň tersligini oňa düşündirip bilmeli, soň bu ýagdaýy halka düşündirip bilmeli. Ýolbaşçynyň göwne sygmaýan işine nägilelik bildirmäge halkda ukyp, gaýrat barmy, ony öwrenmeli.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda syýasy partiýalar döredi. Ýöne olaryň ýolbaşçylary halky ýeterlik derejede daşyna toplamagy başarmadylar. Olar kiçijik toparlar bolup, öz aralarynda pikir alyşmalar geçirmek bilen oňdular. Partiýa ýolbaşçylarynyň içinde her hilisi bardy. «Bize Nyýazow iş berenok» diýip, daşary ýurt medialaryna arz edip ýörenem bardy. (Öz kastyna çykan adamlara hökümetiň iş bermejegine syýasatçy düşünmeli ahbeti!)

Partiýa ýolbaşçylarynyň içinde gizlin ýagdaýda gazetler, žurnallar çap edenler, listowkalar ýaýradanlar hem boldy. Şolaryň gizlin ýagdaýda hereket etmegi-de olaryň dargamagyna getirdi. Olar nähili kyn ýagdaýlara düşseler-de, açyk ýagdaýda hereket etmelidiler, özleriniň baryny halka aýan etmelidiler.

Uly syýasat we kiçi döwlet

Dünýäde Yrak meselesiniň, Owgan meselesiniň ýüze çykmagy demokratiýany goldaýan döwletleriň türkmen syýasatçylaryna el uzatmagyna päsgel berdi. Üstesine-de, uly syýasatda alnyp barylýan oýunlar kiçijik döwlet bolan Türkmenistanyň ýaňy ýörjen-ýörjen bolmaga çalyşýan bäbege çalymdaş syýasy partiýalaryny aýagy bilen basyp geçdi.

Tebigy gazyň baý gory bolan ýurduň ýolbaşçysynyň özlerine gülüp bakaryny gazanmak meselesi demokratiýa ugrunda göreşmek üçin ýörjen-ýörjen bolup ugran syýasy partiýalara gol uzatmak meselesinden zerurrak boldy.

Şeýlelikde, diktatura ýurdy bolan Türkmenistanda ýaňy döräp ugran syýasy partiýalar özlerini aýan etmänkäler dargap gitdiler. Partiýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçysy dälihana, birnäçesiniň ýolbaşçysy türmä atyldy. Birnäçesiniň jaýy-emlägi elinden alnyp, özi ýurtdan çykaryldy. Birnäçesi özüne hökümet tarapyndan işjagaz berlensoň, göreşmegini bes etdi.

Dünýäde, şol sanda Türkmenistanda-da demokratiýanyň ornaşdyrylmagyny isleýän hem-de demokratik ösüşleri goldaýan döwletler mundan beýläk bir hiç kimiň ýylgyryşyny gazanjak bolman, Türkmenistandaky oppozision toparlary hem partiýalary goldasa, olara gol uzatsa gowy bolar. Demokratlar diktatorlardan gowy ýylgyrýar. Ine, şonda tebigy gazam hemmä ýetik bolar, dostluk gatnaşyklary-da üýtgeşik bolar!

Döwlet Hojamedow aşgabatly inteligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan
22.12.2009 13:48
+0 / -0
Bah, dogrusy gowy analiz. Sögmek ya gygyryşyp yykyp yumurmak syyasatam dal, demokrasiya-da dal. Medeniyetli adamlar gürleşip, düşünişip, özara maslahatlaşyp çözmeli meseleleri. Ol döwür geçdi, yza gaydyp bolanok. İndi kabir yalnyşlyklar nadip düzeler, nadip halkyn hal-yagdayy gowulaşar, nadip Türkmenistan söz, metbugat, wyjdan azatlygyny doly gazanar şol soraglara jowaplar gözlemmeli. Türkmen halky Demokrasiyany Ösüş yolunda ynsany yollar bilen gazanmaly, ynsany yollar bilen...

kimden: галтаман nireden: пустыня
22.12.2009 17:29
+0 / -0
С.Ниязов башлымыны оран говы башлады.Сон булашып башлады.Ахырында-да оны бир топар гоз-яшлар,налетлер уммана алды гитди.Шейле хадысалар ене-де довам эдйар...
Шол себапден гелин,Н.Айтаковы,Г.Атабаеви ве енеде бирначе хак туркмен герчеклерини ятлалын.Белки хак ёлундан барарыс....

kimden: Gahryman
23.12.2009 00:40
+0 / -0
Men bu makalada aýdylanlar bilen ylalashamok. Näme awtor ýöne hemme zady gülala-güllük edip goýaýdyla! SSSR-den soň Russiýada näme uly siýasy tejribe bardymy? Yöne häzir olardaky söz azatlygynyň ýa demokrtiýaň ýagdaýy biziňki bilen deňär ýaly dal - örän ýokary! Islendik ýapyklykdan soň adamlaryň jedelleşmegi ýa birek-biregi tankytlamagy, goh turuzmagy tebigy zat. Ewropa ýurtlarynyň taryhynda adamlar ýapyklykdan soň birek-biregiň ganyny döküp, demokratiýa ýetdiler. Siz bolsa bu ýerde dawalaşman, sögüşmän demokratiýa ýetjek bolýaňyz! Gözüňizi açyň! Niýazow hökümet başyna gelende Mejlisde-de, hökümet organlarynda-da bilimli-sowatly oppozision garaýysly adamlar köpdi. Olar hut şu awtoryň aýdyşy yaly, gepleşikler we diskussiýalar bilen jemgyýeti özgertmäge çalyşdylar. Emma aradan 2-3 ýyl geçip Niýazow hakimiýetiň "tagamyny" dadansoň, ol adamlaryň baryny güm gidene gidirdi. Bu nämäni görkezýär? Bu mylaýmlyk bilen demokratiýanyň gazanylmaýandygyny görkezýär. Halk diňe öz deri we gany bilen, öz agyr tejribesinde gazanýar by gymmatlyklary. Bu prosesde dawa-jeljelden, goh-galmagaldan gorkmaly däl, bu etapdan her bir halk hökman geçmeli. Şony geçmese halk öz gazanan zadynyň (bardy-geldi gazanaýsa-da) gadrynam bilmez.
Muňa jogap

kimden: Umyt
23.12.2009 12:01
+0 / -0
21 Dekabrda Gurbanguly Berdimuhammedow öz egindeşleri bilen bu gezekki ýatlama çäresine baryp, ýurduň ilkinji prezidentini hatyralyp, aýat okady.
Nyýazowyň kulty bilen bagly syýasat pajarlap baryar.
Emma Gahryman gysynma.
Ruslarayn "Vremia pokajet" diyeni bolar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil