Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Yrakdaky atyşykda iki sany kürt ofiseri öldi


Duşenbe güni Yragyň Kirkuk şäherinde ýurduň hökümet güýçleri bilen ýerli kürt harbylarynyň arasynda ýüze çykan atyşykda iki sany kürt ofiseriniň ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu regionyň polisiýa edarasynyň başlygy general-maýor Jamal Taher Bakr bu waka bilen baglanyşykly dört sany yrak esgeriniň tussag edilendigini habar berdi.

Ol häzirki wagt bu ýaragly çaknyşygyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG