Diňle

Häzir efire gidýär

Täzelikler

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Merkezi Aziýa

Oşdaky türkmen studentleri kömege garaşýar

Etniki özbekler gyrgyz-özbek serhedinden Özbegistan tarapyna geçýärler, 12-nji iýun, 2010-njy ýyl.
15.06.2010

Gyrgyzystanyň dürli uniwersitetlerinde 10 müň çemesi türkmen studenti bilim alýar. Gyrgyzystandaky wakalaryň barşynda çaknyşyk turan ýerlerde türkmen studentleriniň hem ýagdaýy erbetleşdi. Türkmen studentleri Azatlyk Radiosyna beren interwýularynda öz janlarynyň howp astyndadygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Oş şähärinde okaýan, özüni Arslan diyip tanadan student türkmen studentleriniň horlanýandygyny aýtdy. Ol şeýle diýýär: “Asudalyk ýok. Polisiýa organlary bolsa bizi goramaýar, tersine, bize azar berýärler. Türkmen studentleri her ýarym sagatdan biri-biri bilen mobil telefony arkaly habarlaşýarlar. Käbir dostlarmyzyň habar bermegine görä, ýoldan geçip baraýanlar içi nebitli çüýşeleri otlap, olaryň ýaşaýan öýleriniň aýnasyndan oklap, köp öýleri otlapdyrlar. Köp öýleriň aýnalary döwük. Biz näme etjegimizem bilemzok“.

Arslan öz başlaryndan geçýän kynçylyklar hakda ýene şeýle diýýär: “Biz okuwa baryp bilemzok. Çörek almaga hem çykyp bilemzok. Biz öz problemamyzy çözmek üçin hiç kime ýüzlenip hem bilemzok. Polisiýa hem ynanyp bolmaýar. Gyrgyz polisiýasy bizden pul soraýar. Biz diňe kynçylyk çekýäris we elimizden gelýän hem zat ýok“.

“Türkmenistan Gyrgyzystandaky türkmen studentlerini ýurtdan sag-aman alyp çykmagyň aladasyny edip başlady. Siz Türkmenistandan ýene nähili kömeklere garaşýarsyňyz?“ diýen sowalymyza Arslan şeýle jogap berdi: “Entek çaknyşyklar başlanmanka Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Soltan Pirmuhammedow biziň aramyza geldi. Ýöne ilçi biziň soraglarymyza doly jogap bermedi ýa-da soraglarymyzy jogapsyz goýdy. Türkmen studentleri Türkmenistanyň Gyrgyzystanda wekilhanasynyň yoklugy sebäpli alada bildirdiler. Ilçi bolsa bize: “Siz Gyrgyzystana hökümet tarapyndan okuwa iberilmediňiz we bu barada Gyrgyzystan bilen döwletara gepleşik geçirilmeli“ diýip, başdansowma jogap berdi”.

Arslan “Türkmenistan bize goldaw bermeli. Biz her ýerde bolsak hem öz okuwymyzyň aladasyny ederis. Emma häzir bu ýerde uruş barýar. Oşda başga milletlerden, meselem, Pakistandan Hindistandan Gazagystandan hem studentler bar. Olara öz ilçihanalary kömek edýär” diýýär.

Türkmen studentleriniň ýagdaýyny olaryň ene-atalary uly alada edinýärler. Arslanyň sözlerine görä, olar öz çagalaryndan telefon arkaly habar tutýarlar we biynjalyk bolýarlar. “Olar bize “öýden çykmaň” diýip, maslahat berýärler. Emma Türkmenistanda oturan ene-atalarymyzyň elinden näme gelsin? Olar nädip bize kömek etsin?” diýip, türkmen studenti sözüniň üstüni ýetirdi.

“Eger Türkmenistanyň häkimiýetleri bize kömek etmeseler, häzirki ýagdaýda Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organlary ýa-da uniwersiteterimiz bize hiç hili kömek edip bilmeýärler. Şu alaçsyz ýagdaýda ýurda dolanmak isleýäris“ diýip, türkmenistanly student söhbetdeşlikde aýtdy.

Soňky gelip ýeten maglumatlara esaslansak, Türkmenistanyň Howa ýollary iki uçary Gyrgyzystana iberdi. Emma studentler bu uçarlaryň ýurduna dolanmak isleýän türkmen studentleriniň hemmesini alyp gaýtmak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Oşdaky türkmenistanly studentleriň aýtmagyna görä, häzir Oşda azyndan 700-e golaý türkmen studenti Türkmenistandan uçarlaryň gelmegine garaşýar. “Türkmenistan hem, beýleki ýurtlar ýaly, öz graždanlaryny uruş bolýan regiondan çykarmaly we olary goramaly“ diýip, studentler aýdýarlar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Galtaman nireden: Mary
14.06.2010 20:54
+0 / -0
Yokardaky oturanlaryn pikirleri :Biz wagtynda gyrgyza okuwa ibermejek bolamyzda yrsarap barynyz gitdiniz.Indem oz gununizi ozuniz gorun.Bizden komege garashman biz ibermedik sizi ol yere.Size samalyot iberip cykarjak cykdayjymyza barde owadan uly bir fontan yada oz 2000 adam yashayan obamamyza 20000 mun adamlyk stadion gurduryp bilyan:. Student jigilerim Allanyn goramagy bilen size hic zat bolmaz,Alla yarynyz bolsun.Elimden dine sizin ucin Alla yalbarmak gelyar su wagtlykca.
Muňa jogap

kimden: gahryman nireden: çandybil
15.06.2010 00:21
+0 / -0
Galtaman barada birnaçe ahtimallyk:
1. yokarda dayysy ya-da agasy otyr, şondan eşitdi.
2. özi yokarda otyr
3. ol Nostradamus
4. ol Rasputin
5. ol Wanga dayza
6. ol baryp yatan jypdyrun
7. ol galyusinasiya göryar
8. ol düyş göryar
9. ol analitik
10. ol samsyk
11. ol alasamsyk
12. ol öndengörüji
13. ol tönge
14. ol palçy
15. ol güyçli strateg
16. ol şyltakçy gybatkeş
17. ol ...


Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 11:35
+0 / -0
Gahrymanjan! Yagdaya dusunyan. Monitoryn onunde,keyboardda shakur-sukur yazmak,ansatdyr.Yone jan dostum,ynan yuzbe-yuz bolan bolsak idili yuzumede seredip bilmezdin.Beylede dursun beydip sanashdyrmak. Indem jogap yazarsyn mana haybat atyp,owunyarsin diyip,daway bir yerde dususaly diyip.
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 12:00
+0 / -0
Yene bir zat Geroyjan,azajyk bir tutanyerli boljak bol. Birde :Awstriyadan: diyyan, birde :chandybil:. Su herekedin ozem senin harakterini dusundiryar.Semalyn guyjine owusyan gamysyn gulpagy yaly bolup.
Muňa jogap

kimden: gahryman nireden: yssambyl
15.06.2010 20:14
+0 / -0
Heheyt galtaman! Yüzüne seretmez yaly sen ne beyle, Hezreti Yusupmyn? Asla Seni Görmemişem galtaman, Şasenemmin ya Leylimin, name Sen?
Onsonam, haybaty galtamanlar atar, Çandybilin yigitleri şol göz gamaşdyryan yüzüni Babaly görer yaly eder.
Aslym sorsan Çandybilin ogly men. Bir gün Perenistana yol salarys, başga bir gün baryp Yssambyly çaparys. yene bir günem Awstriyada düşlaris.
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 21:24
+0 / -0
:)Gahrymanjan jogap yazansyn diyip biderek wagt yitirip senin yazanlaryny okapdyrnamay.
Muňa jogap

kimden: gahryman nireden: çandybil
15.06.2010 21:42
+0 / -0
gadyrly galtaman dost, jogaby aşakda yazdym. bagtly bol.

kimden: ıklımberdi nireden: yaşlık
14.06.2010 22:39
+0 / -0
dogrı gürle eşek,gülme gonşına geler başına,sana türkmenin çoban tayagı gerek,ondan akıllı gürlermani bilerdin ve gidip ganını analiz etdir
Muňa jogap

kimden: sapar nireden: Anew
15.06.2010 03:04
+0 / -0
Yklym dost, Galtamana juda gaharyn geleni görnüp dur, teswirin birazyrajyk gödek bolupdyr. Juda bolmasa, ''eşekli galtaman'' diyaymeli ekenin. Ya-da çopan tayakly galtaman??
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 11:16
+0 / -0
Aman! Sen,dowlet isinde islemek senin ugryn dal diyipsin welin,su wagtky isleyanlerin hem ugurlary dal. Tak cto tuys sana gora dowledi dolandyrmak su wagtlykca.Sen yaly ugry daller dolandyryar su wagt.
Muňa jogap

kimden: Aman nireden: Rossiya
15.06.2010 20:45
+0 / -0
Ay jana, sapar jan kimem bolsan daş edipsin. Şu eşekli galtamanlaryn öz hörpünden gopmasang, düşünişmek juda kyn-how. eger bir gün diyşin yaly, döwleti dolandyrmak başyma düşse, çopan tayakly galtamanlaryn başyna ala yabylynyn gününi salardym. Bildiren ynamyn üçin sag bol, yöne borla, özüne nesip etsin işlemek.

kimden: Aman nireden: Rossiya
15.06.2010 03:30
+0 / -0
Dogry hem walla. Barde emosional bolmagyn geregi yok. Adamlaryn duygularyny manupilirleyarler birgiden...
Na koruniz bar diysene Gyrgyzystanda. Köpüsi hem pula-para yatan, korrumpirlenen gyrgyz uniwersitetlerinden diplom satyn alyp, yenil yoldan yokary bilimli bolmagyn yşgyna düşenler (yokary bilim name işlesin boş töngelerde, dine yokary bilimli adyny almak).
Köpüsi hem yakasy gayyşly merkezi we yerli çinowniklerin çagalary. Merkezde döwleti, obada oba halkynyn jübüsine talan salyp yörenlerin balalary. Yenil yoldan diplomly bolup, Tm-a dolananlarynda hem güyçli tanyşlarynyn üsti bilen döwletin yaglyja kürsülerini eyelemegi maksat edinenler.
Ibaly bilim alyan naçe adam bardyr şol 1000'in içinde. Naçe sanysy hakyky güyjüne ekzamen tabşyryp girendir şolaryn. Asla ha Gyrgyzystanda naçe uniwersitet, naçe daşary yurtly okuwçyny öz bilimine alyar???
Bu gün g*tlerine gorky düşüp, ajal gapylaryny kakdy welin, döwlet yadyna düşyar bularyn. Kakalarynyn haramlykdan-paradan yygnan ogurlyk pullaryny düwünçege düwüp, ogryn-dogryn gaçyp gidenlerinde, öz başlaryny özleri çarajak yalydylar hamana. Bu gün döwlet olaryn aladasyny etmelimiş. Birgiden... Ay bolya-da. Yene-de döwlet samalyot iberipdir...
Menin pikirimçe, şolaryn her birinin haysy maddy gazanç bilen, nahili yol bilen gidenini döwlet kanuny esasda dernemeli. Şeydilse, şolaryn köpüsinin gizlenip yören birgiden ogry kakalarynyn ogurlyklarynyn üsti açylmagy mümkin.
Geçen tomus Türkmenistana baranymda, özüm şayat boldum, Gyrgyzystany, Gazagystany gutaryp gelenlerin (has dogrusy şol yerlerde özleri gutaryp gelenlerin) ketde tanyşlarynyn arkasy bilen ketde yerlerde, hatda prokuraturada işe durjak diyşen bolup paşyrdaşyp yörenlerine...
Muňa jogap

kimden: Watan
15.06.2010 03:43
+0 / -0
Sen bir zady berk belle köpe*!!! Eger dowlet ishgari bolsan berk belle zaluwat!!! Şolar nadip gidende-de OKAMAGA gitdiler, yurdun içindaki okuwlara pullary yetmanson gitdiler, sholar mojegin çagasam bolsa halas etmek dowletin borjy! Agzyndan Huday aç! Çaganyzyn okayan yerinde sheyle zat bolsa onson bilersin, toba diy, ahy tutaymasyn olaryn! Gayratyn çatsa barda yuzlerine diy olaryn!
Muňa jogap

kimden: Aman nireden: Rossiya
15.06.2010 04:07
+0 / -0
Enteg-a hiç kiming işgari dal. Döwlet işinde işle diyselerem, ugrym dal. Yöne, adaty rayat hökmünde, günali-günasiz yere Döwlet dayynyn keseklenmegine göz yummak islamok.
Yalnyşyan, yurdun içinde pullary yetmanson dal, köpüsi yurdyn içinde göze ilmezlik üçin çagalaryny daşary iberdiler. Yogsam, seni meni agramyna ölçap satyn alar köpüsi.
Agzyndan ot çabyrayar welin, hakykatlar gaty agyrdyr, biryerine yapyşdy oydyan, senem şolardan biri bolmaly.
Çagalaryn halas edilmegi gowy zat, bolmaly zat.
Yöne senin diyşin yaly, ''möjeklerin'' bir gün halkyn önünde hasap bermegi hem zerur zat.
Onsonam, balagyny kellane orap zowlatma, barde menin gürrünini edyanim çagalaryn halas edilmegi bilen bagly dal, olaryn köpüsinin senin sözün bilen, ''möjek'' ata-enelerinin gazanç çeşmeleri, şol çagalaryn alyan bilimlerinin derejeleri... Şeyle bilim bilen gelip, yenil yoldan jogapkarli wezipeleri eyelap, garamayak halk bendanin başyna salyan günleri...
Meselelere obyektiw çemeleşmegi öwrensen, lakamyna mundan beylak has az ysnat yetirersin...
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 15:31
+0 / -0
Aman senin na korun bar su wagtky yashayan yerinde? Sen Gyrgyzdaky okayanlara seyle sorag beripsin.

kimden: nabelli nireden: istanbul
15.06.2010 04:49
+0 / -0
AMAN , senin yazyanlarynda logika yok !!!
A-how , 5000-e golay okuwçy okayar , şolaryn hemmesinin ene-atasy şeyle bay bolup , yurdyn içinde göze ilmezlik üçin iberyan daldir-a ?! Menin 10-15 sany obadaşlarym okap yörler , hijisininem ene-atasy senin yazan kriteriyalaryna gabat gelenok. Gyrgyzystana gidyanlerin köpüsinin maşgalalary orta synpdaky adamlar. Eger şolaryn hem üyşüp yatan pullary bolsa Yewropa okuwa ibererlerdi , kim Gyrgyzystana ibersin ?!
Şolar name üçin daşary yurda okuwa gidyanini hem , sen menden gowy bilyanem , düşünyanem !!!
Gyrgyzda ibaly bilim berilmeyani çyn bolsa hökümet yurdyn içinde köprak talyp alsyn-da , boldugymy şol 5000 talyba okuw okadanyn ?! Hökümet öz rayatyna bilim bermese , iş bermese , başga name etjek ?!
Onsonam sana name olaryn gidip-gitmani ? Seni gyzyklandyryan tarapy barmy ?! Asla sen haysy hukuga dayanyp beyle zady yazyp bilyan-a ? Şu yerde berilen söz erkinligine dayanyp agzyna gelen sözi ile yönkap yörmekden başga-da başaryan zadyn barmy ?!
Muňa jogap

kimden: Aman nireden: Rossiya
16.06.2010 05:42
+0 / -0
Nabelli, wagt yitirip onki teswirlerine seredyan welin, asyl senin in kop ulanyan sozlerinden biri, "Şu yerde berilen söz erkinligine dayanyp...", ey bratanya namanin minnetay bi? Göya söz erkinligini jübinden çykaryp ile paylayan yalylay sen?
Gaty minnetdar-ey sana. Sen bolmasan we Sizin alyhezretiniz sayasyny salyp, söz erkinligini daşary yurtlardaky biz garyp bendelere bagyş etmedik bolsa, halymyz niçik bolardy?
Tüys pankelle ekeninay! Söz erkinligi bolsa, belli çaklerde, her kim öz pikirini aydar-da. Ol pikirlerin biri-birine demirgazyk we günorta polyuslary yaly ters we daş bolmagy, söz erkinliginin alamaty. Name özünçe, öz pikirine gabat gelmeyan pikirlere basyş edyan? Halanokmy, öz pikirini ayt, garşydaşyn pikirini öz pikirlerin bilen çüyretmage çalyş. Sen name senzura hökmürowanymy şu saytyng?
Özüne akylly oglana menzeyan welin, alyp yatdynay halys minnet edip...
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
16.06.2010 09:08
+0 / -0
Onda oka pankelle ! Men minnet edemok , bu sayt menin adyma degişli dal minnet eder yaly.
Sen entek gürlemanem öwrenmansin-a , yany dişi çykyp başlan çaga yaly bolup. Şonun üçin men senin jogabyny gen hem göremok , ony serezno kabul etjek hem bolamok. Bar sen git-de Gyrgyzdakylaryn yanynda şu yerdaki yazanjalaryny aytsana beyle erkeç bolsan , hany göreli dişlerin abat galarmyka.
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
16.06.2010 09:30
+0 / -0
Onsonam , sen mana honny-monny edip temany başga tarapa sowma-da , jogabyn bolsa yazanlaryma jogap bersene ! Men senin yazan maglumatlaryny yalanlapdyryn , hany indi senem meninkini çüyret-da yalançy oglanjyk ? Poh-pohlanyp gürlemek ansatdyr, düşünyan , yöne her agzyna gelen sözi ile töhmet atyp oturmaly diylen zat yok. Gyrgyzdakylaryn hemmesi diyip , sen umulaşdyryp alypsyn , menem sana jogabyny berdim. Sendenem şona göra jogaba garaşyan , mana awyly sözlerine dal-de.
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
16.06.2010 16:50
+0 / -0
Nabelli! Biderek wagt yitiryarsin jogap yazmak ucin. Gorup dursuna yazan zatlaryndan jogap yazsan degjek-degmejekligi. Kellani agyrtma,wagt yitirme.

kimden: Gadyr
15.06.2010 12:51
+0 / -0
Türkmenistan elbetde hökümet tarapyndan ugradylsyn-ugradylmasyn öz rayatlaryna daşary yurtda kynçylyk çekyan mahaly kömek bermeli. Özbegistandaky türkmen ilçinin bu sözleri gaty gynandyryjy we aydylmaly dal sözler. Sebabi bu yerde bir Yurdyn abrayy we öz rayatlaryna eye çykyp-çykmayandygy barada gürrün gidyar. Yöne meni asyl gen galdyran yagday azathabar.com'yn teswirler babatyndaky tutumy. Halkara edep-ekram kadalaryndan söz açyan, payyş ya kemsidiji sözler we şahyslara göni hüjüm edyan teswirlere yol bermeyan ya-da görünişde şon yaly hereket edyan Azatlyk, Gahryman we Sapar atly okyjylaryn Galtaman atly okyja gönükdirip yazan 'dile alynmajak agyr sözlerini, edep-ekramyn kadalaryndan çykyp yazylan biedep sözlerini, yigrenç bilen hüjüm edilen garayyşlaryny çap etmek bilen haysy prinsiplere eyeryar? Ya bu söz we metbugat azatlygy şahyslara arkayyn hüjüm edip bolyan guralmy? Menin geçen hepde bir makala üçin yazan teswirimde yekeje 'möjek' sözüni skobkanyn içine alyp muny şahyslara hormat diyip düşündiren Azatlyk, ondan 10 hatda 100 esse agyr sözlere-de böwet bolma bolşy-bolşy yaly çap edyan Azatlyk, eyse öz prinsiplerine ne dereje wepaly? Ya-da islan teswirine sanzura goyup islanini bolsa bolşy yaly çap edyarmi? Men yene-de yagşy niyet bilen gowy pikir edesim gelyar. Şol teswirler çap edilen mahaly Moderator ya Redaktoryn başga işi bardymy ya filtre guraly- süzgeç yokardaky okyjylar tarapyndan yazylan şol gelşiksiz we agyr sözlerin çykmagyna bilip göz yumdumy? Belli bir zat bar: Azatlyk bu goşa we ikiyüzli standartlary berjay etmek bilen söz-metbugat azatlygyna şon bilen bir hatarda adam haklaryna doly ynanyan, obyektiwniy pikirli okyjylarynyn ynamyny we söygüsini yitiryar. Hormat bilen....
Muňa jogap

kimden: Gytyndan nireden: Gimalay
15.06.2010 14:38
+0 / -0
Moder, menin teklibim bar, voobshe shu teswirler diylen zady ayyrmasan, kelle agyryn hem kopeler, sogjek hem kopeler, yrssarajak hem kopeler. Ayyrsan shu yer asudalyk bolya, mysal ucin men yazylyan dereksiz yazgylary gorum jynym atlanyar, ne gozel saytyn ishini goryaler. Ayyryn asla shu zady, bizinkilen derejesi entek yetenok kop zada, dine FORUM diyip gyrajykda goy, sho yerde name etseler shony etsinler. barik cyrshaman.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
15.06.2010 14:41
+0 / -0
Teklibiňiz üçin minnetdar, bu barada redaksion kollegiýa maslahat geçirer.

Hormat bilen
Redaktor
Muňa jogap

kimden: merjen
16.06.2010 00:56
+0 / -0
Gytyndan, sen ozuni ayiraymasak shutaydan, ya sheyle kellan agyrtyan bolsan girme onda.
Muňa jogap

kimden: Gytyndan nireden: Gimalay
15.06.2010 14:51
+0 / -0
Sana-da jogap gadyr, men anyan name jogap beriljegini, GALTAMAN diyen shahsyyet yok, ol bastrakt zat, LAKAM, kimdigem belli dal, anonymna yazylan, ady familiyasy yok. Hujum eden adamyn ozem bolup biler. Yone sen yalylar goni makaladaky shahsyyetlerin adyna familiyasyna sogyaler, shunyn tapawudyna dushunmeyan bolsan honnuldama, dashyndan oz nerwim galya.
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.06.2010 15:38
+0 / -0
Gytyndan menin hem sana teklibim bar. Sen kommentaria bolumini okama. Habarlary oka ashagyny okama. Sana zor bilen okadyan yok kommentariyalary.
Muňa jogap

kimden: Gadyr
15.06.2010 16:43
+0 / -0
Gimalaydan yazyan 'gytyndan' halypa aslynda sana jowap yazyp gyzyldan gymmatly wagtymy yitiresimem gelenok welin, mejbur boldum yazmaga. Onsonam sen Azatlygyn ya azathabar.com'yn moderatory ya redaktory dal, bu yerde men pikirimi we teklibimi yazdym, ona jowabam Azatlykdan gelmelidi, emma senden geldi, gynanyan. Sen ya sen yalylarmy indi Türkmenistany ösdürjek yaşlar, özünden başga okyjylaryn pikirlerine hormat goymanam-a öwrenmansin. Dar galyplardan halas bolup birazajygm bolsa garaşsyz we özbaşdak pikirlenmani öwren. Onsonam yene bir zat bar edep-terbiyanin kiçisi-ulusy yok. 'Möjek' diyen sözi men yazamda .... yaly möjekler diyipdim. Yokardaky teswirlerde bolsa göni 'Nickname' (ol munyn gündelik durmuşdaky ady diymek bolyar) berilip ona ynsapsyz we wyjdansyz bir şekilde hüjüm edlipdir. Hemem ony yazanlar teswiri yazan oglanyn name diyjek bolyanyna düşünmandirler. azajyk türkmençe bilyan bolsa düşünerdiler. Gysgaça dost hiç kimin tarapyny tutjak bolma, hemişe hakykatyn hatyrasyna dogrylaryn tarapyny tutup, gany gyzmalyk etme, obyektiwniy we mert bol. Köpsalam bilen...
Muňa jogap

kimden: gahryman nireden: çandybil
15.06.2010 20:25
+0 / -0
Şu yerde teswir yazmasam boljak dal öydyan. Özümi aklamak dal, gözüni açyp has gowy düşünmegin üçin Gadyrly Galtaman!
yokarda menin kommentim birnaçe ahtimallyklary göz önünde tutyar. Adyndan belli bolşy yaly ahtimallyk, yagny ÇAKLAMA, PIKIR YÖRETME. Hüjüm dal, kemsitme dal. Sen ahlisini özüne çekip, kabul edyan bolsan, bize de gutly bolsun diymek galyar.
Menin hem kabir teswirim çap edilmedi (meselem, onjuk aga boyunça), yöne men, administrator ya-da moderatoryn tutumyna hormat goyyan we yekeje gezek hem name üçin menin teswirimi çap etmediniz diyip nadarlamok ya-da muny goşa standart diyip hasaplamok.
Sebabi, sahypanyn süzgüjinde oturanlaryn tejribesine hormat goyyan. Köpçülige nahilidir bir ters tasirinin yetjegine ynanyan bolsalar, pikirimi çap etmanleri gowy.
Onsonam, Azatlygyn ya-da pikir erkinliginin ölçegi senmi? ÖZüni belki yyllaryny jurnalistika, döredijilige beren yaşulylardan has tejribeli, has köpbilmiş sayyansyn? Belki de konserwatiw garayşyny azajyk gineltmegin üstünde işlarsin?

kimden: lenin nireden: dejjalstan
16.06.2010 00:54
+0 / -0
ay turkmen aga yokordaky yagdya seredip, mesele chozjek bolup synanshsan govy bolardymyka diyyan!!, barde ozuni gorkozjek bolup bir- birin diyenini yansa alyp oturman , gitde hayirli ish etsene, gozune doneyinin turkmeni!!! mollosy kop bolsa toklysy harama chykar edipsiniza meselani , seret name diyya yokorda (Oşdaky türkmen studentleri kömege garaşýar ) bi-guna talyp benneler sizin davvanyza zar dal ay turkmen aga gitde olory oyune gelmegne komek et bir zat onoryan bolsan, bolmasada bay - garyp diyip pitchin atyp oturma bosh!!! bosh
Muňa jogap

kimden: Aman nireden: Rossiya
16.06.2010 05:31
+0 / -0
Ara "lenin" dost sen Htrowkadanmay, ay yaman dayaw gurleyanlay! Ay bratanya natdinlay, barsi Htrowka dallay!
Özüni görkezer yaly barsi razborka edilyan yer dallaray, adamlar barde dürli meseleler barada özlerinin dürli perspektiwalardan pikirlerini aydalardaray...
Menem şolaryn hatarynda öz pikirimi aydyan daray, ara wasyok, men mesele çözemokdaray, meselani goy degişli yolbaşçylar, mesele çözmage ygtyyary bolan adamlar çözsün daray. Ay obşem şonnaly daray.
Bar goterilsanay, nokgy-nokgy eden bolup...
Muňa jogap

kimden: Lenin nireden: Dejjalstan
16.06.2010 18:53
+0 / -0
aman kachok okap bilyanmi bu zozler yokorda bar yone sen diyyan pikr alyshmalaryny goremok-
(ol samsyk,
. ol şyltakçy ,gybatkeş), pikrmi edilyar yada urush gidya?(
dogrı gürle eşek)
sende adamchylyk diyen zadam yok eken disem gaharyn gelmez yalak al ine-
(kimden: Aman nireden: Rossiya, Şu eşekli galtamanlaryn öz hörpünden gopmasang, eger bir gün diyşin yaly, döwleti dolandyrmak başyma düşse, çopan tayakly galtamanlaryn başyna ala yabylynyn gününi salardym)
ine barde bolsa deyyuslyk edyan yalan sozleyan-
(Na koruniz bar diysene Gyrgyzystanda. Köpüsi hem pula-para yatan, korrumpirlenen gyrgyz uniwersitetlerinden diplom satyn alyp, yenil yoldan yokary bilimli bolmagyn yşgyna düşenler, (yokary bilim name işlesin boş töngelerde, dine yokary bilimli adyny almak),,,
Köpüsi hem yakasy gayyşly merkezi we yerli çinowniklerin çagalary., Merkezde döwleti, obada oba halkynyn jübüsine talan salyp yörenlerin balalary,. Yenil yoldan diplomly bolup, Tm-a dolananlarynda hem güyçli tanyşlarynyn üsti bilen döwletin yaglyja kürsülerini eyelemegi maksat edinenler.)
yene senin yakymsyz bosh , myrtar yalan sozlerindenden-
(Kakalarynyn haramlykdan-paradan yygnan ogurlyk pullaryny düwünçege düwüp, ogryn-dogryn gaçyp gidenlerinde, öz başlaryny özleri çarajak yalydylar hamana,,. Bu gün döwlet olaryn aladasyny etmelimiş. Birgiden... Ay bolya-da,,,. Yene-de döwlet samalyot iberipdir... )
sen adamlara shyltak atma inim-
(Agzyndan ot çabyrayar welin, hakykatlar gaty agyrdyr, biryerine yapyşdy oydyan, senem şolardan biri bolmaly. ) bosh beyle zat yazyar(Tüys pankelle ekeninay!)
men hitrowkadana dal, men Dejjalstandan! senin bosh pikr edeyanligini andym, sag bol allah 3 dunyani abat etsin, pikr etmani owren ve adam bol!!!

kimden: Gurban
16.06.2010 16:04
+0 / -0
Men pikirimce-de su yere yazylan teswirlerin icindaki edepsiz we beylekilerin adyny asaga cekyan sozlerin yerine kop nokat goyulsun. Sebabi watandaslarymyz kawagt duygularyna eye bolup bilmeyarler ya-da namartlyk edip edepli soz bilen yenip bilmani edepsizlige yuz tutyarlar. Belki-de ozune jogap yazdyrjak bolup edyan isidir. Name bolsa-da ony yazyanlaryn psihologiyasyna dusunse bolyar. Seyle sozler kop yazylsa teswirlerin manysy gacyar. Men pikirimce bu sayt erkin oylanyp bilyan we watansoyer, adalatly turkmen dowletini gurmak sileyan yaslaryn sayty. Birbirini edepsiz sozler bilen ocurjek bolyanlaryn jyr sayty dal!!! Yalnysyan bolsam admin sen ayt?!
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
16.06.2010 22:15
+0 / -0
Dogry aydyan ! Hatda , ADMIN başga birine (lakamy hem bolsa ) yönkelip yazylan awyly , edepsiz sözleri çap etmesin. Yogsam dawa-jenjel ula yazyar , asyl tema yatdan çykyp gidyar.
Şeyle zatlaryn bolmazlygy üçin , adminden edepsiz sözleri çap etmezligini hem-de dawa-jenjelin önüni almagyny hayyş edyan !
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
17.06.2010 00:39
+0 / -0
Gadyrly okyjylar we teswirleýjiler!

Özgerdilen forum düzgünlerimizi okamagyňyzy haýyş edýäris.

Biziň forumymyza we çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza garaşýarys, şeyle hem aşakdaky birnäçe kadalara uýmagyňyzy soraýarys:

1. Biz pikirleriňizi çäklendirmegi göz öňüne tutmaýarys, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, gorkuzyjy, aýrymçylykly we ýigrenç döredýän gürrüňleri hem-de bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär we şeýle ýazgylar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulup biliner.

2. Makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlere ýol berilmeýär.

3. Eger-de ýazylan teswiriň prowakasion hasiýete eýedigi güman edilse, onda ýazgynyň çap edilmegine rugsat berilmez.

4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmaýan web sahypalaryna ugrukdyrýan internet çelgileri (link) çap edilmeýär.

5. Teswirler we diskussiýalar kommersiýa maksatly ulanyp bilinmez.

6. Nämälim ýagdaýda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallar forumda ýer alyp bilmez.

RFERL-niň işgärleri ýa-da ýörite bellenilen wekilleri forumda çap edilmek islenilýän ýazgylary çap etmezden ozal makullaýarlar.

http://www.azathabar.org/info/forum_rules/349.html

Hormat bilen,
Redaktor

kimden: turkmen nireden: turkmenistan
16.06.2010 17:03
+0 / -0
aman we galtaman dogry yazypdyrlar. brawo.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil