Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:16

Syýasat

Berdimuhamedow: “Oppozision partiýalar döredilibersin”

Türkmenistanda häkimiýeti dolandyrýan partiýadan başga-da syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada 18-nji fewralda orta atylan pikir ýurduň içinde we daşynda uly seslenmeleri döretdi.

Multimedia

Audio
  • Berdimuhamedow: “Oppozision partiýalar döredilibersin”

Tekstiň ululygy - +
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Baýdak baýramy we diplomatlaryň güni mynasybetli eden çykyşynda, eger isleg bolsa, biz şu ýyldan başlap, syýasy partiýalary hasaba almaga taýýar diýdi.

Ol oppozision partiýanyň döremeginiň Türkmenistanyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda möhüm waka boljakdygyny mälim edip, şol partiýanyň ýurduň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna gatnaşmak bilen bäsleşik esasynda iş alyp barjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şert goýuldy

Emma prezidentiň täze dörediljek partiýalar barada bir şerti hem bardy.

“Ýöne täze düzüljek syýasy partiýalar biziň ählimiziň umumy maksadymyz bolan döwletimiziň dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýelemegi üçin halkymyzyň milli aýratynlyklaryna esaslanmaly. Ykdysadyýetinde, ýaşaýyş we durmuş ulgamynda, gumanitar ugurlarda ýurdumyzy ösüşiň ýokary sepgitlerine ýetirmegi, dünýäde öňdäki hatarlara çykarmagy bolmalydyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Bu şert iş ýüzünde nämäni aňladýar, bu barada prezidentiň eden gysgaça çykyşyndan haýsydyr bir takyk netije çykarmak kyn, emma ol sözüniň dowamynda bu baradaky aladalaryň we özgerişleriň howlukman amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren bu pikiri öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyňkydan tapawutly bolarmy diýlen soraga-da häzirlikçe jogap bermek kyn, emma muňa garamazdan, bu pikir ýurduň içinde giňden ýaňlandy.

Lebäp welaýatyndaky Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew ýerli ýaşaýjylara salgylanyp beren maglumatynda, ilat köpçüliginiň, umuman, bu pikiri gowy garşy alanlygyny we, prezidentiň aýdyşy ýaly, Agrar partiýasyny döretmegiň gowy pikirdigini goldaýandyklaryny habar berdi.

Osman Hallyýew aýratynam ýurtda ýeke-täk partiýa bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňki bir agzasyna salgylanyp beren maglumatynda şeýle diýýär: “Ilkinji edilmeli iş, ýurtda syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalar barada döwrebap täze kanun gerek. Türkmenistanyň Mejlisi haýal etmän bu işe girişse we ýakyn aýlarda şeýle kanun kabul edilse, kem bolmazdy”.

Bosgunlykdaky oppozisiýa seresaply

Berdimuhamedow tarapyndan syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi baradaky bu pikire daşary ýurtlarda hereket edýän Türkmen oppozision partiýalary has seresaply çemeleşdiler.

Bosgunlykda hereket edýän Respublikan partiýanyň ýolbaşçylaryndan Çary Işanyýazow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, ilki bilen
Berdimuhamedow diňe bir ugur boýunça iş alyp barjak syýasy partiýany dörediň diýjek bolýar.
Berdimuhamedowy bu çykyşy bilen gutlap, yzy bilen hem bu barada onuň öňe süren pikiriniň bulaşykdygyny aýtdy.“Sebäbi meseläniň goýluşy, ýagny oppozisiýadaky syýasy partiýany döretmek meselesi bulaşyk. Ol agrar ugurdan partiýa döretmeli diýýar, agrar ugurdan diýmeklik näme?”

Işanyýazowyň aýtmagyna görä, adaty syýasy partiýa ähli ugurlar boýunça işlemeli, ol diňe bir dar ugra baglanmaly däl. “Berdimuhamedow oňünden diňe bir ugur boýunça iş alyp barjak syýasy partiýany dörediň diýjek bolýar. Meselem, ol Agrar partiýasy oba hojalyk meseleleri bilen gyzyklanmaly we oba hojalykdan başga ýere siz burnuňyzy sokmaň diýýär”.

Ol sözüniň dowamynda Berdimuhamedowy içi boş uly gürleýän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirip, onuň oppozision partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi baradaky bu pikiriniň hem nobatdaky adaty beýanat bolmagynyň mümkindigini belledi.

Günbatar nähili garaýar?

Maýkal Laubuş
Günbatar synçylary hem Berdimuhamedowyň bu pikirine o diýen ynanyp barmaýandyklaryny aýdýarlar.

Düýbi Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän “Ýewraziýa tranzition toparynyň” ýolbaşçysy Maýkal Laubuş hem şeýle pikiri orta atýan synçylardan biridir.

Maýkal Laubuş Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda diňe şeýle pikiriň orta atylmagy ýurda demokratiýa we aç-açanlygyň geljekdigini we sosial durmuşyň özgerjekdigini aňlatmaýar diýýär.

“Biz häzirlikçe bu çykyşyň netijesine garaşmaly, daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision partiýalaryň wekillerine ýurda dolanmaga rugsat edilermi, sebäbi olar hakyky oppozision partiýalardyr. Men türkmen režiminiň diňe Berdimuhamedowa ýakyn bolan emeli syýasy partiýalary döretjekdigini alada edýäryn” diýip, Laubuş aýdýar.
Daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision partiýalaryň wekillerine ýurda dolanmaga rugsat edilermi?


Laubuş aýratynam daşary ýurtlara gaçyp çykmaga mejbur bolan oppozision aktiwistleriň ýurda dolanmagyna we şol ýerde hereket etmegine rugsat edilen ýagdaýynda bu özgerşligiň Günbataryň göwnüne jaý boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Jenap Maýkal Laubuş bilen bir hatarda daşary ýurtlarda hereket edýän Respublikan partiýanyň wekili Çary Işanyýazow hem bu ädimiň gowy hereketdigini belläp, ýagdaýa takyk baha bermek üçin mundan beýläk hökümetiň iş ýüzünde amala aşyrjak çärelerine garaşmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: aman nireden: ewropa
19.02.2010 19:35
+0 / -0
3 yil munda ozal aydypdy bu sözleri,emma netije yok.Bular yali zatlar b-n türkmenleri aldajak bolup yör.Türkmen muna ynanmaz,ynanmaly hem däl

kimden: Geldi nireden: Yewropa
20.02.2010 01:27
+0 / -0
Aman, size soraglarym bar: ynanmaly dal diyip hacana cenli cetde durmaly? Mumkincilik nahili bolanda hem ondan maksimum ulanylsa gowy bolmazmy? Initiativa topar doredilip baslansa siz gosularmysynyz?
Muňa jogap

kimden: aman nireden: ewropa
20.02.2010 15:19
+0 / -0
Mümkinchilik maximum ulanmaga pursat bermeyärler.Eger olaryn goyyan arachäkleri ichindäki demokratiya men demokratiya diyip biljek däl. Täze partiya acharsyn emma bu mening aydan zatlarym esasynda bolar diymek Hormtly Geldi.eger siz sheyleräk partiya b-n bashlasanyz hökman biz goshularys size:))

kimden: Berdimyrat
20.02.2010 03:03
+0 / -0
Bu gowy habar. Partiyalar kontrollukda bolsada, turkmenler kop partiyalylyk medeniyetini owrener in azyndan.

Cary Ishanyazowa bir zat bellik etjek: Turkmen dilinde gurlap bilmeyan, iki sozun bashyny catyp bilmeyan adam nahili oppozisioner bolup bilerka?

kimden: Ayhan nireden: Maru-Şahu-Jahan
20.02.2010 16:12
+0 / -0
Menem şol günün 18 Fewral Watan Habarlaryna internetden seretdim. Yaşulyn yazylyp berilen zatlary okayandygy görünip dur. Milli gymmatlyklar, Yurdyn halkara abrayy we umumy maksadymyz bolan Türkmenin milli bahbitlerinden gürrün etdi. Esasanam ol dine bir ugura ünsi çekdi. Taze guruljak partiya agrar ya-da başga bir ugurdan bolup biler diyyar. Berdimuhammedow syyasy partiyanyn namedigine düşünmeyar. Ol jemgyyetçilik guramasy dal ahbetin, dine bir ugurdan işlar yaly. Syyasy partiya öz yoly, maksatnamalary bolan, Yurdy dolandyrmaga döwtalap ahlitaraplayyn bir bitewi gurama ahyry. Ahtimal yene Hramow, Myrat Garryyew yaly ideologiyanyn başynda duran awtoritar adamlar muny hem Berdimuhammedowa yazyp berdiler we oka diydiler.Taze dörediljek partiyalar dine göz üçin halkara jemgyyetine demokrasiya yolunda möhim başlangyç hökmünde görkezmek üçin gurulmagy ahmal. Bu partiyalar dine emeli partiyalar bolup saylawlarda yene biragyzdan Berdimuhammedowy goldamagam gaty ahtimal. Sebabi gözbaşynda Hramow, Zadan, Umnow we Garryyew yaly adamlaryn duran başlangyjyndan ne demokrasiya, ne-de hakyky özgerişe garaşyp bolar. Eger hakykatdanam jemgyyetin ösüşine itergi berjek, TDP partiyasyna basdeş, aktiw syyasy partiya islenyan bolsa, tizden-tiz Yewropa standartlarynda Taze Syyasy Partiyalar Kanuny kabul edilmeli. Bu partiyalara Kanun boyunça doly garantiyalar berilmeli. Ana şonda Türkmenistanda sözün doly manysynda demokrasiya hökmürowan bolar. Yogsa 18-nji Fewraldaky Maslahatda aydylanlar dine Halkyn gözüni boyamakdan başga işe yaramaz. Şon üçin gaty tolgunyp heyejanlanmagam dogry dal. Name diyipdir Türkmen: Sakawyn sonyna seret...
Muňa jogap

kimden: Yandym
21.02.2010 17:31
+0 / -0
Umuman Berdimuhammedowyn bu eden chykyshyna ynanyan adam yok yaly. Bu-da bolaymaly zat. Turkmenistanda soz azatlygy doly gadagan bolup durka onun koppartiyalylyk diyyan zadynyn utopiyadygyny hemme bilip otyr. Ola bizi sheydip aldan bolmaly, bizem gulagymyzy sallap ona ynanan bolmaly. Tapdy barde keche telpek turkmeni, kim ona ynansyn!

kimden: hakykatçy nireden: Türkiye
05.03.2010 16:38
+0 / -0
agrar ugurda diyeni dine bir karendeçilerin hakyny goldayan partiya diymek bolya olam prezidentin öz adamaryndan goylar...!