Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:08

Ykdysadyýet

Kärendeçilere girdeji pullary berlip başlandy

Türkmenistanyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan pagtany kärende hojalyklarynda ösdürip ýetişdirmegiň ýola goýlanyna köp ýyllar boldy. Kärende hojalyklary hakyky bazar ykdysadyýetiniň ýoly hasaplanýar.

x
Tekstiň ululygy - +
Häzirki döwürde kärendeçilik daýhanyň öz şahsy işi bolup durýar. Daýhanlar ýeri kärendesine öz islegine görä alýarlar. Islän adam kärendesine ýer alýar, islemedikler alanoklar. Olar öz hojalyklarynyň işi bilen boluberýärler. Olara pagtany «ýyg» ýa-da «ýygma» diýýän adam ýok.

Garaşsyzlygyň ilki ýyllarynda kärendeçileriň işlerinde düşünişmezlikler kän ýüze çykdy. Kärendeçi daýhan köplenç ýagdaýda zähmeti üçin ujypsyz girdeýji alýardy. Soňy bilen kärendeçilikde tejribe toplandy. Kärendeçi pagtaçylar-da öz işlerinde tejribe topladylar. Aýratyn-da soňky iki ýylyň içinde kärendeçilik işi has-da düşewüntli boldy. Muňa düşünen oba adamlarynyň köpüsi pagta ekmek üçin ýer aldylar we bol hasyl kemala getirdiler.

Agyr zähmetli günler yzda galdy. Bu günler ýurduň pagtaçy kärendeçileri döwlete ýygyp tabşyran pagtalary üçin dohod - girdeji pul alýarlar.

Mary welaýatynda gowy zähmet çekip, kärende hojalygynda kemala getiren pagtalaryna berilýän pula maşyn satyn alan hojalyklar örän köp. Pagtaçylyk daýhan üçin girdejili pudaga öwrülip başlady.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: gena nireden: tanzanya
17.01.2010 03:40
+0 / -0
Govy Peyda goryanleri bar, yone az goryanleram has kop. Sebabi yanky traktorlar hemmesine yetenok, olarynam yorite berilmeli paralary bar diyip eshittim. Ay dahodam alanlarynda shol kassadakylaram oz payini alyandyrlay. Shol hokumede ishleyan eydip-beydip para jubusine dushurjek bolyarlar. Bu bolsa olara bowet beryar.

kimden: Ayhan
17.01.2010 18:15
+0 / -0
Sen ony aydyan-ow bara Maryda bara dahod alyp bara güyçli bay bolup gidyanlerem bar-ow bara. Adamlaryn zahmetin miwesini görmegi gaty uly zat bara. Name diyipdir Türkmen: Çeksen zahmet yagar rahmet!
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzanya
18.01.2010 02:18
+0 / -0
Eeey Ayhan, ozuna kichi yashly oglan, sen entek namani bilyan, ay bor men yaly yashyn otuza yetip baryan bolsa bolardy. Sen onda entek obadaky hakykattan kynchylyk chekyanleri gorenok, gurleyshinden yashyn nachedigi bildirip dur. Gayrat et forumlarda mamly gurle,yazyan zatlaryn manysy yoga sende.
Muňa jogap

kimden: Ayhan
18.01.2010 14:23
+0 / -0
Gena, hakykatdanam men yaş oglan we senem menden has tejribeli bolup bilersin. Yöne formlarda üns beryan bolsan on yaly gaty optimist hem yazyan daldirin. Yöne barde hemme zat gülala güllük bolany üçin dal-de in bolmanda gijjik bir umyt hem bolsa adamlaryn ruhunyn galmagyny isleyanim üçin aram-aram optimist we hyjuwly teswirler yazyan. Türkmene lapykeçlik dal-de ruhubelentlik gerek dalmi name?! Saglygyn Köpsalam bilen Ayhan...

kimden: nabelli nireden: istanbul
18.01.2010 15:31
+0 / -0
onki prezident Nyyazowyn RUHUBELENTLİK taglymaty artykmajy bilen bizi ruhlandyrdy , ahli bolyan zatlara obyektiw seretmegin wagty gelmedimi henizem ?

kimden: ashyr nireden: mozambik
18.01.2010 20:47
+0 / -0
GEna sen-a bir akmak ekenin.. Ayhan, sen Gena gulak asma, her kim oz pikirine azat beyan edibilmeli.. Okayan adam kimin namediginne az-da kan-de dushunibilyar..