Anna, Oktýabr 31, 2014 Aşgabat wagty 10:24

Türkmenistan

Aşgabatly zenan: 'Nyýazow etrap häkimligi arzymy diňlemeýär'

Aşgabatly zenan öz şikaýatyny Nyýazow etrap häkimliginiň işgärleriniň diňlemeýändigini aýdýar.
Aşgabatly zenan öz şikaýatyny Nyýazow etrap häkimliginiň işgärleriniň diňlemeýändigini aýdýar.

Multimedia

Audio
  • Aşgabatly zenan: 'Nyýazow etrap häkimligi arzymy diňlemeýär'

Aşgabatda ýaşaýan 26 ýaşly zenan Arzuw ýakynda Azatlyk Radiosyna jaň edip, ýerli häkimiýetler bilen öz arasynda bolan waka barada gürrüň berdi.

Ol zenan öz ýaşaýan jaýlarynyň birinji gatynda bikanun jaýlary gurýandyklaryny, ol ýerde bidüzgünçilikleriň bolýandygyny, emma öz şikaýatyny häkimiýetleriň diňlemeýändigini aýdýar.
 
Azatlyk Radiosy: Arzuw, Azatlyk Radiosyna jaň etmäge sizi nähili meseleler, nähili ýagdaý mejbur etdi?

Arzuw: Aşgabat şäher häkimligine bardym, onuň agzynda goýmadylar meni. Hat ýazmamyň, arza ýazmamyň, şeýdip jan etmämiň sebäbi doňaklyk bolup, turbalarymyzyň doňanlygy sebäpli, suwumyzyň bolmanlygy sebäpli, goňşularymyzdan bir hepde suw daşanymyza öý uprawleniýesi üns berenok. Häkimlikler üns berenoklar. Häkimlige ýazan arzaň baranok, barsaňam: “Seni suda bereris, seni häzir organ işgärlerine basdyrarys, bu işler bilen işiň bolmagyna nä hakyň bar? Bu biziň hakymyz. Sen ýaş, ýaňy bir 26 ýaşapsyň, şu taýdan git, gitmeseň, organ işgärlerini çagyryp, basdyraryn” diýip, meniň hukugymy peseldendigi üçin, arza-şikaýatymy diňlemäni üçin ýüz tutdum-da, Azatlyk Radiosyna aýdaýyn şu meseläni diýip.

Azatlyk Radiosy: Siziň häkimlige baryp aýtjak zadyňyz nämelerden, haýsy meselelerden ybaratdy?

Arzuw: Biziň özümiz etaž jaýlarda ýaşaýarys. Öňümizde, birinji gatynda bikanun jaýlary gurýarlar. Onuň içinde-de ýaşanoklar. Soň turbalary başga ýerden suw açyp, köçelere suw akdyrýarlar. Hapaçylyk. Öý uprawleniýesi seredenok. Birinjilik bilen häkimlige baryp aýtjak meseläm, prezidentiň aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna şol ýerde işläp, başda işe baranda şol gelin bikanun zatlara, arz-şikaýatlara seredýän bolup işläpdir. Soň ony ol düzgünden aýyrdylar-da, diňe bakjalara, mekdeplere seredýän işlere goýdular. Kim şol gapa barsa, Gülnabat Mälikgulyýewna diňleýär diýip, maňa aýtdylar. “Baryp arzyňy düşündirseň, diňleýär şol” diýdiler.

Men Gülnabat Mälikgulyýewnany görmek isleýärin diýip, sakçydan sorap durkam, aňyrdan kömekçisi bir aýal geldi-de: “Gülnabadyň adyny tutduňyz. Men şonuň kömekçisi” diýip, üstüme gygyryp başlady. “Sen nämä adyny tutýarsyň, sen häkimlige nämä geldiň, nämä üstümize topulýarsyň” diýip, töhmet atyp ugradylar. Men bärik ýuwaşlyk bilen geldim, size arz-şikaýatymy düşündirýän diýsem: “Aý,  ýör sen, aýallar guramasyna girersiň häzir, şol taýda düşündirersiň” diýip, meni bir gapa saldy: “Gir, gir, girmeseň, organ işgärlerini çagyraryn” diýip, diňe şol – gepiniň biri – organ işgärleri boldy. Menem girdim:  “Siziň adyňyzy, familiýaňyzy bilmek mümkinmi?” diýsem: “Saňa biz aýtmana ne wažno, adymyzy, familiýamyzy berer ýaly sen kim?” diýip, ýüzlendiler maňa. Men aýtdym olara: “Türkmenistanyň raýaty. Arz-şikaýatymy düşündirmäge geldim” diýdim.

“Bu düzgünler bize bagly. Sen biziň syrymyzy Mälikgulyýewna düşündirmäge geler ýaly sen kim?” diýip, gorkuzyp, agladyp başladylar. “Häzir saňa polisiýa çagyrýararys, on gije-gündiz basarys” diýdiler, menem: “Ol nähili kanun? Häzir meni idäp ugrarlar öýümdäkiler. Indäp ugrarlar, eýläk-beýläk habar ederler. Basyp-bogar ýaly siz kim? Siz näme kanuna garşy gidýärsiňiz?” diýsem, “Kanuny sen öwren. Pul çykaryp, turba guraýarlar” diýip, gülüp ugradylar iki aýal bolup üstümden.

Azatlyk Radiosy: Bikanun gurluşyklar gidýär diýdiňiz, ençeme problemalaryň gürrüňini etdiňiz. Şol problemalaryň düýp sebäbi nämede, kim oňa jogapkär siziň pikiriňizçe?

Arzuw: 5-nji öý uprawleniýesi seredenok. Bidüzgünçilik 5-nji jaý uprawleniýesinde gidýär. Çilim çekýärler, arak içýärler. Moral taýdan bozuk işlerem gidýär. Şonuň üstüne hiç kim aýlanyp bilenok. Sebäbini aýdanymyzda, Gülnabat Mälikgulyýewna, prezident etrap diýilýär häzir, şonda işleýänligi sebäpli Nyýazow prezident etrabyna hiç kim degip bilmeýär, şonuň arkasyndan gürleýärler. Gülnabat Mälikgulyýewna entek eşidenok, oňa baranogam, ondan bärdäkiler hemme işi bitirip otyrlar.

Azatlyk Radiosy: Ýaşaýan jaýyňyz bilen baglanyşykly ýene nähili meseleler bar, köp gatly jaýyň öňünde bir gatly jaý guruldy diýdiňiz. Kim gurýar ony?

Arzuw: 5-nji öý uprawleniýesi S.Nyýazow etraby bilen ikisi dil birikdirip, bikanun banýalary gurýarlar, bikanun kommersiýa dükançalary açylýar, şolaryň öňünde arak içýärler, çilim çekýärler gijelerine. Uruş gidýär şol gapdallarda. Men arza ýazyp, şu zatlardan habarly etmek islänim üçin organ işgärlerine basdyrjakdyklaryny aýtdylar. Men olardan ötünç soradym, “gaýdyp siziň ýanyňyzda görünmerin” diýdim. Şonuň üçinem Azatlyk Radiosyna jaň edip, arzymy-şikaýatymy size aýtmak isledim.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir sahypasy
    Indiki 
kimden: Yolbars nireden: Tokaydan
22.02.2012 23:11
+0 / -1
Wah demokratiya demokratiya...

kimden: Eziz nireden: Ashgabat
22.02.2012 23:18
+0 / -1
...Gaýratly gelin-gyzlarymyzam bar eken. Birentek erkegiň tapyp bilmejek gaýratyny tapyp bilipdir. ...Buýsanaýmak galýar

kimden: кимден ниреден менден nireden: абш
23.02.2012 01:02
+0 / -1
heme zada hokumet gunaker? balyk bozulsa basyndan. hokumedem seyle xeme zad yokardan baslayar. sonun ucin xeme zada biz gunaker biz sona dusunmesek so yagdayy uygetmesek. su Arzuw yaly zenanlarda yada basga birinde gaytalanar su yagday. turkmenistanyn yagdayy xemamize bagly!!!

kimden: MAMA nireden: OBA
23.02.2012 01:05
+0 / -1
Adamlar dymyşyp gorkuşyp otyrmanda şeydip çykyp arzhalyny aydyberse yurtda ozgerişlikler bolar.Yurdy gelinlerin, zenanlaryn halas etjegini aydyardylar, diymek seyle bolyarmys, adamlar gizlenişip otyrka, zenanlar öne dusup baslady, aramyzda olara ejiz goz bilen seretyanlaram bar.
Muňa jogap

kimden: Халмырат nireden: Швеция
23.02.2012 04:35
+0 / -1
"...adamlar gizlenişip otyrka, zenanlar öne dusup baslady"
Мама доган, "Эркек гарраса,горкак бор-аял гарраса, эркек бор" дийип, эшитмэнмидин? Бизинкем шол болды...

kimden: RAYAT
23.02.2012 01:05
+0 / -1
Hokman bir ulurak wezipan bolmalyda. Bolmasa "SEN KIM???" diyyaler. Wokzalam sheyle, aeroportam, yene gorem. Adamlar hacan hukuk diyen zady owrenerka.

