Diňle

Häzir efire gidýär

Agşamky programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Kommentariýa

Türkmenistany hakykatda kim dolandyrýar?

04.01.2010

Türkmenistanda real häkimiýet kimiň elinde? Halkara synçylary şu meseläni analiz edende, milleti, ady türkmen bolmadyk üç adamdan sowlup geçip bilmeýärler. Olar Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan hem Wladimir Umnow.

Bu adamlary diňe bir gelip çykyşynyň türkmen däldigi birleşdirmeýär. Agzalan atlaryň töwereginde şu wagta çenli köp sanly çaklamalar, myş-myşlar dowam edýär.

Esasy intriga nämeden ybarat? Olar näme üçin şu wagta çenli ýurduň ýolbaşçy apparatynda saklanyp galmak bilen çäklenmän, dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, esasy roly oýnamagyny dowam etdirýärler? Bu henizem jogapsyz galýan soraglar. Hramow, Žadan hem Umnow S.Nyýazowyň iň ýakyn kömekçileri bolandygy bilen has-da ünsi özlerine çekýärler.

21-nji dekabr soňky türkmen taryhynda aýratyn bir simwolik häsiýete eýe boldy. Şol gün Nyýazow ölüpdi, Stalin doglupdy.

Olar nädip häkimiýetde galýarlar?

Eger logika yzarlansa, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ozalky prezidentiniň tarpa-taýyn ölmegi bilen, täze döwlet lideri öňki häkimiýetiň täsirli wekillerinden dynmaga çalşaýjak ýalydy. Bu şeýle-de boldy. Arassalaýyş işi geçirildi. Ýöne Hramow, Žadan hem Umnow ýolbaşçylykda eldegrilmesiz adamlar bolup galdylar.

S.Nyýazowyň ölümi baradaky hatyň aşagyna ýurduň 29 ýolbaşçysy gol goýupdy. Şol gol çekenleriň ençemesi häkimiýetden çetleşdirildi. Şonda şolaryň hataryndaky bu üç adamyň wezipeleri-de görkezilipdi. Wiktor Hramow - prezidentiň kömekçisi, Aleksandr Žadan - prezident apparatynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary, Wladimir Umnow - prezidentiň kömekçisi.

Göräýmäge beýle bir uly wezipe-de däl ýaly. Olar tas Türkmenbaşynyň häkimiýet başyna gelen döwründe diýen ýaly onuň golaýynda peýda bolupdular. Olar şonda Nyýazow üçin möhüm şahslar bolup geldiler.

G. Berdimuhamedowy şol adamlaryň hyzmatyndan peýdalanmaga näme mejbur etdi? Olary öz adamlary bilen çalşyrmaga oňa näme päsgelçilik döretdi?

Ondanam başga, ine, üç ýylyň içi - şol adamlar döwlet liderine iň ýakyn adamlaryň hatarynda bolmagynda galýarlar.

Hramow iň esasy roldamy?

Wiktor Hramow bilen bagly häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda bir gorkynyň bardygyny Türkmenistanyň dolandyryjy organlaryndaky köpsanly çeşmeler ýer astyndan habar berýärler. Ony Nyýazow döwründe şahsyýet kultunyň arhitektory hasap edýärdiler.

Ýurtdan syzyp çykýan maglumatlara görä, şu wagta çenli häkimiýetiň ideologiýa üpjünçiligi Wiktor Hramowyň apparatynyň elinde. Munuň şeýledigini mekdepleriň okuw kitaplaryndan başlap, prezidentiň durmuşy barada çykarylýan reklama häsiýetli kitaplara çenli hemme zatlar ýurtdaky ähli ideologik kampaniýalara Hramowyň gatnaşýandygyny, gytaklaýynam bolsa, subut edýär. Reklama kitaplaryny Hramowyň özi redaktirleýär.

Ol şeýle-de köpçülikleýin habar serişdeleri bilen bagly açyk bolmadyk ideoligiýany-da düzýär, oňa amal edýär. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we ýurtdaky kadrlar syýasatyna uly täsir ýetirýär. Hramowyň bu aladalaryny bolsa, öz gezeginde, prezident ünssüz galdyrmaýar. Prezident ony hökümet sylagy - “Garaşsylyk” ordeni bilen sylaglady.

Türkmen döwlet habarlar gullugy Hramowyň “Ösüşiň döwlet programmalaryny ýerine ýetirmekde goşýan uly goşantlary, işe döredijilikli çemeleşýändigi, guramaçylyk ukyby, ýokary professional ussatlygy üçin hem köp ýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin” şeýle ordene mynasyp bolandygyny ýazdy.

Žadan bilen Umnowýň şahsyýetine häkimiýetiň näme üçin beýle üns bermeyändigi barasynda hiç zat eşidilmeýär. Olar hemişe-de märekeden, il gözünden daşdaky adamlar, çünki olar esasan ykdysady meseleler bilen meşgullanýarlar.

Olaryň işindäki syrlar

Halkara köpçülikleýin habar serişdelerinde birnäçe gezek peýda bolan habarlardan çen tutulsa, beýleki gulluk borçlaryndan başga-da, Aleksandr Žadan Nyýazowyň “şahsy hazynaçysy“ bolupdyr. Belki şonuň üçin onuň ady syrlar bilen örtülendir. Edil şonuň ýaly örtgi Wladimir Umnowyň alyp barýan işlerine-de degişli.

Käwagt synçylar bu üçlügiň güýç-kuwwatyny, täsirini Moskwa bilen baglanyşdyrýarlar. Hamana, Kreml hut şol adamlar arkaly Türkmenistan bilen ýönekeý bolmadyk gatnaşyklaryny sazlaýarmyş.

Käbir çaklamalara görä, bu kanallardan (bu üçlükden) Ysraýylyň kommersiýa gurluşlarynyň-da peýda görýän bolmaklary mumkin. Dogrusy, Moskwa hem Ysraýyla çykýan bu täsir zolaklary ýalana çykaryp bolmajak subutnamalar bilen hiç haçan berkidilmedi.

Türkmenistanyň ýapyk sistemasy hemişe birgiden rowaýatdyr çaklamalary döredýär. Şol rowaýatlar bolsa “Türkmenistany iş ýüzünde kim dolandyrýar?” diýen soragy has-da bulaşdyrýar.

Hakykatdan-da, ýurtdaky baş kararlary kim kesgitleýär, kim kabul edýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi kim amala aşyrýar? Bu mesele henizem uly sorag bolmagynda galyar.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
    Indiki 
Teswir sahypasy
kimden: Washington
05.01.2010 03:29
[...] Men bu Hramow, Zadan, Umnow dagy barada ozalam kan yaramaz zatlary eshitdim. Kabir organ ishgarleri Hramowyn ahli organlaryn ustunden edara edyandigini aytyarlar. Prezidentin ustundenem shol hakimlik edya. Gara spisok, senzyra, biznesleri gadagan etmek yalak kan ishler hut Hramowyn ishleri. Turkmen yolbashchylary name uchin gulaklaryny sallap otyrlarka!
Muňa jogap

kimden: Welmyrat nireden: Moskwa
09.01.2010 23:06
Türkmenistanyň prezident apparatynda işleýän Hramow, Žadan, Umnow dagy hakdaky bu makaladaky faktlar dogry aýdylan zatlar. Bu üç adam türkmenleri ýörite çökermek üçin işleýärler. Ýaňy işinde tejribe toplap, ösüp barýan kadrlary ýörite ýok etdirýärler. Şular sebäpli Türkmenistan kadrsyz galyp barýar. Sowatly adamlaryň ýetişmeginiň özlerine zyýan boljagyny bilýän bu üçlük türkmenleri mankurtlaşdyrmak üçin ellerinden gelenini edýärler. Ýurtda eýýäm kadrlaryň ýetmezçilik edýänligine garamazdan, ýaşlaryň ýokary bilim almagyna päsgel berýänem, ylma zyýan salýanam şolar. Hramowyň kampýuterinde Türkmenistanyň 70 prosenti gara spisoga salyngy dur. Ol her bir spisoga düşen adamlary iş edinip yzarlaýar. Işden kowdurýar hem türmelere ugratdyrýar. Türmedäki syýasy tussaglary çykartmaýanam şolar. Prezident baýragyny kime bermelisini-de Hramow kesgitleýär. «Iş berilmeli adamlar, baýrak berilmeli adamlar kristal ýaly arassa bolmaly» diýip, ol aýdýar. Onuň özi kristal ýaly arassamyka? Daşary ýurt sçýotlarynda onuň näçe puly barka? Halka jaý, mellek berdirmeýänem prezident apparatyndaky şu üçlük. Olardan apparatdakylaryň hemmesi gorkýar. Sebäbi olar garşysyna ýeke söz aýdan adamlary kowduryp hem basdyryp bilýär. Hramow türkmen dilini gaty gowy bilýär. Gazet-žurnallaryň her bir sanyny sypdyrman, çintgäp okaýar. Çala ýalňyş tapdygy ýalňyş goýberenlere zabun daraýar. Özüni welin türkmençe bilmeýän ýaly alyp barýar. Eger bular Türkmenistany dolandyrmakdan çetleşdirilse, biz-ä prezidentiň halk üçin gowy işler etjegine ynanman duramzok. Belki, prezident olardan dynsyn-da. Ýurdy türkmenleriň özleriniň dolandyrmagyna wagt ýetdi.
Muňa jogap

kimden: Mashad nireden: Mashad
12.01.2010 10:34
Welmyrat, aydyanyngyz dogry bolmagy mumkin. Bu yerde bashga sorag doreyar: name uchin Berdymuhamedow sholar yaly adamlary gollayar. Turkmeni talamaga rugsat edyar. Belki onung hem bir yeri arassa daldir?
Muňa jogap

kimden: gulkya nireden: geneva
14.01.2010 01:16
Mashan, ol prezidentam goyan sholarda. Ol nadip zat diyip bilsin. Eger hcala gyshyk adim ataysa on guni gaydar.

kimden: Халмырат nireden: Швеция
05.01.2010 03:44
Орэн гызыклы макала.
Авторын чакламаларынын устуни оз горен ве шаят болан затларым билен долдурмакчы.
В.Храмов 1990-нжы йыл-да кырк яшларындакы,орта бойлы,хыйрсыз йузуне эйнек елменен,гарасоймез бир адам-ды.
Менин чыкаран нетижэм, Храмовын Ныязова болан тэсири гаты улу-ды.Ол дине хат-петек ишлери боюнча комекчи дэл-ди,Храмов иш йузунде гупбалы кошги херекете гиризйэн,колегедэки эсасы дирижёр-ды.Межлисин башлыгындан башлап, тэ ислендик министре ченли, Храмовын ишигинин онунде йузлерини саллап, дикилгазык болуп сомелип дурардылар.Ныязовын янына ким гирмели,хачан гирмели,нэме барада гурлемели,нэче минут эгленмели,бу затлары шол йылларам Ныязов дэл-де,хут Храмов чозйэр-ди.
Гыссаглы иш билен кабулхана гелен кэбир министрин Храмовдан русгат болмаздан шол ерден ызына гайтарыланына мен дири шаят.Галыберсе-де довлетин эхли язув ве галам ишини (бу меселе-де, дийсен ялта Ныязов дэл-де), В.Храмов билен В.Г.Отчерцов алып барды дийип айтмага етерлик субутнама бар.Ныязов, шол ики адамын тайярлан ве гозден гечирен проектдир карарларын тасламасынын ашагына оз голуны чекип гелен пыяда.
А.Жадан,диктаторын дири колегеси-ди.
Гараз Ныязов нан ийсе-де,хаммама гитсе-де,ука батсада,онун ян сакчысы болан адам ол.Эгер Храмов ерли ёлбашчылара ве дашары юртлы фирмалара Ныязова совгат берилмели паранын мукдарыны беллэн болса,Жадан шол пуллары дашары юрт банкларында ерлешдирмек билен мешгулланып гелди.
Ныязовын довлет газнасындан огурлан миллиардларынын хасабы ве букулгы ерлери,дине А.Жадана белли.
Владимир Умнов,менин горен адамым дэл ве онун нэме ишлер билен мешгул боланлыгындан анык хабарым ёк.
Инди, Туркменистаны хакыкатданам Г.Бердимухаммедов доландырярмы дийлен сорага бир агызда ёк дийип жогап бермэге долы эсас бар.
Биринжиден, Г.Б.оз хэсиети боюнча сыясатчам дэл,лидер хем дэл.1993-нжи йылдан бэри гупбалы кошкде отуранлыгына гарамаздан,ол довлете дегишли ишлерден ве хат-петекден баш чыкаран ёлбашчы дэл.Узак йылларын довамында онун ёлбашчылык эден медицина пудагынын гозгыны халы,Бердимухаммедовын нэдережедэки ёлбашчыдыгынын айдын субутнамасы болуп дур.
Элбет-де Храмова-да, Жадана-да,Умнова-да эдерини билмез адамын довлетин баш курсусинде отурмагы дийсен бэхбитли.Себэп довлет ишлеринден баш чыкармаян говшак адамы оз шахсы бэхбитлерин я-да кесеки довлетлерин бэхбитлери учин нэче уллансан улланыбермели.Менин чуннур ынанжыма горэ хэзир Туркменистанда шейле хем эдилйэр.
Эгер башгача болян болса,эгер Туркменистан хакыкатданам Гарашсыз болян болса,онда нэме учин докуз айда газ совдасында, Орсьет тарапындан докуз миллиард доллар зыян чекен Туркменистанын ёлбашчылары,довлетин хакыны талап эдибилмэн, лал-жим болуп отырлар?
Эгер довлет ёлбашчысы конституция-да язылышы ялы,оз халкына ве довлетине гуллук эдйэн болса,онда нэме себэпден Орсьет,Хытай ве Эйран билен баглашылан газ шертнамаларынын мукдары ве нырхы туркмен раятларына аян эдиленок?
Ине, шу ёкарда агзаланлара ачык ве анык жогапларын ёклугы,Туркменистаны кимин я-да кимлерин доландырянлыгыны уллакан сораг астына гойяр.
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
09.01.2010 19:09
Yashuly radiodada gurrun berin bu zatlary!

kimden: saparmyrat nireden: ukraina
05.01.2010 15:33
Öran gyzykly hakykat. İndi bular yonekey rayatlar üçinem gizlin dal. Yagny, ol gelmişeklerin asly halal türkmen halkyna, bereketli türkmen topragyna nahili eyelik edyandigini hat-da türkmenin döwlet maşynynyn rolynyn şolaryn we olaryn yerli gullarynyn elindeligini hemme bilyar. Bu köşkgin hakyky eyeleri öz baş dikmesini it masgarasy edip oynayar, töweregindakilerem ony alkyşlayar yonekey halkam dünya halklary bilen bilelikde tomaşa edyar. Türkmenin az sanly halal, namysly wekilleri bolsa bu bolyan zatlara sesiz we bukulup aglayarlar. elbetde bu toprak üçin baş goyanlaryn ruhynyn nahili ahwaldalygy ol bize belli dal. Megerem olar hem bynjalykdyr.

kimden: Atsyz
05.01.2010 17:21
Türkmenistany hakykatda men dolandyryarın!
Muňa jogap

kimden: guppal nireden: hurgaini
14.01.2010 01:18
onda sen shol 3 adamyn biri haa?

kimden: MERT
05.01.2010 19:04
Önürti Hramow we yoldaşlary Türkmenistany görünman dolandyryan GELMİŞEKLER eden-etdiliklerinin hasabyny ADALATYN önünde bersinler. Sonam gorkak, göydük, züwwetdin we Türkmenin abrayyny yere salyan yumuş oglany- dönükler Türkmen Milletine hasap bersinler. İN ADALATLY SUD TÜRKMEN HALKYDYR. Halkyn önünde hemme eden haramlyklary yüzlerine basylsyn we syrtyna depip yurtdan owarra edilsinler. Bize dönükler gerek dal, bize halal süyt emen, dogruçyl adamlar gerek.

kimden: Okaýjy nireden: Ystambul
05.01.2010 20:22
Meniň teswirim näme üçin goýulmady?
Muňa jogap

kimden: Redaksiýa nireden: Praga
05.01.2010 20:31
Gadyrly okyjylar we diňleýjiler!

Iberýän kommentariýalaryňyz üçin minnetdarlyk bildirip, kommentariýa düzgünlerine ünsüňizi çekmegi makul bildik.

Biz pikirleriňizi çäklendirmegi göz öňüne tutmaýarys, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, gorkuzyjy, aýrymçylykly we ýigrenç döredýän gürrüňler we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär we şeýle ýazgylar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulup biliner.

Milletçilik duýgusyny oýarýan, sögünçli sözler arkaly şahsy hüjümleri öz içine alýan hem-de aýaga galmaga we toparlanşyga çagyryş edýän kommentariýalar RFE/RL-niň standartlaryna gabat gelmeýär. Şol sebäpli yazylan birnäçe kommentariýalar çap edilmedi.

Çap edilen makalalar üçin kommentariýa ýazanyňyzda, forum düzgünlerini göz öňüne tutmagyňyzy haýyş edýäris. Gyzyklanma bildireniňiz üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýäris.

Hormat bilen

Redaksiýa
Muňa jogap

kimden: Türkmen Ogly
06.01.2010 18:07
Salam, hormatly Redaktor! Dogry siz juda mamla, yöne real hakykatlar we durmuşda bolyan zatlar adamyn ganyny donduryar. Milletin ummasyz baylygyny haramlyk bilen öz hasabyna geçiryan, adamlaryn hak-hukugyny çeynap olary adam hasap etmeyan, in barkisi erkin pikirlenmek hakyny hem Türkmene köp göryan bir İDEOLOGİYA garşy sesini çykarman goyun yaly heme zada kayyl bolup oturmalymy? Türkmen halky gaflat ukusyndan oyanyp, öz ykbalyny özi kesgitlemese, haklaryny talap etmese, daşardan gelip Türkmeni düzeltjek barmy name? Gelenem gazyn, nebitin, pagtan, baylygyn üçin gelyar ahyry. Türkmen öz yurdunda keseki yaly bolup ezilip, basylyp gezse, haksyz-hukuksyz yöne gury san bolsa, Sizin pikirinizçe bu rowamy Türkmene?! İndi oyanmaly dalmi Türkmen halky?! Köpsalam bilen Türkmen Ogly. TÜRKMENİSTAN.

