Penşenbe, Fewral 23, 2012 Aşgabat wagty 04:28

Syýasat

Žurnalist D. Ýazgulyýewe 5 ýyl iş kesildi

Döwletmyrat Ýazgulyýew
Tekstiň ululygy - +

Türkmen žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bendi boýunça 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol madda görä, “adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüňi öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüňi öldürmek kastyna düşürene, bäş  ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär”.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan 43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda tussag edilipdi. Žurnalist Ýazgulyýewiň maşgala agzalary onuň toslap tapylan aýyplamadygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň žurnalistik işleri sebäpli şeýle basyşlara sezewar edilýänligine ynanýar.
   
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tussag edilmegine düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramalar tarapyndan berk reaksiýa bildirilýär. Şeýle toparlardan biri hem “Azatlyk Öýi” guramasydyr. Guramanyň ýolbaşçylaryndan Kristofer Wolker bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda islendik žurnalistiň öz žurnalistik wezipesi we işleri boýunça tussag edilmeginiň kabul ederlikli ýagdaý däldigini nygtady.

“Hiç bir žurnalist öz wezipesine girýän işi edenligi üçin tussag edilmeli däl. “Azatlyk Öýi” guramasy şeýle hereketiň derhal durzulmagyny we agzalýan žurnalistiň boşadylmagyny talap edýär diýip, “Azatlyk Öýi”  guramasynyň ýolbaşçylaryndan Kristofer Wolker Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol Türkmenistanda žurnalistlere edilýän şeýle basyşlaryň täzelik däldigini, emma onuň soňky döwürlerde hasam möwjeýänligini belleýär.

“Türkmenistanda gaty alada galar ýaly ýagdaý döräp barýar. Hökümet, öňdenem juda kyn şertlerde iş alyp barýan we ýurtda bolup geçýän wakalary habar berýän, diňe öz žurnalistik işi bilen meşgul žurnalistleri we öz garaýyşlaryny beýan edýän raýatlaryň işini duruzmak boýunça tagallalaryny barha artdyrýar” diýip, Wolker aýdýar. “Bu Türkmenistanda repressiw ýagdaýlaryň dowam edýänliginiň ýene bir yşaratydyr”.

Ol şeýle ýagdaýlaryň Türkmenistanda häzirki hökümet häkimiýet başyna geçenden soň, birneme ösüş boldy diýilýän pikirleri puja çykarýanlygyny belleýär. “Eger “Azatlyk Öýi” guramasynyň soňky ýyllardaky hasabatlaryna seretseňiz,  metbugat, söz we syýasy azatlyklar kategoriýasynda bu ýurtda hiç hili ösüşiň bolmanlygyna göz ýetirersiňiz. Bu Türkmenistanda ýagdaýyň henizem üýtgemänliginiň alamaty” diýip, Wolker aýdýar.

“Bu waka bizi örän alada goýdy we sarsdyrdy” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar. “Ýazgulyýewiň ykbaly kanunçylyk prosesiniň ähli proseduralary bozulyp, bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde çözüldi... Islendik ýagdaýda-da, suduň sudýalary bu ýasama sud prosesinde, gynansak-da, Türkmenistanda ugruna goýberilen eden-etdilikleriň dowam edýändigini ýene nobatdaky gezek subut etdiler. Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak barada berýän wadalaryna gapma-garşy gelýän bir waka hökmünde alamatlandy, ol bu wadalary dek düýn hem gaýtalady”.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň suduň kararyny şikaýat etmegi üçin 10 gün möhleti bar. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy degişli sudy bu hökümi ýatyrmaga we žurnalisti azat etmäge çagyrýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Myrat nireden: Toronto
06.10.2011 00:50
+0 / -0
Zakonam tapyalaray her durli. Kim oz ozuni oldurdika? In glavni jurnalist oni oldurmese bolyada.
Muňa jogap

kimden: =) nireden: YUAR
06.10.2011 01:37
+0 / -0
Doly dushunmedin dost zakony! "adama haýbat atmak, töhmet atmak" ine shu "jenayat" uchin basdylar bu azat adamy!! Ay dowur sheyle natjekda!!!
Muňa jogap

kimden: Rahman nireden: Canada
06.10.2011 03:03
+0 / -0
Inim, dovyr sheyle diysek, bizin geljegimiz bolmaz!
Muňa jogap

kimden: Geljekgi Arkadag nireden: MID
07.10.2011 05:57
+0 / -0
Ay rahman, sena biza bilmedim, yone sen geljegin tochna yok.
Muňa jogap

kimden: Atsyz
09.10.2011 01:39
+0 / -0
Bir hereketin bilen ayda sozlerin bilen birinin olumine sebap bolmak jenayat hasaplanyar, kanunda hem sheyle yagday agzalyar. Chyndygyny yada yalandygyny bilemok, TURKMEN tarapy ozuninkini dogry edyan bolsa, Azatlyk tarapy hem ozuninkini dogry etjek bolyar.. Sudun gechirilishi we wakanyn doly derejede bolushy kameralar arkaly video dushurlmanligi sebapli hem hakykaty biz bilip bilmeyaris... 52 Demokratiki yurtlarda hem professional edilen ishlerde KAZYYET ACHYK WE DEMOKRATIKI USULDA GECHIRILEN YAGDAYYNDA-DA isleseler ony basmak ucin onunden planly hereket edilse basyp bolyar...

kimden: Menem biridahow
06.10.2011 03:23
+0 / -0
Arkadagyn yuregi gysyar. Araplarda bolyan "medeni careleri", oldurilyan adamlary, tutulyanlary gorup shondan ruh alyar.
Muňa jogap

kimden: men bir adam
06.10.2011 12:47
+0 / -0
sen Arkadaga haybat atyan :)
Muňa jogap

kimden: =) nireden: YUAR
06.10.2011 17:48
+0 / -0
=) dash etdinay!! Bizin geljegimiz name onda Rahman aga? bu gidishi bilen dine dowur sheyle diymek galyar!

kimden: Rahman nireden: Canada
07.10.2011 05:26
+0 / -1
YUAR-inim, yalan tohmet bilen tyrma basyanlari yazgarmalidiris! Olar halki gorki astinda yashatmaga endik edipdirler. Eger biz midama dovyr sheyle diyip yashasak, hazirki ve geljek yashlarin geljegi bolmaz. Shol sebapden hem halkin agzibirligini gazansak, ahli zadi eneris. Ishsizligem bolmaz, korrupsiyada.
"Pishigin yindamligi, samanhana chenlidir"...............