Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 14:41

Türkmenistan

Adam hukuklary boýunça institut başlyksyz galdy

Resmi tassyklanmadyk habara görä, Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň başlygy Şirin Ahmedowa eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Şirin Ahmedowa.

Multimedia

Tekstiň ululygy - +
Ahmedowanyň näme sebäpden wezipesinden boşadylandygy barada anyk maglumat berilmeýär. Ýöne käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, Şirin Ahmedowanyň şeýle wezipä bellenmegi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda yglan eden syýasy we ykdysady reformalaryna uly ýardam berer, hem-de halkara guramalar we Türkmenistanyň raýatlary bilen ikitaraplaýyn ylalaşykda hyjuwly işlär diýen pikirine ters gelipdir. Şu ýagdaýlar hem Şirin Ahmedowanyň wezipesinden boşadylmagyna getiripdir.

Şirin Ahmedowa institutyň başlygy wezipesinde işlän döwri öz işgärleriniň arasynda wezipeparaz, býurokrat häsiýeti bilen tanalypdyr.

Institutyň esasy alyp barýan işi adam hukuklary, demokratik prinsipler bilen bagly bolansoň, onuň işgärleriniň diňe resmi iş kagyzlar bilen däl, eýsem internet arkaly hem işlemeli bolýandygyna garamazdan, institutyň direktory Şirin Ahmedowa olaryň iş kompýuterlerinden internet baglanşygyny aýryp, ony diňe öz iş kabinetinde saklapdyr. Eger-de institutyň haýsy-da bolsa bir işgärine internet aragatnaşygy gerek bolanda, onda ol Şirin Ahmedowanyň adyna arza ýazyp, haýsy web sahypasyna girjekdigini görkezmeli edilipdir.

Mundan başga-da, halkara guramalardan gelýän grantlaryň ulanylşynda-da Şirin Ahmedowa «aýratyn tapawutlanypdyr».

Ýerli graždan aktiwistleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu instituta täze bellenjek ýolbaşçy demokratik prinsiplerinden, Türkmenistanyň esasy kanunlaryndan ugur alyp, halkyna wepaly hyzmat eder diýip, adamlar tama edýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Hukukcy
28.01.2010 02:02
+0 / -0
Ahmedowanyn yerine Rabia Kadyry getirselerem hic zat uytgar oydemok. Sebabi ady barda ozi yok edara ozi barda ady yok adam seredyar, ony hemmeler bilyar.

kimden: Ayhan
28.01.2010 14:06
+0 / -0
Dur onda men aydayyn Ş.A.'nyn name üçin işinden boşanyny. Ol (Şirin Ahmedowa Toyçyyewna) Ahal welayatynyn 21-nji saylaw okrugyndan Türkmen Mejilisinin deputatlygyna saylandy. ana şon üçin. Has ginişrak maglumat üçin SEREDİN turkmenistan.gov.tm Altyn Asyr internet sahypasyna. Nesip bolsa Taze saylanjak başlyk adam haklaryna çaksiz hormatly, kanunlary gaty gowy bilyan we yerine yetiryan hem SÖZÜN DOLY MANYSYNDA DEMOKRAT biri bolar diyip arzuw edyas. Türkmen halkam hut şon yaly birine garaşyar. Öz eli öz yakasy diydimzora dal...