Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:21

Ýörite gepleşikler / Türkmen sesi

«Türkmen Sesi» - dünýä türkmenleriniň sesi!

Azatlyk Radiosynda «Türkmen sesi» ady bilen täze eşitdirilip başlanan programmada dünýä türkmenleriniň durmuşyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna degişli wakalar we täzelikler barada maglumatlar berler, şeýle-de bilermenleriň çykyşlarydyr pikirleri-de beýan ediler. Muňa nähili zerurlyklar bar?

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Türkmenler dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýarlar. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler diýip, esasan, eýran, owgan, yrak, hytaý, türkiýe hem-de siriýa türkmenlerine aýdylardy. Emma öňki SSSR-iň çäklerinde-de türkmenleriň kowçumlaýyn ýaşaýan ýerleri başga-da az däl. Olar Täjigistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Stawropolda, Astrahanda, Krymda we käbir beýleki ýerlerde ýaşaýarlar.

Daşary ýurt türkmenleri hem-de öňki SSSR-iň territoriýasynda ýaşaýan türkmenler barada Türkmenistanda entegem maglumatlar ýeterlik däl. Olaryň ýaşaýan oba-şäherleri, gün-güzerany, kynçylyklary, dili hem-de medeniýeti barada henize çenli-de ýeterlik barlag işleri geçirilenok diýip, türkmen ýazyjysy we neşirýatçysy A.Welsapar «Türkmen Sesi» programmasynyň ilkinji sanyna beren interwýusynda belleýär.

Festiwallaryň potensial ähmiýeti

«Daşary ýurtlardaky türkmenler bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin käbir zerur çäreler görülmeli. Şu wagta çenli edilen işler bizi kanagatlandyrmady» diýip, daşary ýurt türkmenleriniň käbiri bize gürrüň berýär. Emma, muňa garamazdan, bu ugurda käbir işleriň edilýänligi hem aýdylýar.

Mysal üçin, Türkmenistanda 27-29-njy aprel aralygynda Dünýä türkmenleriniň festiwaly geçiriljek. Festiwala we onuň ähmiýetine oňyn baha berip, Şwesiýada ýaşaýan türkmenistanly ýazyjy we neşirýatçy A.Welsapardan şeýle diýdi: „Şu ýyl türkmenleriň Türkmenistana baryp, özlerniň birligini duýmaklary üçin ilkinji gezek zerur ädim ädilýär. Sebäbi bu festiwala köp adam çagyryldy. Bu ýylky festiwal dünýä türkmenleriniň medeniýetini ösdürmegi we öz ene dilini gorap saklamagy üçin peýdaly goşant bolar.“

Türkmenler barada täze kitaplar ýok

Şu taýda ýene bir zadyň belleňmegi gerek. Garaşsyzlygyň ilkinji ýylynda, ýagny 1991-nji ýylda Türkmenistanda «Dünýä türkmenleri» ady bilen bir kitap çap bolupdy. Bu kitapça «Watan» jemgyýeti tarapyndan çykarylypdy.

Emma şondan soň Türkmenistanda bu temadan kitaplaryň çap edilendigi barada hiç hili maglumat ýok. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt türkmenleri barada ýeterlik maglumat berilmeýär.

Bäş milliona golaý kitap saklanylýan Türkmenistanyň milli kitaphanasynda ýekeje-de täze çykan kitaba gabat gelip bolanok diýip, ýerli synçylar belleýärler.

Käbir kynçylyklar…

Türkmenleriň san taýdan Türkmenistandan soň iň köp ýaşaýan ýurdy, elbetde, Eýrandyr.

Şu taýda bir zady bellemegimiz zerur. Dürli ýurtlarda milli azlyk bolup ýaşaýandyklary hem-de käbir ýurtlarda hukuksyzlykdan kösenýändikleri zerarly dünýä türkmenleri barada jikme-jik resmi statistiki maglumatlary toplamak hem aňsat däl.

Şu ugurda Eýrandaky türkmenlerden mysal getirilse, eýran türkmenleriniň sanyna degişli dürli maglumatlar berlilýär. Olaryň sany 2 million bilen 4 millionyň aralygyndadyr diýip çak edilýär. Emma bu ýurtda etniki azlyklara degişli milletler barada demografiki we sosial barlaglaryň geçirilmegine ýol berilmeýändigine görä, eýran türkmenleriniň anyk sanyny aýtmak hem örän kyn mesele bolup durýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: yusup nireden: Germania
24.04.2010 08:41
+0 / -0
---- seslenme : Azatlyk Radiosynda, «Türkmen Sesi» adly programma yola goyulmagyny, dünýä türkmenlerine gutlamak bilen programmany alyp baryanlara üstünlikler arzuw etyarin. Bu habar elbette dünýä türkmenlerini begendirer.
Türkmenler-de dünýä jemgiyetinde özine mynasib orun eyläp bilmelidir. Ähli türkmen doganlarymy shu mümkinchilikden hem peydalanip, hal-ahwallaryny dünýä jemgiyetine yetirip durmaga chagyryaryn.

kimden: mengli nireden: sweden
25.04.2010 17:56
+0 / -0
mengli, Sweden
2010-04-25Dunya Turkmenlerining sesi, dunyada yayilmagi bilen ildeshlering oz aralarinda, hem-de olar bilen dunya jemgiyeti arasynda medeniyetli we dushunshikli gatnashiq emele geler diyip arzu-omit etyan. Azatlyk Radiosynda, «Türkmen Sesi» programmani alyp baryanlara-da ustunlik arzu etyan. olardan turkmenlering ylymda hem bilimde gazanlari bilen sohbetdeshilk gechirip durmaklarini teklip etyan.





kimden: Ayhan
26.04.2010 13:32
+0 / -0
Türkmenistan Dünya Türkmenleri bilen gatnaşyklary hasam ösdürmeli Olara hemişe yardam etmeli we Garaşsyz Döwlet hökmünde olara eye çykmaly Bu gatnaşyklar dine Döwlet derejesinde resmi yagdayda dal-de Dünya Türkmenleri halk bolup öz aarsynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny hasam berkitmeli Şon yaly zatlar asly bir gany bir dili bir Türkmen doganlarymyz bilen şatlyk we gynanjymyzy den paylaşmaly

kimden: Tünügök nireden: Canada
26.04.2010 15:58
+0 / -0
Türkmenlering sesi dünyä yayilip dursa, ildeshler arasynda, hem-de türkmenler bilen dünyä jemgiyeti arasynda peydali gatnashykda bolmaga amatly shertler döräp biler. Adamlar we milletler arasynda düshünshikli we peydaly gatnashik, häzirki zaman ing wajyb we ähmiyitli meselelerdendir.
Muňa jogap

kimden: Türkmen Ogly
26.04.2010 17:08
+0 / -0
Türkmenin Sesi Bütün Dünyade ginden eşidilmeli Türkmenin medeniyeti, özboluşly dap-dessury, baldan süyji dili we beyleki ençeme milli gymmatlyklaryny Bütün Dünyade tanatmak üçin bizin her birimiz asly halal Türkmen hökmünde, Şu Yurdyn rayaty hökmünde we öni bilen ildeş hökmünde taysyz tagalla etmeli bu ugurda gije-gündüz jan etmeli Nesip bolsa bu ajayyp milletin Türkmen halkynyn Sesi bütün Yer Şarynda ginden duyular we halkara abrayymyz hasam yokary galar diyip umyt edyas... Yagşy niyet - Yarym Döwlet diyipdir ata-babalarymyz...Şon üçinem yagty gelejegimize hemişe umyt bilen garamaly...

kimden: Yazgül
26.04.2010 17:21
+0 / -0
Name üçin Türkmen halky hakda edebi, taryhy ya çeper roman yazylanok? Türkmenin yetişdiren beyik şahsyyetleri barada name üçin şu günki gün dil yarmak gadagan? Name üçin Türkmenin öz ogul-gyzlary öz Milleti we dogduk Diyary hakynda taze eserler döretmeyar? Name üçin?! Name Üçin?!Name üçin?!