Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Repressiw häsiýeti ýok etmek meselesi keserip dur

04.03.2010

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow düýbünden täze ideýalary öňe sürdi. Eger olar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylsa, örän ýakyn wagtlarda Türkmenistanda döwlet sistmasynyň häsiýeti özgerip biler.

Ol neneňsi çalt bolar? Şol özgerişler prezidentiň edýän çagyryşlarynyň aýgytly hem anyk ýerine ýetirilişine bagly bolar. Ol ozaly bilen ýurtda oppozision partiýalary döretmek, ikinjiden, prezidentiň Howpsuzlyk geňeşiniň soňky maslahatynda goýan jenaýat-prosessual kanunçylygy liberallaşdyrmak meseleleriniň çözülişi bilen bagly.

Kanun goraýjy organlaryň alyp barýan işleriniň adam hukuklary boýunça halkara talaplaryna laýyk getirilmelidigini G.Berdimuhamedow açyk aýtdy. Ol nähili ediler hem ony kim ýerine ýetirer? - diýen sorag örboýuna galýar.

Bu ýerde döwlet sistemasynyň repressiw häsiýetini ýok etmek, onuň oňurgasyny ýazdyrmak meselesi keserdilip goýulýar! Bu işi ýerine ýetirmek üçin prezidentiň çagyryşlary hem permanlary ýeterlik däl. Şol maksada ýetmek üçin döwlet baştutanyna hemmetaraplaýyn hem real goldaw gerek.

Bu iş üçin G. Berdimuhamedowyň ýakyn töwereginde egindeşleri ýeterlikmi? Türkmen perestroýkasyny, türkmen üýtgedip gurmasyny ol kimler bilen amala aşyrmaly?

Öz wagtynda M.Gorbaçýowyň tutuş bir ýolbaşçylar topary bolup, olar täze ideýalary amala aşyrmakda oňa kömekçi bolupdylar, goldaw beripdiler. Daşary syýasatda E.Şewardnadze, KGB-ni üýtgedip gurmakda Bakatin iň ýakyn kömekçileri bolupdy. Şeýle adamlar goltgy bermedik bolsa, Gorbaçýow, belki, köne sowet nomenklaturasyna garşy durup bilmezdi.

Täze Türkmenistany gurmakda Berdimuhamedowyň ýaňky agzalanlar ýaly kömekçileri barmy? Sebäbi Türkmnistandaky häzirki ýagdaý Gorbaçýowyň SSSR-e baştutan bolan döwründäkidenem erbet. Çünki şol döwür kommunistik režime garşy durýan köp dürli oppozision güýçler bardy.

Aýylganç gorky adamlaryň aňyna ornaşdy

Şeýle real oppozisiýa Türkmenistanda häzir ýok. Ony Nyýazow doly ýok etdi. Şol ýok ediş prosesi tutuş halka öz ýaramaz täsirini ýetrdi. Netiijede aýylganç gorky ýurtda adamlaryň aňyna ornaşdy. Ol inisiatiwany ysmaz edip taşlady, indi şol gorkyny häkimiýetleriň özem aýryp bilenok.

Soňky üç ýylyň içinde G.Berdimuhamedow häkimiýetiň ýokary gatlagyndaky köp ýolbaşçylary täzeledi. Täze adamlar geldi, ýöne olaram Nyýazow döwrüniň düzgünleri esasynda wezipe basgançaklaryna çykypdylar.

Prezidentiň häzirki edýän çagyryşlary gorky bilen gözüniň ody alnan, özünden ýokarky ýolbaşça her ädimde köre-körlük bilen öýkünýän adamlary däl-de, düýbünden başga hili ýolbaşçylary talap edýär.

Ýokardan buýruk berlerine garaşyp durman, täze-täze teklipler, ideýalar, inisiatiwalar bilen prezidentiň üstüni gömýän ýolbaşçylar gerek. Diňe şeýle adamlar bilen köne býurokratlaryň gizlin garşylygyny syndyryp bolar.

Belki, üýtgedip gurmaga gatnaşjak, häkimiýetlere öz hyzmatyny, güýç-gaýratyny teklip etjek adamlaryň döwri gelip ýetendir? Özgerişlere garşy durýanlar tarapyndan sabotaž, prowakasiýalar edilmezden, dünýäde hiç wagt, hiç hili üýtgeşmeler, özgerişler bolmandy.

Eger ýurtda üýtgedip gurmak agsasa, uzaga çekiberse, ol täze döwlet döretmäge synanyşyklara garşy çykýanlaryň aktiwligini aňladar. Şeýle ýagdaýda “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýen türkmen nakylyna görä meseläni çözmeli bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan nireden: Goja Dünya
04.03.2010 21:09
+0 / -0
Bah, bu nakyly gaty gowy gördüm: İki goçun kellesi bir gazanda gaynamaz. Gaynamasyn, gaynatmasyn Hudayym! Bah, diymek Jenap bilermen Türkmenistanda taze ruh, taze düşünje, taze sistema - TAZEÇİLLİK üstünlik gazansa, repressiw hem zalym rejimin yerine düypgöter başga YNSANPERWER hem GÖZEL HOŞ hem YAKYMLY bir ADALATLY Sistema hökmürowan bolar enşalla diyyar-da. Ya Huday! İnşallah hemmamiz üçin gowy, gözel we yagşy bolar diyip umyt edyas. Dünyagarayyşy ösen bir jemgyyet, hemmelerin bir-biregin düşünjelerine sarpa goyup, ol düşünjeleri adamzadyn baylygy hökmünde görjegi ynamly, howpsuz hem şeyle rahat jemgyyet. Türkmen üçin tapylgysyz nygmat bolar. Yöne bu Yagşy niyet - Yarym Döwletin durmuşa geçmesi üçin, 24 sagat Ata Watana, il-güne hyzmat etjek arassa,, akylly, halal we öndengörüji men diyen YOLBAŞÇYLAR, İŞGARLER, DAYHANLAR, MOLLUMLAR we DOKTORLAR we (ş.m-ler) gerek-da. Uzyn sözün gysgasy, aktiw sabyr we gözel işlerde tutanyerlilik bilen ULLAKAN UMYT hem Hudaydan gorky we adamzada çaksiz söygiden püre-pür yürek gürek... Salamlar we yagşy dilegler bilen Ayhan YNSANPERWER DUYGULARY YOL EDİNEN RUHUBELENT TÜRKMEN.

kimden: Sadap
05.03.2010 20:30
+0 / -0
Yöne gorkyny aradan ayyrman nadip?! Ayhan jan nadip?! Mümkinmi beydip?!

kimden: Goçmyrat
05.03.2010 20:35
+0 / -0
Hemmelerin başgalaryna zyyanlygy bolmadyk, islan zadyny edibilyan parahat hem asuda bir durmuşy hyyal edyan , doganlar, çagaça-da bolsa... Nahilek borka?!

kimden: Dogruçyl - (Real)
05.03.2010 20:44
+0 / -0
Yöne Türkmen halky bolup agzybir bolmasan nadip ADALAT, nadip HUKUK, nadip TAZEÇİLİK bolsun Ayhan aga nadip? Süyji arzuwlar ya-da owadan jümleler bilen iş amala aşanok-da Ayhan jan. Agzybirlik gerek, erjellik gerek hemem YHLAS gerek bar zadyn düzelmegi- gowy bolmagy üçin. Hoş. Saglygyn. . Soltan Sanjar. Mary. - Maru-Şahu-Jahan
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil