Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SSSR-iň dargamagy halkyň ýagdaýyna nähili täsir etdi?


Professor Fridman türkmen halky garaşsyzlygyň hözürini doly görer ýaly, ýurtda reformalara başlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
Professor Fridman türkmen halky garaşsyzlygyň hözürini doly görer ýaly, ýurtda reformalara başlamagyň zerurdygyny nygtaýar.

20 ýyl mundan ozal dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň biri hasaplanan SSSR dargap, Türkmenistan ýaly ýurtlar gandöküşiksiz, syýasy garaşsyzlygyna eýe boldular. Orsýetiň ”Profi-forex” internet saýty “SSSR-iň dargamagy haýsy ýurtlara amatly boldy?” diýen mesele boýunça ýörite hasabat ýaýratdy. Şol hasabatda SSSR-iň dargamagy ykdysady taýdan amatly bolan ýurtlaryň dörtlügine Türkmenistan hem girýär. Ykdysady görkezjileriň ýökary bolmagy halkyň hal-ýagdaýynyň hem gowulanmagyny aňladyp bilermi?


Orsýetde ýerleşýän “Master Forex” akademiýasynyň bilermenleriniň taýýarlan hasabatynda bellenmegine görä, garaşsyzlyk ýyllarynda adam başyna düşýän jemi öndürilýän önümi ýokarlandyrmak boýunça 4 ýurt – nebite we gaza baý Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan hem-de demokratik ösüşe daýanyp, ykdysady ösüşi gazanyp bilen Estoniýa öňe saýlanypdyrlar.

Demografik ösüşi, ýagny ilatyň sany boýunça hem Türkmenistan öz goňşusy Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan bilen bir hatarda öňdebaryjy dörtlüge girýär.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew SSSR dargandan soň, Türkmenistanyň syýasy garaşsyzlyk bilen bir hatarda ykdysady garaşsyzlygyna hem eýe bolandygyny aýmaga hemme esaslaryň bardygyny nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende halkyň hal-ýagdaýy hem gowulanypdyr.

Emma Bugaýew 1990-njy ýyllar bilen deňeşdirilende Türkmenistanda ilata ýokary bilimiň, medisina hyzmatlarynyň elýeterli bolmak meselesiniň pese gaçandygyny aradan aýyrmaýar. Sowet döwründe orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlaryň 35-40%-de ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiligi bolan bolsa, häzir ýaşlaryň diňe 5-6%-i şeýle mümkinçilige eýe.

Şol bir wagtda-da “Profi-forex” internet saýtynda çap edilen hasabatda demokratiýanyň ösüşi bilen bagly hemme kriteriýalara laýyk gelýän ýurtlaryň hataryna Türkmenistan goşulmady.

Pragada ýerleşýän Karlow Uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Slawomir Horak Merkezi Aziýa regionynda, şol sanda Türkmenistanda-da, ykdysady ösüş boýunça berilýän sanlara garamazdan, ilatyň ykdysady we sosial ýagdaýynyň 20 ýyl mundan öňki şertler bilen deňeşdirilende ýaramazlaşandygyny belleýär. Ol muňa şol ýurtlarda ilatyň garyp we baý gatlagynyň arasyndaky sosial aratapawudyň artmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Şu ýylyň iýul aýynda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (EBRD) öz işleşýän regiony boýunça çap eden hasabatynda geçiş ykdysadyýetli jemi 29 ýurdy öz içine alýan region boýunça iň uly ösüşe şu ýyl Türkmenistandan we Mongoliýadan garaşylýar. Hasabatda Türkmenistanyň umumy içerki önümçilik derejesi şu ýyl 10% öser diýlip, çak edilýär.

Emma Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika institutynyň Merkezi Aziýa hem Kawkaz bölüminiň başlygy, professor Leonid Fridman 2010-njy ýylda Türkmenistanda adam başyna düşýän jemi öndürilen önümiň möçberiniň 7,600 dollara barabar bolandygyny aýdyp, deňeşdirmek üçin Liwiýadaky ýagdaýy mysal hökmünde getirýär. Ol Liwiýada jemi öndürilýän önümiň adam başyna düşýän möçberiniň 16 müň dollara golaýdygyny, bu sanyň Türkmenistandakydan takmynan iki esse ýokarydygyny belleýär.

Şol bir wagtda-da, halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna görä, Liwiýada ilatyň üçden bir bölegi garyplygyň kesgitlenen çaginden aşakda ýaşaýar. 2004-nji ýyl boýunça berlen maglumatlarda Türkmenistanda hem ilatyň 30%-niň garyplygyň kesgitlenen çaginden aşakda bolandygy aýdylýar. Emma bu ugurdaky häzirki görkezijiler barada maglumatlar elýeterli däl.

Fridman sowet giňişligine giren beýleki ýurtlara garanda, Türkmenistanda tebigy baýlygyň köp bolmagynyň ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda has aýgytly hereket etmäge mümkinçilik döredýändigini aýdýar. Emma ol munuň üçin häkimiýet başyndakylaryň syýasy erk-isleginiň zerurdygyny aýdýar we muňa olaryň hem gowy düşünýändiklerini belleýär.

Professor Fridman türkmen halky garaşsyzlygyň hözürini doly görer ýaly, ýurtda reformalara başlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Ol, ilatyň ýagdaýyna ykdysady ösüş täsir etse-de, ýurduň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanylmasa, Liwiýadaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ýüze çykmajagynа hiç kim kepil geçip bilmez diýen pikirde.
XS
SM
MD
LG