MEN TÜRKMENISTANYŇ DOLY HUKUKLY GRAŽDANY. ŞONDAN ULY WEZIPE ÝOK KONSTITUSIÝADA. DÖWLET IŞGÄRINIŇ BORJY MENI DIŇLEMEK. (BASDYRMAK DÄL).

Haçanda adamlar şuňa düşünende şonda buýsanyp geplärin Türkmenistanyň raýatydygyma. Meni gynandyrýan zat adam hökmünde Turkmenistanda gormeyan sylagymy Brtaniyada goryan, yogsam men bu yerde gelmishek. Ilçihanamyza barsanam yuzleri awyn sapy yaly. Name gerek, name uçin geldin??? Men çorek sorap baryan yaly...uffff...yadadym shu zatlary pikir edip

kimden: Рахман nireden: Мары-Канада
23.02.2012 01:15
+0 / -1
Халкымыз ояняр юваш-юваш, тувелеме, ховри коп болсун!
Muňa jogap

kimden: Рахман nireden: Мары-Канада
23.02.2012 02:01
+0 / -1
Гошмача.................... Эдил хазир вагты гелди. юртда хокманы формада системаны тазелемели. Ана шонда косенип йорен илдешлеримиз болмаз- дийип душунйан. Ашгабатлы зенан жигимиз хем кынчылык гормез..............
Muňa jogap

kimden: Syn edyanci
23.02.2012 02:12
+1 / -0
Her kim ozun yaly pikir edyandir oydyan, arasynda dasharyk cykyp dem almaly. Sistema entek entek uytgemez, adamlaram sistemany uytgetjek bolup olup baranok, birinji adamlar uytgemeli, adamlaram nesil calyshmasa uytgemeyar. 5-10 adam liberal pikirleneni bilen sistema uytganok. Sistemany halkyn kopculik gatlagy guryar. Prezident mrezident erteki. Senem prezident bolan bolsan akylly bashly demokrat bolardyn oydemok, gurlemek ansat. Bu zatlara dushunyan 100lap syyasatcylar entek icinde sessiz otyrlar. Bu diyildigi hazirki sistemanyn gowudygyny anlatmayar. Yone hacan namanin wagtynyn geleni adamlaryn ozune bildirer, ony senem menem kesgitlap bilmeyan Kanadadaky Rossiyadaky internedin anyrsynda barsinde oturyp. Halk uytgemeli, yone hic yurtda-da halkyn mentaliteti bir gijede uytgemedi.
Muňa jogap

kimden: Ben-Shafi nireden: Москва
23.02.2012 02:49
+0 / -0
Да, однозначно политическую реформу в нашей систему надо произвести, и надо начать с головы, многие законы надо обновить и пересмотреть, многие люди молчат и даже если скажут то результата не будет, так как у граждан нету на кого нибудь опереться, как в данной ситуации. Закон в нашей стране работает на себя, пока у власти будут безграмотное люди заботящийся о себе и семьи своей, Туркмения будет жить в 18 веке, потому что выход в новою эру заграждают такие люди как Бердымухамедов и идеи покойного Ниязова. ОДНОЗНАЧНО НУЖНА РЕФОРМА И ДЕМОКРАТИЯ !
Muňa jogap

kimden: Рахман nireden: Мары Канада
23.02.2012 03:02
+0 / -1
Правильно размышляешь земляк из Москвы! Вот поэтому мы должны быть единым!
Muňa jogap

kimden: Ben-Shafi nireden: Москва
23.02.2012 05:51
+0 / -1
на некоторые вещи размышление не требуется, просто надо быть не слепым и смотреть на факты с открытыми глазами. Да во многом случае действие некоторых органов власти выходит за рамки уголовного право, запугивая они бездействуют, но мы не должны молчать не в коем случае! ben-shafi@mail.ru

kimden: Teklip nireden: Istanbul
23.02.2012 01:27
+0 / -1
Men pikirim Gulnabat Malikgulyewnany Adam hukuklary bashlygy edip goymaly eger arzalary dinleyani çyn bolsa. Hemme yurtda bar oydyan shol doljnost. Sebabi bashga birini goysan hiç kim dinlemeyar. Bolyar, prezidentin ayal dogany. Yone adamlaryn hukugyny gorap bashlasa prezident hem yok diyer oydemok, adamlar hem hoshal bolarlar. Shondan gowy çykalga yok hazir.
Muňa jogap

kimden: Халмырат nireden: Швеция
23.02.2012 07:02
+0 / -0
Cтамбуллы ватандаш! Овал башдан айдылмалы бир ажы хакыкат,эййэм бэш йыл бэри, Гурбангулы юрдун эхли байлыгыны межлисе,хокумете ве халка ынанман екеликде оз ислэн задына харчлап отыр.Мунун устесине юртда арз динлемели ве дегишли нетиже чыкармалы довлет органларынын борчларыны ве хукуларыны Гурбангулынын аял доганы Гулнабат гелине дабаралы ягдайда багыш эдилмели болса,гелин онда юрдын Адалат министрлигини,КНБ,МВД,
Прокуратураны Мэликгулы аганын контроль-эсеванчылыгына,МИД-и оглуна,Совда министрлигини егени Шамма,галан алты министрлиги бейлеки аял доганларына,велаятлары болса Гурбангулынын якын доган-гарындашына ден пайлалы. Шейдибем юрдумызы конституцион монархия оврели.
Сени ве сен ялы оз хак-хукугындан мейлетин йуз овурйэнлерин эхлисини болса, хокмурованын гапысында хызматкэр ве сакчы эдип беллэли.Хас укыплы-талантлы яранжанлар болса, айдым айдып саз чалып, танс ойнап лэле какып,арканыза хопба болуп мунен "тэзе Каддафинин" кейпини готерсинлер.
Хезиллик!
Ызы узулмейэн гуррулдили эл чарпышмалар.
Сахна япыляр...
Muňa jogap

kimden: teklibe jogap
23.02.2012 11:35
+0 / -0
Sen duşunmedunmi? "Gulnabat Malikgulyewnany Adam hukuklary başlygy edip goymaly" - diýmek, towuk ketege şagaly sakjy edip goýmak. Gulnabadyn ozi hýaki ganhor-"esgerleri" raýatlaryn onunde bowet edip goýdy. Ol raýatlardan gorkýar, olary ýigrenýar, adam hasap edenok...turkmen çinowniklaryn hemmesi şheyle :-((

kimden: sapar nireden: pocciya
23.02.2012 19:25
+0 / -1
hay masgaracylyk banya salyp vyjdanynyzy yuvdurmaly.hay vatan nira baryar ey ata vatan


kimden: Natanysh nireden: Samara
24.02.2012 19:14
+0 / -1
Ey huday, Birbirden tutup zayalaymally boldy bu ishgarleri... 1 owadan aydylan soz bar... Adamlar gush yaly ucmagy, balyk yaly yuzmegi owrendiler, yone adamlar entak adam yaly yashamagy owrenenoklar diyyarler, Masgarachylyk. In barkisi yene de bir primer, Oylan Ashgabatda Yuldyz bolanda kocheler yapylanda, nameler bolyar, shotayda yolda koche gorayan organ ishgarleri adamlar bilen ozuni nahili alyp baryarlar, oz mamasy yaly adam bolsada sylanoklara, masgarachylyk gaty kan dush geldim sheyle situasiyalara :-( Yash pokkoleniya bizin elimizde hemme zat geljekde, yurdumyzy adam etjek dine biz... Ensh Alla Huday bilyar, belki bir gun bir zat uytgar .... Allah beyikdir, ozun gora halkymy.. Bashga kime sygynjagymy bilemok indi bu samsyklykdan yana

kimden: Tanyş nireden: Samara
25.02.2012 02:47
+1 / -0
Nätanyş, Allany bir gününe goýsana. Şonça baýlyk beripdir, giň ýurtda 5 million halk. Gün, suw, toprak bar. Emma bäş sany talaňçydan gorkup, jyňk edip bilmän oturan bolsaňyz, Allah beýik bolanda-da zat edip bilmez. Haçana çenli adamlaryň günäsini Allanyň üstüne atjak? Allany bir gününe goýaly, ol bütin janly-jandara garaşyk etmeli, iňi kändir bizsizem.
Teswir sahypasy
    Indiki