kimden: anna nireden: USA
06.01.2010 00:58
Ahyr sony shu agyr we agyryly meselanin ustunden dushdiler. Menin pikirim boyuncha her kim shu adamlar barada bilyan zadyny kommentirlemeli. Goy dashary yurtdaky OPPOZISIYA agzalary hem shular barada maglumat bersinler. Sebabi oppozisiyanyn kop agzalary on hokumetde ishlan adamlar, we shu adamlar barada namede bolsa biraz bilyan bolmaly. Azatlyk radiosy hem boldugundan shu temany GAYTA GAYTA gozgap dursa gaty gowy bolardy.
Viktor HRAMOV'yn ogly DENIS HRAMOV hem kabir habarlara gora Orsyedin ITERA kompaniyalar toparyna degishli bolan ITERANET kompaniyasynyn yolbashchylarynyn biri bolup ishleyar. Shol sebapli hem sonky dowurlerde ITERA turkmenistanda janlanyp bashlady. Yagny Hazar denizindaki bir BLOK'da gozleg ishleri boyuncha shertnama baglashyldy, yany yakynda ITERA Ashgabat oz filialyny achdy we sh.m.
Yone Yokardaky agzalyan 3 (uch) adamyn arkasynda Ruslar duryar diyip bolmaz. Sebabi Eger olaryn arkasynda Ruslar dursa onda kop baglashylyan kontraktlary ITERA dalde GAZPROM utardy. Sebabi ITERA hususy kompaniya, shonun uchin ITERA'dan Putin we beyleki Rus yolbashchylary kan bir girdeyji alyandyr oydemok.
Menin pikrimche yokardaky agzalyan 3 adamyn arkasyn Israilly telekechi Yosef A. MAIMAN we shona yakyn adamlar duryarlar. Y.Maiman onki dowurde Israilyn gizlin gullugy bolan MOSSAD'yn agenti bolup ishlan. Hazirki dowurde bolsa Y.Maiman MERHAV Kompaniyalar Toparynyn eyesi. MERHAV oz gezeginda bolsa "AMPAL-American Israel Corporation" kompaniyasynyn gymmat kagyzlarynyn 58% satyn alan. Shol sebapli hem Y.Maiman AMPAL'yn hem Prezidenti we CEO'sy (Bash Yerine Yetiriji Officeri).
In agyryly yeri bolsa Y.Maiman'yn Merhav kompaniyasy turkmenistan ondurulyan nebit we nebit onumlerini satyn almakda ayratyn hukugy bar. Yagny eger islese hemme ondurulen harydy satyn almaga haky bar. Onda bashgada Tabigy Gaz'a hem doly eyechilik etmek isleyar.

Hemme TUrkmenistanlylara ullakan hayysh eger Y.Maiman, W.Hramov, A.Jadan, W.Umnov, we Hramovyn ogly Denis Hramov barada bilyan zatlarynyz bolsa gayrat edip kommentariyalarda yazyn. Goy hemme kishi bilsin!!!!!
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
09.01.2010 18:55
Anna oran gyzykly ve vajyp maglumatlar yazypsyn.Kop sag bol!

kimden: aglayan mert nireden: kosova
06.01.2010 15:33
onda hemme gurulyan ak jaylaryn bir bolegi sholaryn jubisine giryar ekeni. bu gazdan gelyan girdeyji bilen hasaplananda gaty az mukdar, ay bular shojagazam alyarlar. Men hayran, bular sho pullary niresine bsyarka?! onde sonda sho pullar chagalarynada galsada, ertirki gunun name boljagyny hichkim bilenok. Yzyna nache pul bassan basyber, yone vagt geler bir gun nadip dushenini duymarsyn.

kimden: Ayhan
06.01.2010 19:22
Türkmene damarynda hakyky Türkmen gany aylanyan, halal süyt emen, Watanyny janyndan eziz söyyan, dine Hudaydan gorkyan, mert, dogruçyl we ak kagyz yaly arassa yaş nesil gerek. İl-güni we onyn yagty gelejigi üçin gije-gündüz kelle döwüp işlejek ylymly-bilimli, edepli-terbiyeli, sowatly oglan-gyzlar gerek Türkmene. Nesip bolsa hemme zat gowy bolar diyip umyt edyas.

kimden: Yaş yigit
07.01.2010 16:41
hramow diyilyan adam m mollayewany we myrat garryny ulanyp türkmene kast edyar. arhiw materyallaryny yoyup mollanyn gyzy gelmişek hana gowy iş edyanden görünyar. ... myrat garry bolsa samsyk çykyşlary bilen türkmenin yüzüni gyzardyar. emma öz yüzi gyzarmayar. sebabi onda yüz galmandyr. eli goly bagly doktor aga hem bialaç it yylgyryşyny edip ol çaşan iki garryny makulamak bilen gelmişek hany begendiryar.
Muňa jogap

kimden: salamsaher nireden: tanzanya
13.01.2010 04:37
havvala dogry aydyan, menem shol garryny gorup vapshe gaharym gelyar. Ol pahyram name etsin, hramov dagylar saylandyr sen ov diyip, ovmesedam bilyaniz name boljagyny.
    Indiki 
Teswir sahypasy

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS