Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pyçaklanan azeri žurnalisti aradan çykdy


Azerbaýjanly ýazyjy we žurnalist Rafik Tagi
Azerbaýjanly ýazyjy we žurnalist Rafik Tagi
Azerbaýjanly ýazyjy we žurnalist Rafik Tagi paýtagt Bakuwda ençeme ýerinden pyçaklanyp, keselhana düşenden dört gün geçensoň, aradan çykdy.

Azerbaýjanyň hökümetini, Eýrany we syýasy yslamy tankytlap gelen Rafik Tagi geçen şenbe güni näbelli adamlar tarapyndan pyçaklanyp, ýaralanandan soň, çarşenbe güni keselhanada jan berdi.

Taginiň egindeşi we “Alatoran” atly žurnalyň redaktory Rasim Karaja Taginiň çarşenbe güni öýlän sagat 3 töweregi aradan çykandygyny Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna mälim etdi.

Tagi dört sagada çeken operasiýany başdan geçirip, onuň dalagy kesilip aýrylypdy.

Ölmeginiň öň ýany

Ýazyjy Rafik Tagi bilen soňky söhbet
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00
Wideo: Rafig Tagi ölmezinden bir sagat öň...

Ölmezinden bir sagat öň Rafig Tagi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz saglygynyň gowulaşyp başlandygyny aýdypdy. Ol: “Meniň ýagdaýym agyr we kadaly. Agyr we kadaly, ýöne bu beterleşmeýär” diýip, gürrüň beripdi.

Taginiň saglygyna sereden lukmanlaryň biri Nizameddin Asgarow Taginiň demigip ölen bolmagynyň mümkindigini aýtdy: “Onuň ýagdaýy durnuklydy. Ol özüniň ögemesi sebäpli demigip öldi. Ol ögände, suwuklygyň onuň dem alyş ýollaryny böwetlän bolmagy ahmal. Biz mundan başga onuň ölüminiň sebäbini göremzok”.

Asgarowyň sözlerine görä, olar Taginiň ýagdaýyny barlanlarynda, jan bermeziniň 10 minut öň ýanynda-da onuň ýagdaýy kadaly ekeni.

Mundan öňinçä, Taginiň käbir egindeşleri onuň bolýan keselhanasynda hökümetiň howpsuzlygy ýeterlik derejede üpjün etmänliginden nägile bolupdylar. Ýöne Tagi özüne hiç hili howpuň abanmaýandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdypdy.

Tagi şenbe güni giçlik öýüniň golaýynda iki sany näbelli hüjümçi tarapyndan ýedi ýerinden pyçaklanypdy.

Mümkin bolan sebäbler

Tagi bu hüjüme özüniň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň websaýtynda çap edilen “Eýran we gutulgysyz Globalizasiýa” atly makalasynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdypdy. Bu makalada ol Eýranyň hökümetini berk tankytlap, Tähranyň Azerbaýjana edýän haýbatlaryny paş edipdi.

Rafik Tagi 2007-nji ýylda Bakuwyň sudy tarapyndan öz 2006-njy ýylda çap bolan makalasy üçin, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol şol makalasynda yslam gymmatlyklaryny tankytlapdy. 2007-nji ýylyň soňunda ol prezidentiň yglan eden günä geçişligine düşüp, azatlyga çykypdy.

Bu makalasy üçin eýranly ruhany, ýokary derejeli aýatolla Fazel Lankarani Taga garşy “Fetwa” yglan edip, ony öldürmäge çagyryş edipdi.

Sişenbe güni Eýranyň Bakuwdaky ilçihanasy Taga edilen hüjüme Tähranyň hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Azerbaýjanyň resmi häkimiýetleri Tagä edilen hüjüm bilen baglylykda jenaýat işini açdylar.
XS
SM
MD
LG