Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan goşa raýatlara pasport berýär


Türkmen pasporty
Türkmen pasporty
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylara täze türkmen pasportynyň berlip başlanýandygyny habar berýär.

“Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportynyň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty resmileşdirilip başlanýar” diýip, Migrasiýa gullugynyň habarynda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde şeýle beýanat bilen çykyş edipdir: “Her bir türkmenistanly haýsy millete degişlidigine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dine garaýşyna we syýasy ygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde we bellenen möhletlerde alar.”

“Şonuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň 17-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportynyň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny resmileşdirip başlaýar” diýip, Migrasiýa gullugynyň anna güni çap eden habarynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG