Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl heläkçiliginiň pidalary ýatlanylýar


Şu gün Ukrainada, Orsýetde hem Belarusda Çernobyl Atom elektrik stansiýasyndaky heläkçiligiň 25-nji ýyl dönümi bellenýär. Bu waka atom energetika pudagynda ýüze çykan iň agyr heläkçilik hasaplanýar.

Şu gün Çernobylda Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleri Dmitriý Medwedew bilen Wiktor Ýanukowiç geljekde guruljak ýadygärligiň ilkinji daşyny goýdular we Ybadathana bardylar.

Heläkçilik 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde, gije, 4-nji energo blokda ýüze çykypdy.

Şunuň bilen baglanyşykly hatyra çäreleri Ukrainanyň, Orsýetiň we Belarusyň ençeme şäherlerinde geçirilýär.

Halkara “Grinpis” toparynyň ýadro eksperti T. Muenç Meýer şeýle diýdi: “Dogry 25 ýyl mundan ozal şu ýerde Çernobyl heläkçiligi başlanypdy. Mundan 6 hepde öň biz Ýaponiýanyň atom elektrik stansiýasyndaky heläkçiligi gördük. Biz ýene nämä garaşýarys? Biz haýal etmezden, alternatiw energiýa geçmelidiris”.

Moskwada “RosAtom” edarasynyň öňünde Çernobyl heläkçiliginiň pidalaryna bagyşlanan miting geçirildi. Ol çäre “Ýabloko” partiýasy tarapyndan gurnaldy. Oňa Belarusyň tebigaty goraýjylary-da gatnaşdylar.

Woronežde bolan mitingde “NowoWoronežiň” atom elektrik stansiýasynyň işini saklamak barada çagyryş edildi. Ol AES bellenilen möhletinden artyk ulanylýar.
XS
SM
MD
LG