Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Ykdysadyýet

Goşmaça gurlan jaýlarda mugtuna ýaşalar

17.01.2010

Islän ýerinde öý tutunyp, islän ýerine ekin ekip, islän ýerinde mal bakyp, erkana ýaşap ýören türkmenleri sowet hökümetiniň gurulmagy bilen ýaşamagyň galypyna saldylar.

Sowet häkimiýeti ýyllary içinde adamlara ýeri hem jaýy hem hökümet berdi. Oba ýerlerinde jaýy adamlaryň özleri saldy, ýöne şol jaýy diňe hökümet tarapyndan berlen mellek ýerde salmaga rugsat berilýärdi, başga ýerde salmak bolanokdy.

Şäher ýerlerinde diňe hökümetiň beren jaýynda ýaşamalydy. Eger adamlar hökümet tarapyndan berlen jaýyň gapdalyndan goşmaça otag ýa-da giňräk aşhana salaýsalar, hökümet ol artykmaç gurlan jaýjagazy ýykýardy ýa-da adamlar ony gurmazdan öň hökümetden rugsat alyp, artykmaç gurlan otag ýa-da aşhana, hammam üçin töleg tölemeli bolýardylar.

Türkmenistan garaşsyz bolup, prezident Nyýazowyň hökümet başyna gelmegi bilen hem goşmaça gurlan jaýlar (pristroýka) üçin töleg dowam etdi. Eger adamlar pristroýka üçin töleg tölemekden boýun gaçyrsalar, onda olaryň öýleriniň gapdalyndan guran gurluşygy ýykylýardy.

Düzgün üýtgedildi

Ýurtda hökümetiň täzelenmegi bilen goşmaça gurlan jaýlar (pristroýkalar) hakda halka bähbitli ýagdaýlar döredi. 2008-nji ýylda halka pristroýkalarda ýaşamaga rugsat berýän öý depderçeleri berildi hem-de şol depderçe boýunça halk goşmaça salan gurluşygy üçin bellenen tölegi töläp ýaşabermelidi.

Şeýle çykalganyň tapylmagy halk üçin bähbitli boldy. Sebäbi ýigrimi ýyl bäri ilata ne mellek berilýär, ne jaý. Şeýle ýagdaýda adamlar «Taýak gelýänçä - ýumruk» diýen pähimden ugur alyp, hökümetden jaý-mellek alynýança garaşyp oturman, ýetişip, öý-işik bolýan ogul-gyzlary üçin öýleriniň gapdalyndan öýjagaz gurup, ony ýaş çatynjalara ýaşamaga berýärler. Köplük bolnup ýaşalýan maşgalada aýratyn aşhana, banýa hem salmasa bolanok. Şeýdip, adamlar gün görýärler.

Goşmaça gurlan jaýlarda (pristroýkalarda) ýaşaýan adamlar üçin Täze - 2010-njy ýylda häkimiýetler ýene bir hoş habary ýaýratdylar. Pristroýkalar üçin tölegleriň ýatyrylýandygy habar berildi. Hem gurluşyk üçin pul çykaryp, öz guran gurluşygy üçinem ýene hökümete-de pul tölejek bolsa, pukara maşgalalara kyn düşýärdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: gena nireden: tanzanya
17.01.2010 03:46
+0 / -0
Berekella, shu kanuny on chykarmalydylar. Nadipler azap chektik,dine biz dal eysem bizin nache gonshularymyzam. Yadyma dushenok yone 2005 yillary towerekti oydyan ya irrak bolup biler, shonda gaty erbet pristroykalary yikyardylar.

kimden: Ayhan
17.01.2010 18:10
+0 / -0
Ay munsa boljak. Ahyrsony Döwlet adam üçin diyilyani bolupdyr-da. Bu adamlaryn in bir tebigy haky ahbetin...
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzanya
18.01.2010 02:33
+0 / -0
Yok bu temada eyyam bashgacha diysen boljak. Dowlet adam uchin dalde, pristroyka adam uchindir. He he he.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil