Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Aktual gürrüň

"Türkmenistanda ykdysady aç-açanlyk ýola goýulmaly"

28.01.2010

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” guramasy we “Wall Street Journal” gazeti tarapyndan ykdysady erkinlik barada 2010-njy ýyl boýunça hasabat ýaýradyldy.

471 sahypadan ybarat 179 ýurdy öz içine alýan şol raportda ykdysady azatlygyň dürli ugurlaryna seredilip, Türkmenistan iň soňky 10 ýurduň arasyna goşulypdyr.

Eýse, munuň sebäbi näme? Bu barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “Halkara Söwda we Ykdysady Merkeziniň” ýolbaşçysy hem ady agzalýan hasabatyň awtorlaryndan biri bolan ilçi Terry Miller bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň raportyňyzdaky “ykdysady erkinlik” nämäni aňladýar we dürli ýurtlara haýsy ölçeglere görä baha kesildi?


Terry Miller
Terry Miller:
“Ykdysady erkinlik” ýurtdaky maliýe düzgünler, kiçi biznes bilen meşgullanýan adamlar üçin ýola goýlan şertler, kanunyň häkimligi, emläk eýeçiligine we gol çekilen kontraktlara hormat goýmak ýaly esasy ölçegler göz öňünde tutulyp taýýarlanan dokumentdir.

Biz şeýle maglumatlary ýygnap, şoňa görä, “Ykdysady erkinlik” boýunça bütin dünýädäki ýurtlara baha berdik.

Azatlyk Radiosy: Dürli ýurtlara baha bermek üçin bu maglumatlary nireden aldyňyz?


Terry Miller: Biz “Dünýä Banky”, “Halkara Walýuta Fondy”, BMG-ä degişli käbir guramalary, şeýle-de hökümete degişli bolmadyk, emma halkara derejede ykrar edilen käbir beýleki toparlary, şol sanda “Transparency International” ýaly guramalaryň hasabatyny peýdalandyk.

Biz şol guramalardan çig maglumatlary alyp, ony soňra indeks görnüşindäki baha öwürdik. Şol baha 0-dan 100-e çenlidir. Ol ykdysady taýdan haýsy ýurduň näderejede erkindigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýyl çap edilen hasabat bilen deňeşdirilende, haýsydyr bir ýurtda yza gaýdyşlyga hem gözüňiz ildimi, eger şeýle bolan bolsa bu hakda Merkezi Aziýa barada näme aýdyp biljek?

Terry Miller: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar barada aýdylanda, şol ýurtlaryň köpüsi käbir esasy görkezijiler, şol sanda kanunuň rüstemligi, emläk eýeçiligi ýaly ugurlarda gowy baha alyp bilmediler. Korrupsiýadan azatlyk kategoriýasynda hem Merkezi Aziýada we Ýewropada ýerleşýän käbir ýurtlara berlen baha gaty pes boldy.

Ösüşiň bolmagyna päsgelçilikler barada gürrüň edilende, ýokarda agzalan şol iki kynçylyk esasy problema hökmünde göze ilýär.

Azatlyk Radiosy: Korrupsiýa barada gürrüň etdiňiz, şol ýurtlarda “Ykdysady erkinligiň” ornaşdyrylmagyna böwet bolup duran başga nähili sebäpler bar?

Terry Miller: Korrupsiýa şol böwetleriň iň esasylaryndan biridir, şeýle-de şol ýurtlar barada gürrüň edilende, meniň pikirimçe, iň uly problema kontraktlara, emläk eýýeçiligine hormat goýulmazlykdyr. Şol kynçylyklardan beýlekisi hem adamlaryň jaý almak hem şol jaylarynyň elinden alynmajagy baradaky kepilligiň bolmazlygydyr.

Raýatlaryň maýa goýup, gazanç etmegi we hökümetiň şol serişdeden bikanun ýollar arkaly gazanç etmäge synanyşmajagy barada hem olaryň ynamynyň ýokdugy esasy problema bolmaklygyna galýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Miller, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy hökmünde biziň gepleşiklerimiz esasan Türkmenistana gönükdirilen. Şunlukda, eger mümkin bolsa ýokarda agzap geçen şol problemalarymyz we onuň sebäpleri barada Türkmenistandaky ýagdaýlary göz öňünde tutup, has dolurak maglumat beräýseňiz?

Terry Miller: Biziň hasabatymyzda Türkmenistan iň pes baha berlen ýurtlardan biridir. Türkmenistany biz Aziýa-Ýuwaş Okeanda ýerleşýän ýurtlaryň hataryna goşduk. Umumy sanawda ol 171-nji orunda dur, bu hem Türkmenistanyň ady agzalýan regionda iň soňky orunlarda duranlygyny aňladýar.

Meni alada goýýan zat, Türkmenistanda ykdysady erkinligiň barha çäklendirilmegi bolup durýar. Sebäbi maýa goýmak erkinligi barada yza gaýdyşlygyň bardygyna şaýat bolduk. Meniň pikirimçe, käbir goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň global ykdysady sistema integrasiýasy gaty pes boldy. Sebäbi häzirki döwürde diňe global ykdysady sistema utgaşan ýurtlar ösýärler.

Munuň üçin ýurtlar öz gapylaryny açmaly, beýleki ýurtlar bilen erkin söwda aragatnaşygyny ýola goýmaly we daşary ýurtlardan geljek maýa goýumlaryna öz ýurtlaryny açmaly.

Türkmenistan ýaly döwletlerde daşary ýurtly biznesmenler aşa syýasylaşdyrylan we korrumpirlenen sistema bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şonuň üçin daşary ýurtdan Türkmenistanda maýa goýmaga isleg bildirýan adamlaryň sany köp bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Siziň häzirki beýan eden faktlaryňyz göz oňünde tutulanda, Türkmenistanyň soňky döwürlerde gurmaga synanyşýan erkin ykdysady zonasynyň geljegi barada nämeler aýdyp bolar?


Terry Miller: Elbetde, nebit, gaz we beýleki ýerasty baýlyklar nukdaýnazaryndan Türkmenistan aşa baý ýurtlardan biridir. Munuň ýurt üçin peýdaly hem zyýanly taraplary bar. Emma, umuman aýdylanda, nebit we gaz önümçiliginden gelýän girdejileriň ählisiniň hökümetiň hasabyna girýän ýurtlarda şol serişde tutuş ilatyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdy ösdürmäge o diýen goşant goşanok.

Azatlyk Radiosy: Meniň soragym Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda gurmagy planlaşdyrýan “Erkin ykdysady zonasy” baradady. Ýurduň ykdysadyýeti şeýle ýapyk bolan halatynda bu proýektiň geljegi nukdaýnazaryndan nähili çaklama beýan edip bolar?


Terry Miller: Elbetde, mende şeýle sorag döreýär “Erkin ykdysady zona” baradaky teklip gowy ideýa. Bu dünýä bazaryna ýol açmaga belli bir derejede islegiň bardygyny aňladýar. Emma meniň soragym, bu zonanyň hiç bir toparyň tarapy tutulman adalatly ýagdaýda dolandyryljakdygyna ynam edip bolarmy?

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, bu işi nähili amala aşyryp bolar?


Terry Miller: Meniň pikirimçe, bu işi amala aşyrmak üçin ýurtda aşa aç-açanlyk bolmaly, şeýle-de Türkmenistan ýaly ýurduň syýasy sistemasyna öňden adaty bolmadyk açyklyk getirilmeli.

Meniň pikirimçe, olaryň hemme zady halk köpçüliginiň gözüniň öňünde amala aşyrmagy zerur. Ýagny, ýurda kim maýa goýýar we goýlan maýanyň möçberi näçeräk, salgyt we beýleki düzgünler boýunça hökümetiň edýän gazanjy näçeräk? Olaryň hemmesi aç-açan bolmaly.

Şeýle-de kontraktlaryň nähili we haýsy şertlerde berlenligi barada halkyň habary bolmaly. Aýtjak bolýan zadym, Türkmenistanda ykdysady taýdan erkin, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly standart we aç-açanlyk düzgüni ýola goýulmaly.

Azatlyk Rdiosy: Soňky döwürlerde Türkmenistan diňe Orsýet bilen däl, Hytaý we Eýran bilen hem ykdysady aragatnaşygyny artdyryp başlady. Şeýle gatnaşyklaryň ykdysady erkinlik nukdaýnazaryndan ýurduň ykdysadyýetiniň geljegine nähili täsir ýetirjekdigini çak edip bolar?

Terry Miller: Siziň adyny agzan bu ýurtlaryňyňyzyň ählisi-de biziň ykdysady erkinlik barada ýaýradan hasabatymyzda gowy baha eýe bolan ýurtlar däldir. Olardan hiç biri hem öz raýatlaryny doly derejede ykdysady erkinlik bilen üpjün etmeýär.

Haçanda haýsydyr bir ýurt şolar ýaly döwletler bilen aragatnaşygyny artdyrmak barada alada edip başlasa, boljak zat, şol ýurtlarda syýasy hem ykdysady taýdan diňe güýçli elitanyň pul gazanmak üçin öz aralarynda hyzmatdaşlyk etjekdigini çaklap bolar.

Bu şol ýurtlardan hiç birinde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de ýurdy ösdürmek ýaly aladalara hiç hili goşant bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ykdysady erkinligiň bolmazlygynyň bir sebäbi bu ýurduň ykdysadyýeti erkin bolan beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygynyň ýoklugynda diýdiňiz. Aşgabadyň beýleki ýurtlar bilen integrirlenmekden daşda durmagyna haýsydyr bir sebäp görýärsiňizmi?

Terry Miller: Ýok, meniň pikirimçe, ondan asla gorkmaly däl. Haçan-da bir ýurduň keseki döwletler bilen aragatnaşygy artanda, bu içerki önümçiligiň güýjüni we möçberini artdyrýar.

Şeýle ýagdaýda, elbetde, ýurduň içindäki biznesmenleriň daşary ýurtly biznesmenler bilen bäsdeşligi artar, emma munuň peýdaly tarapy, şeýle ýaryş hemmäni öz önümçiligini artdyrmaga mejbur edýär. Bu hem öz nobatynda girdejileriň artmagyna we halkyň durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam eder.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Watansöyer
28.01.2010 13:34
+0 / -0
Açyk gapylar syyasaty dine sözdemi, ykdysady erkinlige we aç-açanlyga name pasgel beryar we Türkmen yolbaşçylar halkara ykdysady normalary we maya goyumlarynyn yagdaylaryndan ne dereje habardar? Gelyan girdejiler dine elitalar tarapyndan düşewint çeşmesimi? Döwlet adam üçin diyilyani dine göz boyamamy, halkyn hal-yagdayynyn gowulanmagy hiçisinin aladasy dalmi? Şu günki gün dine global ykdysady sistema utgaşan yurtlar ösyarler. Yapyk sistema yurdun halkara abrayyna hem zeper yetiryar. Haçana çenli anyk maglumatlary we edyan haramlyklaryny Türkmen halkyndan gizlap gezjekkkaler, men-a hayran...
Muňa jogap

kimden: Gozegchi
28.01.2010 14:33
+0 / -0
Dogry aydyan Watansoyer. Yone Turkmenistandaky bu yapyklyga we gizlinlige gen galyp oturma. Bu yerde yonekey bir logika bar: hemme edilyan ish perdanin anyrsyndaky 3-ligin bahbidi goz onunde tutulyp edilyar. Haysy zat sholaryn bahbidine garshy gelse, shol zada hem yol berilmeyar. Indi yagdaylara shu nukdaynazardan seretsen, hemme zat dushnukli bolar.

kimden: Adam
28.01.2010 15:38
+0 / -0
Saddamyn puly hem Berdimuhammedowynkydan az daldi, yone son oz hakyny aldy. Shu wagt gic dalka adam bolsa gowy bolar.

kimden: Myrat nireden: Aşgabat
29.01.2010 20:35
+0 / -0
Interwyunyn hili gaty pes. Söhbetdeşligi kimem alyp baran bolsa beryan soraglary gaty yönekey. Onsonam jenap Miller uzakda oturyp Turkmenistan hakynda pikir yoredilmeyar. gelip gordimika Tm.na birje gezek? World bank, IMFden aldyk diyyar materiallary. Internetden yygnalan informasiya bilen bir netija barylmayar. Tm ne IMF ne World Banka dogry maglumat beryar, bermek mejburiyetem yok...
Muňa jogap

kimden: Bayram nireden: Aşgabat
29.01.2010 21:03
+0 / -0
Men oz pikirimi aytsam, soraglar gaty yerlikli berlen we yurege junk bolyar Myrat dost, alada galma edilyan yalnyshlyklan yuzuni yuwjak bolup, bizem barde hemme zady gorup otyrys. Senin yashayan rayonun bashgarak bolaymasa. Senin dushunmek yetmezciligin bardyr belki ya-da derejan pesrakdir. Belki sen ona gorkezersin shu yerde nahili sorag beren bolsa gowy boljakdygyny, yaz shu yerik. Menem pikirimi aydayyn. Aktual gurrun menin on gowy goryan gepleshiklerimin biri, yesli cto. Onson hem dowlet normalno dowlet boljak bolsa halkara guramalara hasabat beryar, nirden aldyn beyle cuyruk mentaliteti?
Muňa jogap

kimden: Bayram nireden: Aşgabat
29.01.2010 21:16
+0 / -0
Tm ne IMF ne World Banka dogry maglumat beryar diyyan welin, halka dogry maglumat berilyarmi Myrat? Sen ykdysady statistikalar barada nahili dogry maglumat bilyan, TV de goryan zatlaryny aytma mana..bilmek senin borjun bolsa aytda men hem bileyin. IMF senden kop zat bilyandigina dasha yazylan yaly bilyan. gelip gidyan delegasiyalar palaw iyip gidenok. gelyandirde alyandyrda maglumat.
Muňa jogap

kimden: Myrat nireden: Aşgabat
30.01.2010 19:42
+0 / -0
Bayram dost. Ilki bilena senin meni kiceltmage hakyn yok. Bizem indi bu zatlara düşünmez yaly oglan oglanjyk dal. Menin maksadym barda döwledin arka çykyp, her edyan işini goldamak dal. Menem azyndan döwledin degişli guramalara anyk maglumat bermegini sençerak isleyan. Ikinjidenem statistiki informasiyalar uytgetmek gaty ansat zat. Bu YB.daki Gresiyada hali şindem bolyan zat. IMF name ucin bilmedi Gresiyanyn halka we özlerine yalan maglumat berendigini? (2009.njy yylyn skandaly) Mysallar köp.
Üçünjidenem menin barde aytjak bolan zadym interwyunyn hilinin pesligi. Berilyan soraglar gaty primitiw. Kabir berlen soraglaryn jogabyny haysydyr bir ykdysadyyt kitabyndan tapmak bolyar. Yörite Economic Freedom yada Economic Openness atly bölümler bardyr. Ykdysadyytden başyn cykyan bolsa sen bilen gowja diskussiya bolardy welin. natjek bu makalalar senin yalylar ucin we seni gaty kanagatlandyrypdyr. Menin ucin bolsa şu söhbetdeşligin hiçbir ahmiyeti yok. Miller ol guraman başlygy bolup bilen bolsa diymek gowy ykdysadyytce. Bilip goy, ykdysadyyetcinin yigrenyan zady jurnalist bilen interwyu gecirmek.
P.S. Onsanam men gaty bilesim gelyar bu söhbetdeşlik yüzbe yüz geçirilidimika? Ya telefon arkaly ya msn.demi? Miller nadip Azatlyk radiosyna wagt tapyp bildika? Eger yüzbe yüz geçirilen bolsa öz eliniz bieln düşürülen suartyny goysanyz has hem gowy bolardy. Googledan alynan suratyn yerine. Yaşasyn Google...
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
30.01.2010 21:37
+0 / -0
Myrat, beren soragyňyz üçin minnetdar. Agzalýan interwýuda çykyş edýän ilçi Terry Miller söhbetdeşlige Waşingtondan telefon arkaly gatnaşdy. Interwýunyň audio görnüşini sahypanyn sag tarapyndaky audio düwmeden diňläp bilersiňiz.

Bellik: MSN ýa-da Skype kanallary arkaly söhbetdeşlik taýýarlap efire bermek RFE/RL-niň standartlaryna gabat gelmeýär.
Muňa jogap

kimden: Bayram nireden: Ashgabat
30.01.2010 21:30
+0 / -0
Myrat dost yaman gowy ykdysadyyetci ekenin. Birinjidena bu intervyuny dinleyanlerin hemmesi ykydsadyyetcidir oydemok, bu yerde jurnalist ykdysadyyetcileri kanagatlandyryp macro-micro ekonomikanyn terminlerine ya-da formulalaryna girmandir. O zatlar Turkmenistanda obada yashayan dayhanlar, yada dukanda sowda edyanler ucin bir kopuk. Dinelyji dine ozundir oytme, asla ykdysadyyetin namedigini bilmeyanler kan Tmde. Dinleyjilerin derejesine sorag sorapdyr, dushnukli hem bolupdyr. Senden bashga munlerce adam dinleyar.

Ikinjidenem, makalanyn gapdalyndaku audiyony basyp gormansin oydyan, bassan belki bilerdin nahili gecirilendigini interwyunyn, akylly! :) Haysy samsyk MSN den intervyu gecirer, TM-nin Nesil gazeti hem gecirmeyar. Jurnalistikadan kan bashyn cykanok oydyan. :) anyway, nace yazdygynca oz derejani gorkezyan.
Muňa jogap

kimden: Bayram nireden: Ashgabat
30.01.2010 21:36
+0 / -0
Yene-de bir zat aytjakdym, senin Google, moogle, economic opennes diyan zatlaryn Turkmenistanyn oba, daje shaher yashayjylary ucin hem elyeterli dal, sen internetin onunde oturyp hemm zada dostupyn bar bolmagy mumkin, yone TM de nace kishi bilyar senin diyen zatlaryny. Ministrlerin hem kopusi bilyandir oydemok. Shu soran soraglarynyn jogabyny jurnalistin ozi soramakada bilyandir, yone gep dinleyanlere dushundirmek.

Admin, shuny ayry diskussiya edip goyup bilenokmy? Men Myrat bilen ykdysadyyeti maslahatlashyp gorjek. Gowy dushduk oydyan onun bilen...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil