Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylara ýurtda galmak maslahat berilýär


Türkmen ýaşlary.
Türkmen ýaşlary.

2-nji dekabrda Türkmenabadyň orta mekdeplerinde uly klaslaryň okuwçylary bilen howpsuzlyk işgärleri we welaýat müftüliginiň wekilleri ýygnak geçirdiler. Şol ýygnaklarda esasanam tertip-düzgün hakda gürrüň edilipdir, ýygnaklaryň 2-2,5 sagat dowam edendigi aýdylýar.

Özüni Nepes diýip tanadan Türkmenabadyň 6-njy mekdebiniň 11-nji klasynyň okuwçysy hem şol ýygnaga gatnaşanlardan biri. Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda howpsuzlyk işgärleriniň ýaşlaryň arasynda jenaýatçylygyň artandygyna ünsi çekendigini aýdandygyny gürrüň berdi.

“Soňky üç-dört ýylyň içinde ýaşlaryň gatnaşmagynda jenaýatçylykly wakalaryň sany artdy, häzirki jenaýatlaryň 70% töweregi ýetginjekler tarapyndan edilýär” diýip howpsuzlyk güýçleriniň işgärleriniň aýdandygyny Nepes gürrüň berdi.

Ýygnaklaryň geçirilen ýeri

Bu ýygnaklar Türkmenabatda ýerleşýän mekdepleriň käbirlerinde geçirlipdir, we şol ýygnaklara töwerekde ýerleşýän beýleki mekdepleriň ýokary klas okuwçylary hem çagyrlypdyrlar we gatnaşdyrylypdyrlar.

Nepesiň aýtmagyna görä, şol ýygnaklarda resmiler tarapyndan getirilen mysallaryň içinde ýaşlaryň arasynda özara uruşlar, ogurlyklar we bikanun jynsy gatnaşyklar ýaly jenaýatlar we tertip bozulmalar barada durlup geçilipdir.

“Howpsuzlyk güýçleri aýratynam häzirki wagtda her bir okuwçy üçin ilkinji nobatda ene-atalaryň, galyberse-de, mekdep mugallymlarynyň jogapkärçilik çekýändigini aýtdy” diýip, şeýle ýygnaklaryň birine gatnaşan beýleki bir okuwçy Aşyr gürrüň berýär.

Daşary ýurtlara giden talyplar

39 njy mekdebiň özüni Aşyr diýip tanadan 11-nji klas okuwçysy, bu ýygnakda daşary ýurtlarda okaýan ýaşlaryň mysalynda ençeme oňaýsyz ýagdaýlara hem ünsüň çekilendigini, okuwçylara ýokary okuwlaryny ýurduň içinde dowam etdirmegiň maslahat berlendigini aýtdy.

Howpsuzlyk edaralarynyň wekilleri tarapyndan getirilen mysallarda aýratynam daşary ýurtlara giden ýaşlaryň käbirleriniň her hili jenaýatlara baş goşýandygyny we her görnüşdäki jenaýatçylaryň pidasy bolýandygy barada hem gürrüň edilipdir.

Aşyr aýratynam howpsuzlyk işgärleriniň getiren mysallarynda daşary ýurtlara giden talyplaryň käbirleriniň ölüm-ýitimli wakalaryň, jynsy zorluklaryň we adam ogurlamalaryň pidasy bolýandyklaryny aýdandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Okuwçy gyzlar

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan okuwçylaryň aýtmagyna görä, howpsuzluk güýçleri bilen talyplaryň arasynda geçirilen ýygnaklarda esasanam okuwçy gyzlar barada gürrüň edilip, olardan daşary ýurda okamaga gidenleriň käbirleriniň ýaman ýola baş goşandygyna hem üns çekilipdir.

“Hususan-da, ýaş gyzlaryň aldawa düşýändigini, bikanun jynsy gatnaşyklara girip, kyn ýagdaýa düşýändiklerini aýtdylar we şeýle ýagdaýlardan ýaş gyzlaryň ägä bolmalydygyny duýdurdylar” diýip Aşyr ýygnakda aýdylanlara esaslanyp, bu hakda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýurduň içindäki ýaşlar

Ýygnakda diňe daşary ýurtlara okamaga gidýän okuwçylaryň ýagdaýy hakda aýtmak bilen çäklenilmän, eýse ýurduň öz içindäki ýaşlaryň ýagdaýyna hem üns berlipdir.

“Polisiýa edarasynda tertip-düzgün bilen baglanyşykly ýagdaý boýunça hasaba alnan ýaş gyzlaryň aglabasy ene-atasy daşary ýurtlarda işläp ýören maşgalalardan ybarat, çagalaryň ene-atalaryndan üzňe galmagy bilen baglanyşykly döreýän problemalar ula ýazyp barýar” diýip, howpsuzlyk güýçleriniň wekiliniň aýdandygyny Türkmenabadyň 39-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aşyr gürrüň berdi.

Bu ýygnaklaryň geçirilmegine takyk nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat ýok, emma adynyň agzalmazlygyny soran bir polisiýa işgäri bu çäreleriň ündewden, nesihatdan ybaratdygyny aýtdy. Howpsuzlyk işgärleriniň mekdep ýaşlary bilen ýygnaklary soňky wagtlarda ýygy-ýygydan geçirilýär.

XS
SM
MD
LG