Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Ykdysadyýet

Täze gurluşyklara 23,6 milliard dollar sarp ediler

20.01.2010

Türkmenistan ýüzlerçe täze binalary gurmakçy. 2010-2011-nji ýyllarda gurluşyga 23,6 milliard dollar sarp ediler, bu gurluşyklar milli hem daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylar.

Garaşsyzlygyň 2011-nji ýylda tutuljak 20 ýyllyk toýuna çenli Türkmenistanda guruljak obýektleriň arasynda sosial-medeni, administratiw we senagata degişli ýüzlerçe binalary gurmagyň göz öňünde tutulýanlygyny TDH gullugy habar berdi.

Maglumata görä, täze guruljak binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlar, ýokary we orta mekdepler, kitaphanalar, muzeýler, ministrlikler we döwlet edara jaýlary, myhmanhanalar we sport obýektleri bar.

Bu gurluşyklara sarp ediljek 23,6 milliard dollarlyk çykdajylaryň milli serişdeleriniň we daşary ýurt inwestisiýalarynyň hasabyna amala aşyryljagyny “Türkmenistan.ru” internet gazeti ýazdy. Emma çykdajylaryň Türkmenistanyň paýyna düşjek bölegi maglumatda takyklaşdyrylmady. Ýurda gelýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi barada hem türkmen metbugatynda habar berilmeýär.

“Täze gurluşyklar pozitiw sosial şertleri döredip biler”

Synçylar gurluşyklaryň möçberiniň giňelmeginiň ýurtda pozitiw sosial şertleriň döremegine ýol açyp biljegini belleýälerler.

Öz döwründe Türkmenistanyň suw gurluşyk pudagynda işlän Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, ýurduň gurluşyklary amala aşyrmaga mümkinçiligi
Senagat pudagy diýmek - täze iş ýerleri diýmekdir, sosial mesele diýmek - halkyň ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmak diýmekdir.
bar bolsa, täze gurluşyklar iş orunlaryny köpeltmek we sosial infrastrukturany gowulandyrmak ýaly meseleleri çözüp bilerdi. Emma esasy problemanyň gurluşyklaryň umumy mukdarynyň sosial makstlaryna gönükdiriljek paýyna degişlidigini Hanamow belledi.

“Begendirýan zat, guruljak obýektleriň içinde sosial-medeni pudaklar bar, senagat pudagy bar, bu gowy zat. Senagat pudagy diýmek - täze iş ýerleri diýmekdir, sosial mesele diýmek - halkyň ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmak diýmekdir. Bu zatlar gaty gowy. Ýöne şol 23 milliarddan näçe prosenti şol pudaklara degişli boljak? Meselem, 10% bolup, 90%-de ýene-de öňküsi ýaly bir topar administratiw binalara, parklara, heýkellere, stadionlara we otellere gitjek bolsa, onda ýene-de şol öňki ýol - halkyň aladasy edilmeýär diýmekdir” diýip, N.Hanamow aýtdy.

Girdejiler we çykdajylar

Türkmenistanyň maliýe we bank pudagynyň dünýäniň maliýe sistemasyndan üzňeligi sebäpli ýurt dünýädäki maliýe krizisiniň esasy zarbasyndan başda çetde galan hem bolsa, dünýäde dowam edýän umumy ykdysady çökgünliligiň ähli ýurtlara, şol sanda Türkmenistana hem täsir ýetirenligini synçylar aýdýarlar.

Global maliýe krizisiniň öz ýaramaz täsirini Turkmenistanyň ykdysadyýetine hem ýetirenligini prezident G.Berdimuhamedow hem aýdypdy. Üstesine, geçen ýylda Orsýet bilen gaz söwdasy kesilip, Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejileriniň ozlaky ýyllardan azalanlygy we geçen ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ýurduň her aýda bir milliard dollar möçberde zyýan çekenligi barada hem metbugatda käbir çaklamalar öňe sürlüpdi.

Türkmenistanyň Hytaýa we Eýrana tarap eksport ugurlarynyň doly işläp, girdeji getirip başlamagy üçin hem wagt gerekdigini, Orsýet bilen gaz söwdasy dikeldilen hem bolsa, gazyň akdyrylyşynyň häzirki depginine görä, şu ýyl gaz söwdasynyň we gaz girdejileriniň ylalaşylan möçberden has az boljagy çak edilýär.

Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazeti Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasyndan şu ýylky girdejileriniň iki ýarym milliard dollardan aşmazlygynyň mümkindigini belleýär. Maglumatda şeýle-de Türkmenistanyň esasy girdeji getirýän nebit-gaz pudagynda häzirki wagtda alnyp barylýan proýektleriň karz puluna amala aşyrylýanlygy bellenilýär.

Geçen ýylda Hytaýyň Ösüş bankynyň Türkmenistana üç milliard dollar kredit bermegi barada ylalaşyga gol çekilipdi. Şu ýyl Yslam Ösüş banky tarapyndan hem Türkmenistana kredit berilmegi göz öňünde tutulýar. Emma Türkmenistanyň özi gazdan gelýän girdejileri we çykdajylary barada resmi sanlary çap etmän gelýär.

Global ykdysady krizis ýa-da gymmat bahaly gurluşyklar

GDA döwletlerinde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion-analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew krizisiň şertlerinde daşary ýurtlardaky bank hasaplarynda we Durnuklylyk Fondlarynda ýatan pullaryň hümmetiniň gaçýanlygyny aýdýar.

Bilermen Türkmenistanyň täze gurluşyk proýketlerini makullamagy, ýurduň şol pullary sarp etmek boýunça öňki usullaryny dowam etdirýänligini görkezip biler diýip, pikir edýär.
Maliýe serişdeleriniň öňküsi ýaly ýönekeý raýatlara peýdaly bolmadyk maksatlara sarp edilmeginiň ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar.


“Häzirki ýagdaýda puluň hümmeti gaçýar. Şonuň üçin şol pullaryň şäher infrastrukturasyny gowulandyrmak maksatlaryna sarp edilmegi belli bir derejede rasional görünýär. Elbetde, türkmen häkimiýetleri puly nämä sarp etjegini özleri gowy bilýändir. Emma maliýe serişdeleriniň ýene öňküsi ýaly ýönekeý raýatlara peýdaly bolmadyk maksatlara sarp edilmeginiň ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar” diýip, A.Karawaýew aýtdy.

Umumy bahasy 23 milliard dollardan aşýan täze gurluşyk proýketlerinden daşgary Türkmenistanyň prezidenti ýaňy-ýakynda paýtagtyň merkezini doly täzelemek baradaky permana hem gol çekdi.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, Turkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna tabşyrylan, şol sanda Bitaraplyk diňini göçürmegi-de öz içine alýan işleriň umumy bahasy Türkmenistan üçin 275 million dollar bolar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Mert
20.01.2010 13:05
+0 / -0
Elbetde sosial-medeni we senagat pudaklaryna üns berilmegi gowy zat. Yöne bularyn hemmesinin umumy bahasy 218 milyon dollara barabar bolan Bitaraplyk Binasynyn bahasyndanam ep-esli az. Ummasyz gaty köp isrip edilyar. Köpürak uniwersitet açmaly. Türkmenistanda umuman yokary okuw jaylarynda okayanlaryn tutuş sany 10000-i hem geçenog-a?! Her welayatda azyndan bir uniwersitetem yog-a? İnstitutlar başga olar. Maryda energetika, Çarjewde mollumçylyk yenewer olar başga. Yöne gynansagam goyun yaly hiç zatdan habarsyz göydük bir nesil yetişmegi islenyar. Akylly we ukyply adamlara hakyky orun yok. Birem çykyp utanmanam Döwlet adam üçin diyip zorladybam otyrlar bara. Bolya-da...

kimden: gena nireden: tanzanya
21.01.2010 19:57
+0 / -0
Bizinkiler turkiyede eshek yaly ishledilip sonunda kabirine hem pulunam berenoklar, turkler bolsa bizde ishlap milliardlap soyup (ogurlap) yorler.

kimden: Gurbanguly nireden: Asgabat
23.01.2010 07:58
+0 / -0
"Dowlet bir adam uchindir"!
Ol adamam men..
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
23.01.2010 19:58
+0 / -0
hahaha :DDD ine bu dogry soz :DDD
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil