Diňle

Häzir efire gidýär

Täzelikler

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3051
EUR / 
RUB
0,0252
RUB / 
USD
30,3

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Medeniýet

Ezizowyň 70 ýaş toýy bellendi

02.03.2010

Bahar paslynyň ilkinji güni türkmeniň tanymal şahyrlarynyň biri bolan Gurbannazar Eziziowyň 70 ýaşy doldy.

Şu sene mynasybetli Gökdepe etrabynda şahyryň dogduk obasy bolan Söwütlide onuň ýaş toýy bellendi.

Juma Ýazmyradow çykyş edýär.
Çäre etrabyň häkimligi bilen Ezizowyň döredijiligine hormat goýýan edebiýatçydyr sungat işgärleriniň gurnamagynda geçirildi.

Dabarany gurnaýjylar Gökdepe etrabynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky 7-nji orta mekdebinde bagşydyr sazandalaryň, şahyrlaryň, artistleriň we Gurbannazar Ezizowyň edebi döredijiligine hormat goýýan adamlaryň hem-de şahyryň uly maşgala agzalarynyň gatnaşmagyndaky uly çäräni geçirdiler.

Onda çykyp geplänlerden Türkmenistanyň halk artistlary Juma Ýazmyradow, Nury Allaberdiýew, şahyryň jan ýaly dostlaryndan Derýa Baýramgulyýew, Amangeldi Amanow, žurnalist doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýew we başga-da birnäçe arzyly myhmanlar Gurbannazar Ezizowyň özlerinde galdyran täsirleri barada gyzykly gürrüňler etdiler hem-de şahyryň goşgularyndan okadylar.

Dabaranyň soňunda Gurbannazar Ezizowyň uly gyzy Ýazgül Ezizowa çäräni gurnan ähli adamlara maşgalalarynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Gurbannazar Ezizowyň 70 ýaş toýuna bagyşlanan dabara soňra Gökdepäniň "Gala" restoranynda dowam etdi.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Türkmen Ogly
02.03.2010 14:14
Asyl möhim sorag: Dabara Hökümetden kim barypdyr? Hiç kim barmadyk bolsa onda ol Döwletin Türkmenin Beyik şahyryna sarpa goymayandygyny anladyar. Şunam bir yazmaly ekeniniz...
Muňa jogap

kimden: Atsyz
02.03.2010 21:45
Onson: suratda dine 1 erkek. Galanun hemmesi zenan-gyzlar...
Muňa jogap

kimden: van gogh
25.03.2010 16:12
sebabi yeke ogly 3 gyz bardy nerressan galanlaram agtyklary bolmagy mumkin
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS