Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Türkmen gazy bilen gyzyklanýarys


Türkmenistan Ukraina 2006-njy ýyla çenli ýylda 36 milliard m3 gaz eksport edýärdi.
Türkmenistan Ukraina 2006-njy ýyla çenli ýylda 36 milliard m3 gaz eksport edýärdi.

Ukraina türkmen gazynyň importynyň ýaňadandan başladylmagy bilen gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ukrainanyň prezidenti Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kiýewde geçiren gepleşikleriniň dowamynda mälim etdi.

Ukrain prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, penşenbe güni bolan duşuşygyň dowamynda prezident Petro Poroşenko türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede saklanýandygyny belleýär. Şeýle-de ol öz ýurdunyň tebigy gaz importy boýunça üpjünçiliginiň türkmen gazynyň hasabyna diwerisifikasiýalaşdyrylmagyna hem gyzyklanma bildirýändigini aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlap geçsek, Türkmenistan Ukraina 2006-njy ýyla çenli ýylda 36 milliard m3 gaz eksport edýärdi.

Penşenbe güni bolan duşuşygyň barşynda, prezident Poroşenko Ukrainanyň energiýa maşyngurluşygy boýunça uly komplekse eýedigini, şeýle-de ýurduň döwlet kärhanalarynyň Türkmenistany kompress stansiýalary we trubinalary bilen üpjün etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini hem belleýär. Ukrain lideri türkmen sermaýaçylaryny hem öz ýurduna çagyrdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Türkmenistan üçin ynamdar hyzmatdaş bolup durýandygyny nygtap, Aşgabadyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýandygyny aýdýar.

Raşid Meredow gepleşikleriň dowamynda ukrain kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky, şol sanda nebit-gaz ulgamyndaky oňaýly tejriblerini hem agzap geçipdir.

Ukrain prezidentiniň metbugat gullugy iki ýurduň arasyndaky howa gatnawyny täzeden ýola goýmak we gumanitar pudakdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek baradaky meselelere-de garalandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň baş diplomatynyň Kiýewe eden resmi saparynyň dowamynda anyk haýsydyr bir dokumentlere gol çekilendigi barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda döwletara diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG