Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar Siriýa geçjek bolanda tutuldy


"Yslam döwleti" toparynyň söweşijileri.
"Yslam döwleti" toparynyň söweşijileri.

Türk armiýasynyň maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň dowamynda Türkiýeden Siriýa geçmäge synanyşan 909 adam tutuldy. Olaryň Siriýade hereket edýän jeňçi toparlara goşulmak üçin serhetden geçmäge taýynlanandyklary çaklanylýar.

Türkiýäniň “Radikal” atly gazetiniň 9-njy dekabrda çap eden maglumatyna görä, tutulanlaryň aglabasy hytaýly bolup, serhetde ela salnan adamlaryň sany boýunça Türkmenistan orsýetlilerden we palestinalylardan soň dördünji orunda durýar.

Habarda aýdylyşyna görä, 2015-nji ýylda Siriýa geçmäge synanyşanda türk esgerleri tarapyndan tussag edilen hytaýlylaryň sany 324, orsýetlileriň sany 98, palestinalylaryňky 81 we türkmenistanlylaryň sany hem 63 adama deňdir.

Wideo: Siriýada tutulan türkmenistanly söweşiji

Türkmenistanly diýilýän söweşiji Siriýada
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Türkmenistanyň habar serişdelerinde bu barada, hatda, umuman, Siriýada dowam edýän dartgynlylyk barada-da hiç hili maglumat berilmeýär. Üssesine-de, Türkmen ýolbaşçylary jeňçiler hakda halkara metbugatynda peýda bolýan habarlary ne inkar edýärler, ne-de tassyklaýarlar.

“Radikal” gazetinde çap edilen habarda Siriýa geçmäge synanyşyp, mundan öňki ýyllarda tussag edilen adamlaryň sany hakda maglumat berilmändir. Edil häzirki wagtda Siriýede söweşlere gatnaşýan türkmenistanlylaryň sany hakda-da takyk maglumat ýok.

Emma beýleki käbir çeşmelerde Siriýada dürli toparlaryň hatarynda söweşýän türkmenistanly söweşijileriň sanynyň birnäçe ýüze ýetýändigi aýdylýar.

Halkara krizis toparynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Deyrde Tynan, öz twitter hasabynda günbatar çeşmelerine salgylanyp ýaýradan maglumatynda, Siriýadaky türkmenistanly söweşijileriň sanynyň 500 çemesidigini mälim edýär.

Ol Siriýadaky çeşmeleriň bu sanyň 360 adam çemesidigini aýdýandygyny habar berýär.

Mundan ozal, Siriýada söweşlere gatnaşýan türkmenistanlylar barada rus hem hytaý mediasynda-da dürli maglumatlar peýda bolupdy. Geçen ýyl agzalýan ýurtlaryň käbir telekanallarynda görkezilen wideoýazgylarda Siriýada söweşe gatnaşyp, tussag edilen türkmenistanlylar barada gürrüň edilýär.

Şol ýazgylaryň birinde, Türkmenistandan Siriýa söweşmäge baryp, hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen we özüni Röwşen diýip tanadan bir türkmenistanly görkezilýär. Wideoýazgyda ol Siriýa jyhada gatnaşmak üçin gelendigini aýdýar.

Türk armiýasynyň 9-njy dekabrda ýaýradan maglumatyna gaýdyp gelsek, 2015-nji ýylda Siriýa geçmäge synanyşyp, serhetde tussag edilen söweşijileriň arasynda Owganystanyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň we Täjigistanyň raýatlarynyň bolandygy habar berildi.

Jeňçiler Siriýanyň prezidenti Başar-al-Asaada garşy söweşýärler. Siriýanyň hökümetini Orsýet we Eýran goldaýar, günbatar ýurtlary bolsa Siriýada söweşijilere garşy harby operasiýalary geçirýärler we prezident Assadyň öz prezidentlik wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG