Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Kommentariý

Türkmen “perestroýkasy” halkyň goldawyna mätäç

08.03.2010

Türkmenistanda häkimiýet, has takygy prezidentiň özi, özgerişler üçin şu wagta çenli aktiwlik görkezmäge aýgyt edip bilmedik ýönekeý adamlaryň goldawyna mätäç.

Başlyklaryň özi, dolandyryjy topar türkmen jemgyýetinde esasy öwrülişikleri amala aşyrar diýilse, ol reformalary durmuşa ornaşdyrmagy töwekgellige salar. Aşakdan inisiatiwa bolmazdan, reformalar başa bararmy?

Şu günki gün dymmak, özgerişleriň, öwrülişikleriň özi geler diýip garaşmak - bu planlary, ideýalary öz akymyna goýbermekdir, gorky ysmazlygyndan jemgyýeti halas etmegiň ähtimallygyny peseltmekdir.

Häzir S.Nyýazow döwründäki adamlaryň depesinde pelesaň urýan howp ýok. Şol döwürde welin, islendik aktiwlik şirin janyňdan el üzdüribem bilýärdi.

Bu gün prezidentiň özi adamlara oppozision hereketde özüňi synap görmegi teklip edýär. Ýurda häzir dünýä jemgyýetçiligi üns bilen syn edýär.

Türkmenistanyň içki durmuşyny Adam hukuklaryny goramak boýunça halkara standartlaryna golaý getirmek üçin edilen islendik hereket goldaw tapar. Şol inisiatiwalary Aşgabatda öz işini giňeldýän ÝHHG ýaly täsirli halkara guramalar alyp göterýärler.

ÝHHG-niň delegasiýasy Aşgabatda bolanda, onuň çözen baş meselesi - türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak boýunça reformalary amala aşyrmak boldy. Mesele Mejlisde, DIM-de hem Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary institutynda maslahatlaşyldy. Başgaça aýdylanda, bu tema türkmen durmuşynda gündelik meselä öwrüldi.

Milli howpsuzlyk


Bu ýagdaýa şu wagta çenli köp nesillerde gorky döredip gelen Milli howpsuzlyk ministrliginde-de öwrenişip ugradylar gerek. Indi bu edarada gorkman, ýumruk çenemän, adam hukuklary baradaky sözleri kabul edýärler. Postsowet giňişliginde bu edara-da özgermeli.

Mysal üçin, Ukrainada soňky ýyllar Howpsuzlyk gullugyndan ähli repressiw funksiýalar aýryldy. Ol indi diňe döwleti goramagyň strategik meseleleri bilen meşgullanýar. Syýasy äheňler bilen adamlary yzarlamak bu ýurtda ýatyryldy.

G.Berdimuhamedowyň Howpsuzlyk sowetiniň soňky maslahatynda eden çykyşyndan çen tutulsa, Türkmenistan öz sistemasyny özgertmeli, onuň repressiw häsiýetinden ara açmaly. Şoňa görä liberallaşmanyň aşakdan çykýan inisiatiwa esaslanmagy häkimiýetler üçin örän möhüm.

Ýaşlara bil baglamak möhüm

Hemmeler bilen hyzmatdaşlygy nazarlaýan çynlakaý konstruktiw inisiatiwa jemgyýetde has uly, köpçülikleýin gyzyklanma döreder. Ol köküni çuňdan uran gorkyny gysyp çykarar. Ol halk parasatyny, pähim-paýhasyny ulanmaga mümkinçilik berer, “Döwlet adam üçindir” diýen şygary has janlandyrmagyň hakykatdan-da mümkindigini duýmaga häkimiýetleriň özüne itergi berer.

Bu işlerde ýaşlara - studentlere, ýaňy işe başlan telekeçilere, lukmanlara, mugallymlara, inženerlere, agronomlara, gepiň gysgasy, jemgyýetiň iş başyndaky, hereketdäki ýaşlar bölegine, olaryň etjek tekliplerine bil baglamak möhüm.

Häzir wezipede oturan dolandyryjylar däl-de, hut ýaňky sanalanlar türkmen perestroýkasyna, türkmen üýtgedip gurmasyna itergi berer. Gadymy akyldarlaryň “Hökümdaryň aýagyna ýykylma, depäňden basarlar” diýen dana sözüniň manysyny ýaşlar ýiti duýýarlar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan nireden: Maru-Şahu-Jahan
09.03.2010 14:28
+0 / -0
Gaty dogry söz: Hökümdaryn ayagyna yykylma, depanden basarlar - diyyani. Birem şu yerde awtoryn şu sözi gaty möhüm: Liberallaşmanyn aşakdan çykyan inisiatiwa esalnmagy hakimiyetlr üçin öran möhüm - setirleri. Hawwa, bilermen mamla: Türkmen perestroykasy halkyn - Türkmen halkynyn goldawyna gaty mataç. Ösüşin, özgeriş we tazeçiligin özi geler diyip hiç zat etman - Döwlet, hakimiyet we adamlaryn, halkyn bilelikdaki tagallalary hakda aydyan - passiw gol gowşuryp oturmak hiç zady üytgetmez. Taze Galkynyşlar we Beyik Özgertmeler Zamanasynda edilyan il-bahbitli, yurt ahmiyetli işlerem aktiw hasiyete eye bolmaz, iş yüzüne geçman dine kagyz yüzünde galar. Şon üçin Döwlet-Millet el-ele berip, başy başlanan türkmenistan we türkmen halky üçin juda peydaly bu reformalary tutanyerlilik we erjellik bilen dowam etdirmeli. Ana şonda ahli tarapdan - hem sosial-ykdysady, hem medeni-syyasy hemem kanunçylyk-hukuk-demokrasiya taydan ösüş gazanmak dine sözde dal-de, hakykatdanam iş yüzünde mümkin bolar. Eger hakykatdanam Döwlet adam üçin we Türkmen halky üçin bolyan bolsa. Şu hakykaty yatdan çykarmazlykda peyda bar: Her naçe welayatlardaky açylyşlarda, yygnaklarda, hökümetin (Ministrler) maslahatynda ya mejlisde yallakylyk-yaranjanlyk hazirem utanç beryan derejede baram bolsa, Türkmenistan indi önki 91-nji yyllaryn türkmenistany dal, adamlar özgerdi, döwür üytgedi, dünyagarayyş ösdi, taze nesil yetişdi... we ş.m-ler. Şon üçin indi Türkmenistanda mundan beylak ösüşden, galkynyşdan we demokrasiyadan yza yol yok. Hemme zat dine özgerişe, ösüşe sary. Ayhan Mary welayat Watansöyüjiler Hereketinin Türkmen Halky üçin Arassa Zahmet Çekyan Toparynyn meyletin bir agzasy. Şol agzanyn edebi lakamy. Hoş sagbolun. Saglygnyz. Gadym Mary topragyndan yüregi WaTAN diyip uryan Dünya Türkmenlerine yürekden gyzgyn SALAMLAR bilen. :Ayhan.

kimden: Ayna
09.03.2010 17:27
+0 / -0
Şun yaly Watan üçin hakyky alada edyan Watansöyüji oglanlarymyzam bolsun-a? Ayhan, jan agzyna saglyk. Pikirlerin öran gymmatly we Yurdumyz üçin öran peydaly pikirler. Yogsa-da Siz nirede okayarsynyz? Türkmenistanda, Marydamy ya daşary yurtdamy? Mümkin bolsa tanyşyp bilerismi sizin bilen? (Ayna Talyp - Politehniki Unwersitet. Aşgabat). Jowap üçin - turkmencafe.com internet sahypasyndan - Ayna Köşi user-name adresine yazyp bilersiniz. Salamlar bilen Ayna. Hoş...
Muňa jogap

kimden: Syncy
09.03.2010 17:43
+0 / -0
Birden aldap Ayhanyn kimdigini tanajak bolyan bolsan name, politde okayan gyz daldigina dasha yazylan yaky belli...

kimden: Ayhan nireden: Maru-Şahu-Jahan
09.03.2010 19:31
+0 / -0
Bilmeyen soranlar aydyn bu garyp adymyz. Asly Türkmen , yurdy Mary, ady onyn Ayhandyr. Gyzlaryn göwnüne degmez yöne atiyajam elden bermez. Hemişe tedbirli bolar. Yöne Aynajan gaty merak edyan bolsa men Ayahn - Türkiyede okayan Maryly oglan. Hoş Saglygyn Sana durmuşda üstünlikler arzuw edyan.

kimden: Atsyz
11.03.2010 16:18
+0 / -0
Name bilermen aga sen beyle dogumly bolsan gel bashyny bashla name halk,halk diyip dursynyz.Atalarymyzyn sozi bar"ody ozune bas otmese keseka" shonun uchin bosh akyl bermegin geregi yok. Egerde oppozion partiyalara rugsat berildi diyelin gelip parttiyan bashlygy boljaklaram N.Hanamow yaly bolsa onda beyle partiyan geregi yok.Name yadynyzdan chykardynmy Nyyazow olenden son saylawa gatnashmak uchin Ukraina gelip komek sorani name V.Yushchenko dayzanyn oglymy boshyna komek eder yaly yagny menin name diyjek bolyanmy dushunen bolsanyz gerek"urdyn bashyna gechmek uchin urdyny, halkyny satmana tayyn "Onsonam menin pikirim (....) yada O.Musayew (.....) kopelidmek name gerek sheylede bizde olar eterlik.Bize G.Atabayew,Shaja Batyrow yaly Turkmen halky uchin janyny bermane tayyn bastytanlar gerek gynansakda shu wagtky bastutanlarymyzda olar yok.
Muňa jogap

kimden: Atly
13.03.2010 02:17
+0 / -0
Atsyz, eger bey diyjek bolsan, koshkde "maslahatcy" bolup oturanlary tanayanmy? Bu teswirina dereksizrak boldy...

kimden: Atsyz
13.03.2010 03:41
+0 / -0
Salam atly aga teswirin namesi dereksiz bolmysh?koshkde oturanlar gowy diyen barmy.Teswire baha bershine gora dereksiz bolan erini aytsadyn yogsada Hanamow bilen bagly erimi?
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil